Esasy materiala geçiň

Ylham 13-nji bapda agzalýan ýedi kelleli wagşy haýwan nämäni aňladýar?

Ylham 13-nji bapda agzalýan ýedi kelleli wagşy haýwan nämäni aňladýar?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Ylham 13:1-de agzalýan ýedi kelleli wagşy haýwan dünýädäki syýasy guramalary aňladýar.

  •   Oňa ygtyýaryň, güýjüň we tagtyň berilmegi syýasy guramalar bilen baglanyşyklydygyny görkezýär (Ylham 13:2).

  •   Ol «her taýpadan, halkdan, dilden we milletden bolan adamlaryň üstünden höküm sürýär». Şol sebäpli ol belli bir milletiň hökümetinden has beýik (Ylham 13:7).

  •   Onda Danyýar 7:2—8-däki pygamberlikde aýdylýan dört jandaryň synasy bar: onuň özi alajagaplaňa, aýaklary aýyňka, agzy ýolbarsyňka meňzeýär we on şahy bar. Danyýeliň pygamberligindäki jandarlar belli bir patyşalyklaryň ýa-da syýasy hökümetleriň imperiýalaryň üstünden yzly-yzyna höküm sürjekdigini görkezýär (Danyýar 7:17, 23). Şol sebäpli Ylham kitabynyň 13-nji babynda agzalýan wagşy haýwan syýasy guramalary aňladýar.

  •   Wagşy haýwan «deňizden», ýagny ynsan hökümetleriniň gözbaşy bolan güýçli tolkun ýaly uwlaşýan milletlerden gelip çykar (Ylham 13:1; Işaýa 17:12, 13).

  •   Mukaddes Kitapda wagşy haýwana berlen 666 diýen sanyň ýa-da adyň «ynsan sanydygy» aýdylýar (Ylham 13:17, 18). Bu jümle Ylham kitabynyň 13-nji babynda agzalýan wagşy haýwanyň ruh ýa-da jyn däl-de, ynsandygyny görkezýär.

 Köp zatlarda milletleriň pikiri deň gelmese-de, olar Hudaýyň Patyşalygyna boýun bolmagyň deregine, öz hökümetini goramak üçin birleşýär (Zebur 2:2). Şeýle-de olar Armageddonda Isa Mesihiň ýolbaşçylygyndaky Hudaýyň goşuny bilen söweşmek üçin güýjüni birleşdirer. Emma bu söweşde olaryň ählisi ýok ediler (Ylham 16:14, 16; 19:19, 20).

«On şahly, ýedi kelleli»

 Mukaddes Kitapda sanlar göçme manyda ulanylýar. Meselem, onluk we ýedilik dolulygy aňladýar. Ylham kitabynyň 13-nji babynda agzalýan «on şahly, ýedi kelleli» wagşy haýwanyň näme aňladýandygyna düşünmäge, Ylham kitabynyň soňky baplarynda agzalýan ýedi kelleli we on şahly gyrmyzy reňkli «wagşy haýwanyň şekili» barada bilmek kömek edýär (Ylham 13:1, 14, 15; 17:3). Mukaddes Kitapda bu ýedi kelleli gyrmyzy reňkli wagşy haýwanyň «ýedi patyşany» ýa-da hökümetleri aňladýandygy aýdylýar (Ylham 17:9, 10).

 Ylham 13:1-de aýdylýan wagşy haýwanyň ýedi kellesi ýedi hökümeti aňladýar. Bütin taryhyň dowamynda Hudaýyň halkyny ezip hem-de olara horluk çekdirmekde syýasy güýçler esasy rol oýnaýar. Oňa Müsür, Aşur şalygy, Wawilon, Midiýa-Pars patyşalygy, Gresiýa, Rim we Iňlis-Amerikan şalygy degişli. On şahyň uly we kiçi hökümdarlyklary aňladýandygyny göz öňünde tutup, şeýle netijä gelse bolar: her şahyň üstündäki täç her hökümdarlygyň öz döwründe syýasy güýçleri bilen birlikde höküm sürýändigini görkezýär.