Işaýa 17:1—14

  • Damasga çykarylan höküm (1—11)

  • Ýehowa halklara käýeýär (12—14)

17  Damasga çykarylan höküm+: «Damask şäheri ýok ediler,Ol harabaçylyga öwrüler+.   Aroger şäherleri+ boşap galar,Ol ýerde sürüler ýatar,Olary gorkuzan bolmaz.   Efraýymyň galalary ýer bilen ýegsan ediler+,Damask patyşalygy ýumrular+.Siriýanyň aman galanlarynyň şöhraty,Ysraýyl ogullarynyň şöhraty kimin zym⁠-⁠zyýat bolar».Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.   «Şol gün Ýakup abraýdan gaçar,Daýaw göwresi çöpe döner.   Ýakup nesli az sanly bolar.Olar Refaýim düzlüginde+ bugdaý hasyly orlansoň,Çöplenen hoşa kimin bolar.   Zeýtun agajynyň miwesi kakylansoň,Ýokarky şahalarda iki⁠-⁠üç sany bişen zeýtunyň galyşy deý,Bol hasyl getirýän şahalardaDört⁠-⁠bäş zeýtunyň tapylyşy deý, Olaryň az sanlysy aman galar»+.Muny Ysraýylyň Hudaýy Ýehowa aýdýar.  Şol gün ynsan Ýaradyjysyna, Ysraýylyň Mukaddes Hudaýyna nazaryny diker.  Ol elleri bilen guran+ gurbanlyk ojaklaryna*+ seretmez, barmaklary bilen ýasan keramatly pürslerine* we tütetgi ojaklaryna* bakmaz.   Şol gün galalar tokaýda boşap galan oba kimin bolar+,Ysraýyllar sebäpli taşlanyp gidilen şaha meňzär.Galalar tutuşlygyna harabaçylyga öwrüler. 10  Sen halasgär Hudaýyňy unutdyň+,Galaňy, Arkadagyňy ýatlamadyň+. Gaýtam sen bag⁠-⁠bakjalary ekmek bilen,Kesekiniň* nahallaryny oturtmak bilen başagaý bolduň. 11  Gündiz bagyň daşyna haýat aýladyň,Tohumyňy gögertmek üçin,Ir⁠-⁠ertirden aşagyny ýumşatdyň,Emma keselläp, azap çeken günüň hasylyň zaýa bolar+. 12  Ine, halklaryň galmagaly eşidilýär!Olar deňiz kimin güwleýär. Milletleriň gohy gelýär!Olar tolkunlar kimin möwç urýar. 13  Milletleriň sesi siliň sesine meňzär, Alla käýände, olar dumly⁠-⁠duşa dargarlar.Dagda sowrulýan samana,Tüweleýiň äkiden ýandagyna dönerler. 14  Gijelerine gorky basar, Daň atanda, duşman ýok bolar. Bizi talanlaryň görjegi şudur,Ogrularyň aljak paýy şudur.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: Ýat taňrynyň.