Zebur 2:1—12

  • Ýehowa we onuň saýlany

    • Ýehowa halklaryň üstünden gülýär (4)

    • Ýehowa patyşa belleýär (6)

    • Ogluny hormatlaň (12)

2  Milletler näme üçin gaharlanýar?Halklar näme üçin biderek zatlar hakda oýlanýar?+   Ýer ýüzüniň patyşalary baş galdyrýar,Hökümdarlary maslahat edip+,Ýehowa we onuň saýlanyna*+ garşy çykýar.   Olar: «Bize salnan gandaly döweliň,Ýüpüni üzüp taşlalyň!» diýýärler.   Göklerde oturan olaryň üstünden güler.Ýehowa olary ýaňsylar.   Olar bilen gazaply gepleşer,Gazap ody bilen gorkuzar.   Ol: «Mukaddes dagym Sionda+Patyşamy belledim»+ diýer.   Men Ýehowanyň permanyny yglan edeýin.Hudaý maňa şeýle diýdi: «Sen meniň oglum+,Şu gün seniň ataň boldum+.   Isleseň, milletleri miras goýaýyn,Ýer ýüzüni ygtyýaryňa bereýin+.   Olary demir hasa bilen döwersiň+,Küýze ýaly çym⁠-⁠pytrak edersiň»+. 10  Indi bolsa, eý patyşalar, akylyňyza aýlanyň!Eý ýer ýüzüniň kazylary, terbiýäni kabul ediň! 11  Ýehowadan gorkuň, oňa gulluk ediň,Çuňňur hormat goýuň, şatlanyň. 12  Ogluny hormatlaň*+, ýogsam Alla gazaplanar,Ýoluňyzda heläk bolarsyňyz+.Sebäbi Allanyň gahary tiz tutaşýandyr. Hudaýy pena edinen bagtlydyr!

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Mesihine. Sözme⁠-⁠söz: ýag guýup bellänine.
Sözme⁠-⁠söz: öpüň.