Ýahýa gelen Ylham 13:1—18

  • Deňizden çykan ýedi kelleli wagşy haýwan (1—10)

  • Ýerden çykan iki şahly wagşy haýwan (11—13)

  • Ýedi kelleli wagşy haýwanyň şekili (14, 15)

  • Wagşy haýwanyň belligi we sany (16—18)

13  Aždarha henizem deňziň kenarynda çägäniň üstünde durdy. Men deňizden+ on şahly, ýedi kelleli wagşy haýwanyň+ çykyp gelýänini gördüm. Onuň şahlarynda on täç, kellelerinde bolsa Hudaýa dil ýetirýän atlar bardy.  Gören wagşy haýwanym alajabarsa meňzeýärdi, aýaklary aýynyňky, agzy bolsa ýolbarsyňky ýalydy. Aždarha+ oňa güýç, tagt we uly ygtyýar berdi+.  Men onuň bir kellesiniň agyr ýaralanandygyny gördüm. Ýarasy agyr bolsa⁠-⁠da, ol sagaldy+ we ýer ýüzüniň ähli adamlary oňa buýsanyp, yzyna düşdüler.  Adamlar aždarha sežde etdiler, sebäbi ol wagşy haýwana ygtyýar beripdi. Olar: «Wagşy haýwana taý geljek, onuň bilen söweşip biljek barmy?» diýip, wagşy haýwana⁠-⁠da sežde etdiler.  Aždarha wagşy haýwana tekepbirlik bilen gepläp, Hudaýa dil ýetirmäge we 42 aýlap+ ygtyýarly bolmaga ýol berdi.  Şonda ol Hudaýa, onuň adyna, mekanyna we gökde ýaşaýanlara+ dil ýetirip başlady+.  Wagşy haýwana mukaddesler bilen söweşip, olary ýeňmäge rugsat berildi+. Ähli taýpalaryň, halklaryň, dilleriň we milletleriň üstünden höküm sürmäge ygtyýar hem berildi.  Ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň ählisi oňa sežde ederler. Dünýäniň başlangyjyndan bäri olaryň hiç biriniň ady gurban edilen Guzynyň+ ýaşaýyş kitabyna+ ýazylan däldir.  Goý, gulagy bar adam eşitsin!+ 10  Sürgün edilmeli adam sürgün ediler. Gylyç bilen öldüren* adamy hem gylyç bilen öldürmeli+. Şeýle ýagdaýda mukaddeslere+ çydamly bolmak+ we iman etmek gerekdir+. 11  Soňra men ýerden çykan başga bir wagşy haýwany gördüm. Onuň guzynyňky ýaly iki şahy bardy, ýöne ol aždarha ýaly gepläp başlady+. 12  Ol birinji wagşy haýwanyň+ gözüniň alnynda onuňky ýaly erk⁠-⁠ygtyýarynyň bardygyny görkezýär. Şeýle⁠-⁠de ol ýeri we onda ýaşaýanlary agyr ýaralanan, soňra sagalan birinji wagşy haýwana sežde etdirdi+. 13  Ol uly alamatlar görkezýärdi, hatda bütin adamzadyň gözüniň alnynda gökden ýere ot ýagdyrýardy. 14  Ikinji wagşy haýwan birinji wagşy haýwanyň öňünde alamatlary görkezip, ýer ýüzünde ýaşaýanlary aldaýardy. Şeýle⁠-⁠de ol ýerde ýaşaýanlara gylyç sanjylan, ýöne diri galan wagşy haýwanyň+ şekilini+ ýasamagy buýurdy. 15  Ikinji wagşy haýwana bolsa birinji wagşy haýwanyň şekiline ýaşaýyş demini bermek ygtyýary berildi. Şonda wagşy haýwanyň şekili gepläp, sežde etmedikleri öldürmegi buýrup bilýärdi. 16  Ol uludan⁠-⁠kiçä ähli adamlary, baýlary we garyplary, azatlary hem gullary sag eline ýa⁠-⁠da maňlaýyna bellik goýdurmaga+ mejbur etdi. 17  Wagşy haýwanyň belligini, adyny+ ýa⁠-⁠da adynyň sanyny alanlardan+ başga hiç kim ne satyn alyp, ne⁠-⁠de satyp bilýärdi. 18  Düşgür adam wagşy haýwanyň sanyny hasaplasyn. Ol ynsan sanydyr, onuň sany 666+. Muňa diňe paýhasly adam düşüner.

Çykgytlar

Başga manysy: Gylyç bilen öldürilmeli.