Esasy materiala geçiň

Mukaddes Kitapda gomoseksualizm barada näme diýilýär?

Mukaddes Kitapda gomoseksualizm barada näme diýilýär?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Hudaýyň niýetine görä, jynsy gatnaşyk diňe nikasy kanun taýdan resmileşdirilen erkek bilen aýalyň arasynda bolmaly (1 Musa 1:27, 28; 3 Musa 18:22; Nakyllar 5:18, 19). Mukaddes Kitapda är-aýal bolmadyk adamlaryň arasyndaky jynsy gatnaşyk, meselem, gomoseksualizm, ahlaksyzlyk ýazgarylýar (1 Korinfliler 6:18). Muňa biriniň jyns organlaryny sypalamak we oral (agyz) ýa-da anal (täret deşigi) arkaly jynsy gatnaşyk etmek hem degişli.

 Mukaddes Kitapda gomoseksualizm ýazgarylsa-da, munuň bilen meşgullanýan adamlary ýigrenmeli diýilmeýär. Gaýtam, mesihçilere «ähli adamlara hormat goýmalydygy» maslahat berilýär (1 Petrus 2:17).

 Adam gomoseksual bolup doglup bilermi?

Mukaddes Kitapda gomoseksuallygyň tebigy islegdigi barada aýdylmasa-da, adamyň Hudaýyň tabşyryklaryna garşy hereket etmek islegi bilen dogulýandygy aýdylýar (Rimliler 7:21—25). Mukaddes Kitapda gomoseksual höwesleriň sebäbine däl-de, onuň bilen meşgullanmagyň ýazgarylýandygyna has köp üns berilýär.

 Gomoseksual höwesi bolan adamlar Hudaýy razy edip bilermi?

Injilde: «Beden agzalaryňyzdaky... erbet höwesleri... öldüriň» diýilýär (Koloslylar 3:5). Günäli işlere eltýän erbet höwesleri öldürmek üçin pikiriňe erk etmeli. Eger hemişe gowy zatlar barada pikirlenseň, erbet höweslerden dynmak aňsat bolýar (Filipililer 4:8; Ýakup 1:14, 15). Elbetde, başda kyn bolmagy mümkin, ýöne soňra muny etmek ýeňil düşer. Hudaý adama «pikirini we garaýşyny elmydama täzeläp durmaga» kömek etjekdigini söz berýär (Efesliler 4:22—24).

 Gomoseksual höwesi bolmadyk millionlarça adamlar hem Mukaddes Kitabyň ahlak kadalary boýunça ýaşamak üçin erbet höweslerine garşy göreşýärler. Meselem, durmuş gurmaga mümkinçiligi bolmadyk ýa-da ýanýoldaşy bilen jynsy gatnaşyk edip bilmeýän adamlar daş-töwereginiň güýçli täsirine garamazdan, jynsy höweslerine erk edip, bagtly ýaşaýarlar. Gomoseksual höwesi bolan adamlar hem Hudaýy ýürekden razy etmek isleseler, bagtly bolup bilerler (5 Musa 30:19).