Rimliler 7:1—25

  • Töwratdan azat bolmak (1—6)

  • Günä Töwrat arkaly mälim boldy (7—12)

  • Günä garşy söweş (13—25)

7  Doganlar, Töwrat diri adamyň üstünden höküm sürýändir (Men muny kanuny bilýänlere aýdýaryn).  Meselem, äri dirikä, aýal kanun boýunça ärine baglangydyr. Emma äri ölse, aýal äriniň kanunyndan azatdyr+.  Diýmek, äri dirikä, aýal başga birine durmuşa çyksa, zyna edýändir+. Ýöne äri ölse, aýal äriniň kanunyndan azatdyr, şonuň üçin başga birine durmuşa çyksa⁠-⁠da, zyna edýän däldir+.  Doganlarym, siz hem Mesihiň bedeni arkaly Töwratdan azat bolduňyz*. Şeýdip, siz direlen+ Mesihiňki bolduňyz+, indi siz Hudaýa gulluk edip bilýärsiňiz*+.  Ten isleglerine görä ýaşan döwrümiz, Töwrat günäli höweslerimiziň bardygyny görkezýärdi. Günäli höwesler beden agzalarymyzda hereket edip, ölüme eltýärdi*+.  Emma biz Töwratdan azat edildik+ we tussaglykda saklaýan kanun üçin öldük. Biz öňki ýaly kanunyň guly däl⁠-⁠de+, mukaddes ruh arkaly Hudaýyň guly bolduk+.  Onda näme, Töwratda kemçilik* barmy? Ýok! Eger Töwrat bolmadyk bolsa, günäniň nämedigini bilmezdim+. Meselem, Töwratda: «Iliň zadyna göz gyzdyrma»+ diýilmedik bolsa, iliň zadyna göz gyzdyrmagyň nädogrudygyny bilmezdim.  Emma günä kanun arkaly mende her hili açgözlügi ýüze çykarýar. Eger şol kanun bolmadyk bolsa, günä höküm sürmezdi*+.  Aslynda, kanun berilmänkä, men diridim. Ýöne kanun berlenden soň, günä ýaşap başlady, men bolsa öldüm+. 10  Ýaşaýşa eltmeli kanun+ ölüme eltýän kanun boldy. 11  Sebäbi kanun arkaly günä güýjäp, meni günäli höweslere iterýär we şol kanun arkaly öldürýär. 12  Aslynda welin, Töwrat we ondaky tabşyryklar mukaddesdir, dogrudyr hem gowudyr+. 13  Onda gowy zat* meni ölüme eltýärmi? Ýok! Günä ölüme eltýär. Günäniň nämedigini aýdyň etmek üçin, günä gowy zat arkaly meni ölüme eltýär+. Şeýlelikde, kanun arkaly günäniň juda erbetdigi belli bolýar+. 14  Biz Töwrady Hudaýyň berendigini bilýäris, men bolsa bikämildirin, günäniň gulçulygyna satylandyryn+. 15  Men näme edýändigime düşünmeýärin. Sebäbi isleýän zadymy däl⁠-⁠de, ýigrenýän zadymy edýärin. 16  Töwradyň gowudygyny bilýärin, ýöne islemeýän zadymy edýärin. 17  Emma edýän zadymy men däl⁠-⁠de, içimdäki günä edýär+. 18  Men içimde, ýagny günäli bedenimde gowy zadyň ýokdugyny bilýärin. Gowy zat edesim gelýär, ýöne edip bilmeýärin+. 19  Men isleýän ýagşy zadymy däl⁠-⁠de, islemeýän ýaman zadymy edýärin. 20  Eger islemeýän zadymy edýän bolsam, onda muny men däl⁠-⁠de, içimdäki günä edýär. 21  Men içimde şeýle kanuny görýärin: dogry zat etjek bolanymda, erbetlik peýda bolýar+. 22  Men bütin ýüregim bilen Hudaýyň kanunyny söýýärin+. 23  Emma bedenimde başga bir kanun bar. Ol aňymdaky kanun bilen söweşip+, bedenimdäki günäniň kanunyna ýesir edýär+. 24  Men bir biçäre adam! Kim meni ölüme eltýän bedenden halas eder? 25  Halypamyz Isa Mesih arkaly meni halas eden Hudaýa minnetdar! Men aňymda Hudaýyň kanunynyň guly, bedenimde bolsa günä kanunynyň guly+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Kanun üçin öldüňiz.
Sözme⁠-⁠söz: Hudaýa miwe bermeli.
Sözme⁠-⁠söz: ölüme eltýän miweleri berýärdi.
Sözme⁠-⁠söz: günä.
Sözme⁠-⁠söz: öli bolardy.
Hudaýyň kanuny göz öňünde tutulýar.