Nakyllar 5:1—23

  • Ahlaksyz aýal hakda duýduryş (1—14)

  • Aýalyň bilen şatlan (15—23)

5  Oglum, pähimli sözlerime dykgatly bol, Parasatly* sözlerimi ünsli diňle+.   Şonda akylyňy* ýitirmersiň,Hak sözler* diliňden düşmez+.   Azgyn* aýalyň dili bal ýaly süýjüdir+,Agzyndan çykýan sözler ýag ýaly ýakymlydyr+.   Emma soňy ýowşan kimin ajy bolar+,Iki ýüzli gylyç kimin bitmejek ýara salar+.   Onuň aýaklary ölüme, Ädimleri mazara* alyp gidýär.   Ýaşaýyş ýoly hakda oýlanmaýar, Nirä barýanyny bilmän, azaşyp ýörýär.   Oglum, indi meni diňle,Aýdanymdan çykma.   Şeýle aýaldan uzakda dur,Gapysynyň deňinden hem geçme+.   Şonda abraýdan düşmersiň+,Galan ömrüňi gaýgy⁠-⁠hasrat bilen geçirmersiň+. 10  Ýatlar mal⁠-⁠mülküňi* almaz+,Der döküp gazanan çöregiňi gelmişekler iýmez. 11  Ýogsa güýç⁠-⁠gaýratyň gaçanda,Ömrüň ahyrynda ahy⁠-⁠nala çekip+, 12  Şeýle diýersiň: «Terbiýäni näme üçin kabul etmändirin?! Käýinji näme üçin ýigrenipdirin?! 13  Mugallymlarymyň sözüni diňlemedim,Halypalarymyň öwredenine gulak asmadym. 14  Ulus⁠-⁠iliň öňünde ýüzügara boldum+,Ömrüm kül boldy». 15  Suwy öz howzuňdan,Sowuk suwy öz guýyňdan iç+. 16  Akar suwuň köçelere,Çeşme⁠-⁠çaýlaryň şäher meýdançasyna* akmasyn+. 17  Goý, olar diňe seniňki bolsun,Kesekiler bilen paýlaşma+. 18  Goý, çeşmäň bereketli bolsun,Ýaşlygyňda öýlenen aýalyň bilen şatlan+. 19  Ol näzik maral, owadan jerendir+. Goý, göwüsleri mydama göwnüňi götersin*, Söýgüsi hemişe ýüregiňi ýesir etsin+. 20  Oglum, azgyn* aýalyň ýesiri bolmak nämä gerek?Ahlaksyz* aýaly näme üçin bagryňa basjak?+ 21  Ýehowa ynsanyň ýollaryny görýär,Ýodalaryna syn edýär+. 22  Erbediň ýazyklary duzaga düşürýär,Günäsi özüne tor bolýar+. 23  Terbiýesizlikden ýaňa ömrüni kül edýär,Akmaklykdan ýaňa ýoldan azaşýar.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Saýgarma ukyply.
Sözme⁠-⁠söz: pikirleniş ukybyňy.
Ýa⁠-⁠da: Bilim.
Sözme⁠-⁠söz: Ýat. Nak 2:16⁠-⁠a serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: güýjüňi.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: serhoş etsin.
Sözme⁠-⁠söz: ýat. Nak 2:16⁠-⁠a serediň.
Sözme⁠-⁠söz: Gelmişek. Nak 2:16⁠-⁠a serediň.