Esasy materiala geçiň

Ene-atalar çagalaryna jynsy gatnaşyk meselesi babatda nädip tälim berip biler?

Ene-atalar çagalaryna jynsy gatnaşyk meselesi babatda nädip tälim berip biler?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Çagalara jynsy gatnaşyk meselesi babatda kim tälim bermeli? Mukaddes Kitapda aýdylmagyna görä, bu ene-atalaryň borjy. Ene-atalaryň köpüsine şu aşakdaky maslahatlar kömek etdi:

  •   Ýaýdanmaň. Mukaddes Kitapda jynsy gatnaşyk we jyns organlary barada açyk aýdylýar. Hudaý ysraýyl halkyna bu mesele babatda-da çagalaryna tälim bermegi tabşyrypdy (5 Musa 31:12; 3 Musa 15:2, 16—19). Siz çagalaryňyza jynsy gatnaşyk we jyns organlary barada gürrüň bereniňizde, utançly bir zat hakda aýdýan ýaly däl-de, mynasyp tärde öwrediň.

  •   Kem-kemden öwrediň. Çagaňyza jynsy gatnaşyk barada tälim bereniňizde, uzak we jikme-jik gürrüň bermegiň deregine, onuň ýetişenlik döwrüni göz-öňünde tutup, düşünjesine laýyklykda kem-kemden öwrediň (1 Korinfliler 13:11).

  •   Ahlak kadalaryny öwrediň. Orta mekdepleriň käbirinde jynsy gatnaşyk barada biraz tälim berilýär. Emma Mukaddes Kitapda ene-atalaryň çagalaryny diňe bir anatomiýa bilen däl-de, eýsem, ahlak kadalary bilen hem tanyşdyrmalydygy aýdylýar (Nakyllar 5:1—23).

  •   Çagalaryňyzy diňläň. Eger çagaňyz jynsy gatnaşyk barada sorag berse, ör-gökden gelip, nädogry netije çykarmaň. Gowusy: «Diňlemäge taýyn, geplemäge howlukmaň» diýen maslahata eýeriň (Ýakup 1:19).

Çagalaryňyzy azgyn adamlardan goraň

Çagalaryňyza azgyn adamlara garşy durmaga kömek ediň

  •   Maglumat toplaň. Azgyn adamlaryň nädip hereket edýändigini biliň (Nakyllar 18:15; «Ýaşlaryň sowallary. Peýdaly maslahatlar» kitabynyň 32-nji babyna serediň, I tom).

  •   Çagaňyzyň durmuşy bilen gyzyklanyň. Çagaňyzy ynama giren adamdan başga hiç kim bilen galdyrmaň we öz erkine goýbermäň (Nakyllar 29:15).

  •   Kime gulak asmalydygyny öwrediň. Çagalar ene-atasyny diňlemegi öwrenmeli (Koloslylar 3:20). Eger siz çagalaryňyza uly adamlaryň ählisine gulak asmalydygy barada öwretseňiz, olary howp astyna salarsyňyz. Mesihçi ene-atalar çagasyna: «Eger biri saňa Hudaýyň gadagan edýän zadyny etmelidigini aýtsa, oňa gulak asma» diýip biler (Resullar 5:29).

  •   Ýönekeý howpsuzlyk çärelerini görüň. Biri siziň ýok wagtyňyz pursatdan peýdalanjak bolsa, çagaňyza näme etmelidigini öwrediň. Eger onuň şeýle ýagdaýda özüni nädip goramalydygyny sahnalaşdyrsaňyz, ol: «Degme maňa! Näme edýäniňi aýdaryn!» diýip, berk jogap berer-de, çalt gaçar. Mümkin, bu hakda wagtal-wagtal ýatladyp durmaly bolarsyňyz, sebäbi çagaňyz ýatdan çykaryp biler (5 Musa 6:7).