Nakyllar 18:1—24

  • Il⁠-⁠güne goşulmaýan öz bähbidini gözleýär we akylsyzlyk edýär (1

  • Ýehowanyň ady berk galadyr (10)

  • Baýyň hyýalynda mal⁠-⁠mülki berk galadyr (11)

  • Dawagärleriň ikisini hem diňle (17)

  • Dogandan hem ýakyn dost bardyr (24)

18  Il⁠-⁠güne goşulmaýan* öz bähbidini gözleýär,Ol ähli akyldarlyga garşy gidýär.   Akmak düşünjäni halamaýar,Ol ýüregindäkini görkezýär+.   Halk zalym kişini ýigrenýär,Utançsyz adam abraýdan düşýär+.   Ynsanyň sözleri guýy kimindir+, Akyldarlyk joşup akýan çeşme kimindir.   Erbediň tarapyny tutup+,Dogruçylyň hakyny almak ýagşy däldir+.   Akmagyň dili dawa turuzýar+,Sözleri taýagy çagyrýar+.   Akmak dilinden bela galýar+,Agzy janyna duzak bolýar.   Gybatçynyň* sözleri tagamly nahar ýalydyr+,Adamlar ony ýalmap ýuwudýar+.   Ýalta adam galtamanlaryň dostudyr*+. 10  Ýehowanyň ady berk diňdir+, Hudaýhon ylgap baryp, pena tapýar+. 11  Baýyň mal⁠-⁠mülki berk galadyr,Hyýalynda beýik diwar ýalydyr+. 12  Tekepbirlik heläkçilige eltýär+,Pesgöwünlik at⁠-⁠abraý getirýär+. 13  Diňlemän jogap bermekAkmaklyk hem utançdyr+. 14  Ruhubelent ynsan derdine döz geler+.Emma ruhdan düşen adam nädip aýaga galar?*+ 15  Düşünjeli adam bilim alar+,Paýhasly adam bilimi gözlär. 16  Sowgat berýäniň işi rowaçlanýar+,Ol hökümdarlaryň huzuryna barýar. 17  Arzyny ilkinji aýdan hakly görünýär+,Dawagäri gelip soraga tutýar+. 18  Bije dawany çözýär+,Güýçli garşydaşlary ylalaşdyrýar. 19  Öýkeli adamyň göwnüni tapmakGalany basyp almakdan kyndyr+,Dawa⁠-⁠jenjel gulply derweze kimin aýra salýar+. 20  Adamyň agzyndan çykan sözler garnyny doýrar+,Aýdan sözlerine jogap berer. 21  Ýaşaýyş we ölüm diliň ygtyýarynda+,Geplemegi halaýanlar onuň miwesinden iýýär+. 22  Gowy gelin tapan genji⁠-⁠hazyna tapandyr+,Ol Ýehowanyň ak patasyny gazanýandyr+. 23  Garyp ýalbaryp gepleýär,Baý bolsa gödek jogap berýär. 24  Dostlar bardyr, bir⁠-⁠birini iýmäge taýyndyr+,Dostlar bardyr, dogandan hem ýakyndyr+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Özüni çetde tutýan.
Ýa⁠-⁠da: Töhmetçiniň.
Sözme⁠-⁠söz: doganydyr.
Ýa⁠-⁠da: Emma göwnüçökgünlige kim döz gelip biler?