Nakyllar 29:1—27

29  Käýinje gulak asmaýan özdiýenli adam+Duýdansyz ýykylar, gaýdyp turmaz+.   Dogruçyl köp bolsa halk begenýär,Erbet höküm sürse, halk ahy⁠-⁠nala çekýär+.   Akyldarlygy söýýän ogul atasyny begendirýär+,Azgyn aýallar bilen gatnaşýan baýlygyny ýele sowurýar+.   Adalatly patyşa ýurdy gülledýär+,Parahor bolsa ýurdy tozdurýar.   Goňşusyna ýaranjaňlyk edýän adam,Onuň aýagyna tor gurýar+.   Erbediň etmişi özüni duzaga düşürýär+,Hudaýhon adam begenjinden ýaňa gygyrýar+.   Hudaýhon adam garybyň hakyny alyp berýär+,Erbet bolsa garybyň halyndan habar almaýar+.   Öwünjeň adam halky* öjükdirýär+,Paýhasly adam bolsa gahary köşeşdirýär+.   Paýhasly adam akmak bilen jedelleşip başlasa,Gahardan, kemsitmeden başga alan galasy bolmaz+. 10  Ganhor bigünäni ýigrenýär+,Dogruçylyň janynyň kastyna çykýar*. 11  Akmak gahar oduny* pürkýär+,Paýhasly adam bolsa rahatdyr, gaharyny saklaýar+. 12  Hökümdar ýalana gulak gerse,Hyzmatkärleri pälinden azar+. 13  Garyp bilen sütem edýäniň bir meňzeşligi bar, Olaryň ikisine⁠-⁠de ýaşaýşy Ýehowa berdi*. 14  Patyşa mätäje adalatly höküm çykarsa+,Onuň tagty hemişe berk durar+. 15  Temmi* we käýinç çagany paýhasly edýär+,Başyna goýberilen çaga enesiniň ýüzüni ýere salýar. 16  Erbetler köp bolsa, jenaýat hem artar,Emma dogruçyl olaryň heläk bolanyny görer+. 17  Ogluňa terbiýe ber, gulagyň dynç bolar,Ol kalbyňy şatlykdan doldurar+. 18  Alladan görkezme* bolmasa, halk başyna gidýär+,Kanuny berjaý edýän bagtly ýaşaýar+. 19  Hyzmatkäre gury söz kär etmez,Sebäbi ol düşünse⁠-⁠de, aýdylany etmeýär+. 20  Oýlanman gepleýän adamy gördüňmi?+ Akmak ondan has çalt akyllanar+. 21  Çagalykdan läliksiredilen hyzmatkär,Gadyr bilmez bolup ýetişer. 22  Gaharjaň adam dawa turuzýar+,Gyzma adam bolsa köp günä edýär+. 23  Ynsanyň gopbamsylygy abraýdan düşürer+,Pesgöwünli bolsa şöhrata beslener+. 24  Ogry bilen tirkeşen başyny bela sokar*, Ol şaýatlyk etmäge çagyrylsa⁠-⁠da*,Bilýänini gürrüň bermez+. 25  Adamdan gorksaň, duzaga düşersiň+,Ýehowa bil baglasaň, pena taparsyň+. 26  Köpler hökümdaryň huzuryna barmak* islär,Emma adalaty dikeldýän Ýehowadyr+. 27  Dogruçyl adalatsyzy ýigrenýär+,Erbet halal ýaşaýany ýigrenýär+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: şäheri.
Başga manysy: Dogruçyl janyny gorajak bolýar.
Ýa⁠-⁠da: ähli duýgularyny.
Sözme⁠-⁠söz: Ikisiniňem gözüni Ýehowa nurlandyrýar.
Sözme⁠-⁠söz: Taýak.
Ýa⁠-⁠da: pygamberlik görnüşi; ylham. Sözlüge serediň: Görnüş.
Sözme⁠-⁠söz: öz janyny ýigrener.
Ýa⁠-⁠da: nälet antyny eşitse⁠-⁠de.
Başga manysy: kömek etmegini.