Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Gowy ýaşamagy öwredýän kitap

Gowy ýaşamagy öwredýän kitap

Geçen makalalardan bilşimiz ýaly, adamlar gowy ýaşamak üçin dürli usullary ulandylar. Käbirleri palçylara ýüz tutdular, käbirleri ýokary bilim aldylar, baýadylar, başgalary bolsa ýagşy işleri etdiler. Bularyň ählisi nädogry ugry görkezýän kompasa meňzeýär. Şol kompas boýunça ýörän adamlar lapykeç boldy. Onda dogry ýoly görkezýän kompas barmy? Elbetde, bar!

MUKADDES KITAP

Köpleri wajyp karara gelmezden öň çal saçly gojalardan we pähim-parasatly adamlardan maslahat soraýar. Edil şonuň ýaly, bizem bagtly bolmak üçin adamlardan has köp ýaşan we has akyldar Allatagaladan maslahat soramaly. Onuň maslahatlary 3 500 ýyl mundan öň gadymy golýazmalara ýazylyp başlandy. Şol golýazmalara Mukaddes Kitap diýilýär.

Mukaddes Kitabyň maslahatlarynyň peýdalydygyna näme üçin ynanyp bileris? Sebäbi ol hak Allanyň ylhamy bilen ýazyldy. Töwratda Allatagala «Owaldan Bar Bolan» we «ebedilik bar» bolan diýilýär (Danyýar 7:9; Zebur 90:2). Ol «asmany döreden, Ýeri ýaradan» hak Hudaýdyr (Işaýa 45:18). Ol bize adynyň Ýehowadygyny mälim edýär (Zebur 83:18).

Mukaddes Kitap adamzady ýaradan hak Allanyň Sözüdir. Allatagala Mukaddes Kitaby belli bir halk üçin däl-de, hemme adamlar üçin ýazdyrdy. Onuň maslahatlarynyň gadyr-gymmaty hiç haçan gaçmaz. Mukaddes Kitap iň köp dile terjime edilen we ýaýradylan kitapdyr a. Ony dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan adamlar öz ene dilinde okap köp peýda alýar. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär:

«Hudaý hiç kimi ala tutmaýan eken. Hudaý özünden gorkup, dogruçyl ýaşaýan islendik milletli adamdan razydyr» (RESULLAR 10:34, 35).

Ene-ata çagalaryny jany-teni bilen söýýär. Olary howp-hatardan goramak üçin öwüt-nesihat berýär. Ýehowa hem söýgüden doly Ata hökmünde bize kömek etmek we goramak üçin Mukaddes Kitap arkaly maslahat berýär (2 Timoteos 3:16). Biz Onuň Sözüne ynanyp bileris, sebäbi Ol bizi ýaratdy. Allatagala bize nämäniň gerekdigini özümizden hem gowy bilýär.

Eşretli durmuşyň boljakdygyna näme üçin ynanyp bileris? Şu soragyň jogabyny indiki makalada bileris.

a Mukaddes Kitabyň terjime edilişi we ýaýradylyşy hakda köpräk bilmek üçin www.jw.org saýtynyň TAGLYMATLAR > TARYH WE MUKADDES KITAP diýen bölümine giriň.

b Köpräk bilmek üçin «Mukaddes Kitap Hudaýyň sözümi ýa-da ynsan sözi?» (rus.) diýen kitabyň 9-njy babyny okap bilersiňiz. Kitaby Ýehowanyň Şaýatlarynyň www.jw.org saýtyndan tapyp bilersiňiz. EDEBIÝATLAR > KITAPLAR WE BROŞÝURALAR bölümine giriň.