Zebur 90:1—17

  • Hudaý ebedilik bar, ynsan ömri gysga

    • Müň ýyl bir gün ýaly geçip gidýär (4)

    • Ömrümiz 70—80 ýyldyr (10)

    • «Bize dogry ýaşamagy öwret» (12)

Hak Hudaýyň guly Musanyň+ dogasy. 90  Eý Ýehowa, nesilden⁠-⁠nesle penamyz* bolduň!+   Daglar dünýä inmezinden öň,Ýer, bereketli toprak dogulmazyndan öň+,Sen ýeke⁠-⁠täk Hudaýsyň, ebedilik barsyň+.   Sen başy ölümli ynsany topraga öwürýärsiň.«Eý ynsan ogullary, topraga siňiň!» diýýärsiň+.   Seniň üçin müň ýyl bir gün ýaly geçip gidýär+,Gijäniň bir nobaty* kimin ötüp gidýär.   Sen adamlary süpürip taşlaýarsyň+,Olar düýş ýaly geçip gidýärler.Säher bilen ot kimin ösýärler+.   Ir bilen al⁠-⁠ýaşyl öwsüp, terje bolýarlar,Agşamyna saralyp⁠-⁠solup gidýärler+.   Bizi gazabyň bilen gorkuzdyň,Gaharyň bilen ýok etdiň+.   Sen eden günälerimizi bilýärsiň+,Ýüzüň nury syrlarymyzy paş edýär+.   Gazabyňdan ýaňa ömrümiz gysgalýar,Ýyllarymyz bug* kimin geçip gidýär. 10  Ömrümiz 70 ýyldyr,Jany sag adam, belki, 80 ýaşar+. Günlerimiz jebir⁠-⁠jepa içinde geçer,Ömrümiz tiz öter, uçup gider+. 11  Seniň güýçli gaharyňa kim akyl ýetirip biler? Seniň gazabyň haýbatlydyr, gorkunçdyr*+. 12  Bize dogry ýaşamagy* öwret+,Şonda paýhasly bolarys. 13  Dolan yzyňa, eý Ýehowa!+ Haçana çenli eglenjek?+ Bendeleriňe rehimiň insin+. 14  Säher çagy wepaly söýgiň* bilen gandyr+,Şonda uzakly gün şatlanarys, joşup aýdym aýdarys+. 15  Başymyza inderen agyr günleriň+,Azap çekdiren ýyllaryň öwezini şatlyk bilen dol+. 16  Bendeleriň ýagşylygyňy bilsinler,Ogullary şöhratyňy görsünler+. 17  Ýehowa Hudaýymyz bereket ýagdyrsyn,Işlerimize ak pata bersin. Goý, işlerimiz rowaçlansyn!+

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: mekanymyz.
Gijäniň bir nobaty dört sagatdan ybarat.
Sözme⁠-⁠söz: pyşyrdy.
Ýa⁠-⁠da: Seniň gazabyň saňa bolan gorkymyz deý beýikdir.
Ýa⁠-⁠da: günlerimizi sanamagy.
Sözlüge serediň.