Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

Hat ýazyşmak üçin niýetlenen programmalary ulananymyzda näme üçin seresap bolmaly?

Dogan-uýalar hat ýazyşmak üçin niýetlenen programmalary ulanyp, imandaşlarynyň we dogan-garyndaşlarynyň hal-ýagdaýlaryny soraýarlar. Ýöne biz Mukaddes Kitapdaky şu maslahaty unutmaly däl: «Ätiýaçly adam howpy görüp gizlenýär, tejribesiz bolsa gözsüz batyrlyk edip, zyýan çekýär» (Nak. 27:12).

Ýehowa öz halkyny goramak isleýär. Şonuň üçin biz agzalalyk döredýänler, ýygnak gatnaşygyndan kesilenler we ýalan taglymatlary ýaýradýanlar bilen aragatnaşyk saklamak islemeýäris (Rim. 16:17; 1 Kor. 5:11; 2 Ýah. 10, 11). Käbir dogan-uýalar hem Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryny durmuşynda ulanmaýarlar (2 Tim. 2:20, 21). Şonuň üçin dost saýlanymyzda ünsli bolalyň. Hat ýazyşmak üçin niýetlenen programmalar arkaly gowy dost tapmak kyn bolsa gerek.

Käbirleri hat ýazyşmak üçin niýetlenen programmalarda ýüzlerçe we müňlerçe adamdan ybarat toparlary döredýärler. Şeýle toparlara goşulmakdan näme üçin seresap bolmaly? Sebäbi käbir dogan-uýalar şeýle toparlara goşulyp köp zyýan çekdiler. Uly toparlara goşulanyňda, ol ýerdäki adamlaryň hemmesini tanap bolmaýar, Hudaýa imanynyň berkdigini ýa⁠-⁠da gowşakdygyny bilip bolmaýar. Zebur 26:4-de: «Ýalançylar bilen gatnaşmaýaryn, ikiýüzlülerden gaça durýaryn» diýilýär. Şol sebäpli hat ýazyşmak üçin niýetlenen programmalary ulananymyzda, diňe tanaýan adamlarymyz bilen habarlaşsak gowy bolmazmy?

Az sanly adamly topara goşulanymyzda⁠-⁠da näçeräk wagtyň gidýändigine we nähili gürrüňleriň edilýändigine ünsli bolmaly. Sebäbi käbirleri gybat edýärler ýa⁠-⁠da adamlaryň işine goşulýarlar. Şonuň üçin köp wagtymyzy gidirip, ýazylýan her bir hata jogap bermelidir öýtmäň. Pawlus resul Timoteosa «gybat... edýänlerden we başgalaryň işine goşulýanlardan» seresap bolmagy maslahat berdi (1 Tim. 5:13).

Paýhasly dogan-uýalar imandaşlaryny tankytlaýan ýa⁠-⁠da syryny paş edýän zatlary ýazmaýarlar, ýa⁠-⁠da okamaýarlar (Zeb. 15:3; Nak. 20:19). Olar bir wakany ulaldyp ýa⁠-⁠da ýoýup aýtmaýarlar we ýalan habarlary ýaýratmaýarlar (Efes. 4:25). Biz her aý çykýan JW teleýaýlymyndaky® we jw.org saýtyndaky habarlaryň, Mukaddes Kitaba esaslanan makalalaryň dogrudygyna hem⁠-⁠de ynama mynasypdygyna şübhelenmän bileris.

Käbir dogan-uýalar şeýle programmalar arkaly söwda-satyk edýärler, harydyny satmak üçin öwüp arşa çykarýarlar ýa⁠-⁠da iş teklip edýärler. Ýöne söwda-satyk işlerini Ýehowa edilýän sežde bilen garyşdyrmaly däl. Biz «durmuşymyzda pul söýgüsine orun bermeli däl» we dogan-uýalardan peýdalanyp, gazanç etjek bolmaly däl (Ýew. 13:5).

Hat ýazyşmak üçin niýetlenen programmalar arkaly mätäçlik çekýän ýa⁠-⁠da tebigy betbagtçylyga uçran dogan-uýalara kömek etmek üçin pul ýygnasa bolýarmy? Elbetde, biz köplenç biri-birimizi ruhlandyrýarys we kömek edýäris (Ýak. 2:15, 16). Ýöne uly toparlary döredip pul ýygnajak bolsak, filialyň we ýygnagyň dogan-uýalara kömek etmek üçin gurnan çärelerine päsgel bereris (1 Tim. 5:3, 4, 9, 10, 16). Biziň hiç birimiz özümizi Hudaýyň halkynyň dadyna ýetişýän gahryman ýaly görkezesimiz gelmeýär.

Şol sebäpli hat ýazyşmak üçin niýetlenen programmalary paýhasly ulanalyň we seresap bolalyň. Geliň, her bir edýän işimizde Ýehowany şöhratlandyralyň (1 Kor. 10:31).