Birinji Korinfliler 5:1—13

  • Ahlaksyzlyk hakda (1—5)

  • Azajyk hamyrmaýa tutuş hamyry turşadýar (6—8)

  • Erbetler bilen gatnaşmaň (9—13)

5  Men siziň araňyzda biriniň öz kakasynyň aýaly bilen ýaşaşýandygyny+ eşitdim. Hatda başga halklar hem şeýle ahlaksyzlyk*+ etmeýärler.  Siz ahlaksyzlyk edýäne guwanýarsyňyzmy? Eýsem siz ony ýygnakdan çykaryp+, hasrat çekmeli dälmi?+  Men ýanyňyzda bolmasam⁠-⁠da, ýüregim siziň bilen. Eger siziň ýanyňyzda bolan bolsam, şeýle iş eden adamy eýýäm höküm ederdim.  Siz Halypamyz Isanyň ady bilen ýygnanyşanyňyzda, men hem Halypamyz Isanyň güýji bilen siziň ýanyňyzdadyryn.  Ahlaksyz adam ýygnaga erbet täsir etmez ýaly, ony Şeýtana tabşyryň+. Şonda Halypamyzyň gününde ýygnak arassa bolar+.  Siziň ahlaksyz adama guwanmagyňyz dogry däl. Eýsem azajyk hamyrmaýanyň tutuş hamyry turşadýandygyny+ bilmeýärsiňizmi?  Täze hamyr bolmak üçin köne hamyrmaýany zyňyň. Pashalyk guzymyz+ Mesih janyny gurban berdi+, şonuň üçin indi hamyrmaýa gerek bolmaz.  Baýramçylykda+ günäni we erbetligi aňladýan hamyrmaýaly çöregi däl⁠-⁠de, ýagşylygy hem hakykaty aňladýan hamyrmaýasyz çöregi iýeliň.  Men ahlaksyzlyk* edýänler bilen gatnaşmaň diýip hat ýazypdym. 10  Ýöne men şu dünýädäki+ ahlaksyz*, açgöz, talaňçy we butparaz adamlary göz öňünde tutmandym, ýogsam siz dünýäden çykmaly bolardyňyz+. 11  Indi size şuny ýazýaryn: dogan ahlaksyz*, açgöz+, butparaz, arakhor+, talaňçy+ ýa⁠-⁠da sögýän bolsa, onuň bilen gatnaşmaň, hatda bir saçak başynda⁠-⁠da oturmaň+. 12  Ýygnagyň daşyndakylar bilen näme işim bar? Siz ýygnakdakylary höküm etmeli dälmi näme? 13  Dünýädäki adamlary Hudaý höküm edýär+. Siz welin «erbet adamy araňyzdan aýryň»+.

Çykgytlar

Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.