Zebur 15:1—5

  • Ýehowanyň çadyrynda kim myhman bolar?

    • Ýüreginde hakykaty aýdýan (2)

    • Töhmet atmaýan (3)

    • Zyýanyna bolsa⁠-⁠da, sözünde durýan adam (4)

Dawudyň aýdymy. 15  Eý Ýehowa, çadyryňa kimi myhman alarsyň? Mukaddes dagyňda kim ýaşar?+   Halal* ýaşaýan+,Dogry işleri edýän+,Ýüreginde hakykaty aýdýan adam ýaşar+.   Ol dili bilen töhmet atmaz+,Goňşusyna* ýamanlyk etmez+,Dostlaryna gara ýöňkemez+.   Ol ýigrenji adam* bilen gatnaşmaz+,Ýehowadan gorkýanlara hormat goýar. Zyýanyna bolsa⁠-⁠da, beren sözünde durar+.   Ol göterimine pul bermez+,Bigünäni garalamak üçin para almaz+. Şeýle adam asla sarsmaz+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Aýypsyz.
Ýa⁠-⁠da: Ýakynyna.
Ýagny Hudaýyň ýigrenýän adamy.