Ikinji Ýahýa 1:1—13

  • Doganlyk salamy (1—3)

  • Hakykat boýunça ýaşaň (4—6)

  • Aldawçylardan habardar boluň (7—11)

    • «Salam hem bermäň» (10, 11)

  • Hoşlaşyk sözleri (12, 13)

 Men saýlanan aýala we çagalaryna ýaşuly* hökmünde hat ýazýaryn. Sizi menem, hakykaty kabul edenlerem ýürekden söýýär.  Biz şol hakykat boýunça ýaşaýarys, hemişe⁠-⁠de ýaşarys.  Şonda Atamyz Hudaýyň we Ogly Isa Mesihiň ýagşylygy*, rehimdarlygy, parahatlygy, hakykaty we söýgüsi biziň bilen bolar.  Atamyzyň tabşyryk berişi ýaly, käbir çagalaryň hakykat ýolunda ýöreýändigini+ bilip, ýürekden begenýärin.  Şonuň üçin biri⁠-⁠biriňizi söýmegi haýyş edýärin. Men size täze tabşyryk däl⁠-⁠de, başda berlen tabşyryk+ hakda ýazýaryn.  Birek⁠-⁠biregi söýmek Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý etmegi aňladýar+. Siz şu tabşyrygy ilkibaşdan eşidipdiňiz, şoňa görä⁠-⁠de ýaşamalysyňyz.  Sebäbi Isa Mesihiň ynsan bedeninde+ gelendigini inkär edýän aldawçy adamlar dünýäde köpeldi+. Olar aldawçy we Mesihiň duşmany*+.  Hakykat ýolunda gazanan zatlaryňyzy ýitirmekden habardar boluň. Şonda siz Hudaýyň berjek ähli sylaglaryny alarsyňyz+.  Mesihiň öwredýän taglymatyndan sowlan her bir adam Hudaýy kabul edýän däldir+. Emma şu taglymata eýerýän adam Atany⁠-⁠da, Ogly⁠-⁠da kabul edýändir+. 10  Eger biri ýanyňyza gelip, şol taglymata görä öwretmese, ony öýüňize salmaň+, salam hem bermäň. 11  Sebäbi oňa salam berýän adam erbet işlerine şärik bolýandyr. 12  Men size köp zatlary aýtmak isleýärin, ýöne hat üsti bilen ýazasym gelmeýär. Siz has köp şatlanar ýaly, ýanyňyza barmagy umyt edýärin. 13  Saýlanan uýam, aýal doganyň çagalary saňa salam aýdýar.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: ýygnak ýaşulusy.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: deçjal. Sözlüge serediň.