Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Siz wagty nädip hasaplaýarsyňyz?

Siz wagty nädip hasaplaýarsyňyz?

SIZ wagtyň näçedigini biljek bolsaňyz näme edýärsiňiz? Mümkin, siz goşaryňyzdaky ýa-da diwardaky sagada seredýänsiňiz. Eger dostuňyz ýa-da joraňyz sizden sagadyň näçedigini sorasa oňa nähili jogap bererdiňiz? Munuň birnäçe usuly bar.

Aýdaly, häzir sagat günortan ikiň ýary. Siz sagat 1:30 ýa-da ýaşaýan ýeriňizde aýdylyşy ýaly, ikiň ýary diýmegiňiz mümkin. Siziň berýän jogabyňyz bir gije-gündiziň dowamyndaky 24 sagatlyk düzgüne eýerýändigiňizi görkezýär. Käbir ýerlerde sagat 13:30 diýýärler. Bu iki bolmaga ýarym sagat galandygyny görkezýär.

Siz Mukaddes Ýazgylary okanyňyzda, gadymy döwürde adamlaryň wagty nädip hasaplandygyna üns berensiňiz. Mümkin, siz muňa geň galýansyňyz. Olar wagty diňe bir usul bilen hasaplamandyrlar. Ýewreý ýazgylarynda «daň bilen», «günortan», «gündiz», «agşam» diýen sözlere duş gelse bolýar (Gel. çyk. 8:11; 19:27; 43:16; Kan. tag. 28:29; 1 Pat. 18:26). Ýöne käte wagtyň näçedigini görkezmek üçin has anyk wagt birlikleri ulanylýardy.

Mukaddes Ýazgylaryň ýazylan döwründe, esasan-da, gijelerine garawullar durýardy. Isanyň dogulmazyndan ençeme asyr öň, ysraýyllylar gijäni üç bölege bölýärdi (Zeb. 63:6). Serdarlar 7:19-da «ýarygije» diýen söz agzalýar. Grekler we rimliler bolsa gijäni dört bölege bölýärdiler. Isanyň günlerinde ýehudylar hem şol düzgüne eýerýärdi.

Dört Hoş habarda şol düzgüne ençeme gezek duş gelse bolýar. Meselem, Ýazgylarda Isanyň suwuň ýüzünden ýöräp, gaýykda oturan şägirtleriniň ýanyna baran wagtyna «gijäniň dördünji ýarymy» diýip aýdylýar (Mat. 14:25). Isa hem getiren mysalynda şeýle diýipdi: «Eger öý eýesi ogrynyň haýsy sagatda geljekdigini bilse, oýa bolardy we öýüni talamaga ýol bermezdi» (Mat. 24:43).

Isa şägirtlerine: «Şonuň üçin oýa boluň, sebäbi siz hojaýynyň öýe haçan geljekdigini bilmeýärsiňiz. Belki-de, ol agşam, ýarygije, daňdan ýa-da irden geler» diýende, gijäniň dört ýarymyny hem agzap geçdi (Mar. 13:35, çykgyt). Gün ýaşansoň agşam sagat dokuza çenli gijäniň birinji ýarymy hasaplanýardy. Dokuzdan gije sagat on ikä çenli gijäniň ikinji ýarymy, ýagny «ýarygije» hasaplanýardy. Gije sagat on ikiden üçe çenli aralyga bolsa, gijäniň üçünji ýarymy, ýagny «daňdan» ýa-da «horazlaryň gygyrýan wagty» diýilýärdi. Isanyň tussag edilen gijesi horaz gijäniň şol nobatynda gygyran bolmaly (Mar. 14:72). Daňdan sagat üçden Günüň dogýan wagtyna çenli bolsa gijäniň dördünji nobaty, ýagny «irden» hasaplanýardy.

Şol döwürler adamlarda wagtyň näçedigini bilmäge kömek edýän gurallar bolmasa-da, olar gije-gündizi hasaplap bilipdirler.