Zebur 63:1—11

  • Hudaýy küýsemek

    • «Wepaly söýgiň janymdan hem süýjüdir» (3)

    • «Sen maňa iň gowy paý berersiň» (5)

    • Uzak gije Hudaý hakda oýlanýaryn (6)

    • Ýüregim Hudaýa bagly (8)

Dawudyň Ýahudanyň çölünde ýazan aýdymy+. 63  Ýa Allam, sensiň meniň Hudaýym! Seni hemişe gözlärin+. Janym saňa teşne+,Gurak, takyr we suwsuz çölde,Seni küýsäp, ysgyn⁠-⁠mydarym galmady+.   Mukaddes mekanyňa baryp, sen hakda oýlanardym,Güýç⁠-⁠kuwwatyňy, şan⁠-⁠şöhratyňy görerdim+.   Wepaly söýgiň* janymdan hem süýjüdir+,Dilim saňa alkyş aýdar+.   Seni ömürboýy şöhratlandyraryn,Ellerimi galdyryp doga ederin,Adyňy dilimden düşürmerin.   Sen maňa iň gowy paý berersiň,Seni begenip wasp ederin+.   Düşegimde ýatanymda, seni ýatlaryn,Uzak gije sen hakda oýlanaryn+.   Sen hemaýatkärim+,Ganatlaryň astynda joşup aýdym aýdaryn+.   Saňa bagly ýüregim,Sag eliň bilen meni berk tutarsyň+.   Janymyň kastyna çykanlar,Gara ýere siňerler. 10  Olar gylyçdan gyrlar,Şagallara şam bolarlar. 11  Patyşa Hudaýyň işlerine şatlanar, Hudaýyň adyndan ant içenler buýsanar,Ýalançylaryň dili kesiler.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.