1 Patyşalar 18:1—46

  • Ylýas Abdyýar we Ahap bilen görüşýär (1—18)

  • Karmelde Bagalyň pygamberlerine garşy çykan Ylýas (19—40)

    • «Ikigöwünli bolup, yraň atyp ýörmek» (21)

  • Üç ýarym ýyla çeken gurakçylyk (41—46)

18  Aradan birnäçe wagt geçdi. Üçünji ýyl+ diýlende, Ýehowa Ylýasa: «Ahabyň ýanyna git. Men ýurda ýagyş ýagdyrjak»+ diýdi.  Ylýas Ahabyň ýanyna gitdi. Şol wagt Samariýada açlyk güýjäpdi+.  Ahap baş weziri* Abdyýary ýanyna çagyrdy. Abdyýar Ýehowadan gorkýan* adamdy.  Izabel+ Ýehowanyň pygamberlerini gyryp ýörkä, Abdyýar 100 pygamberi elli⁠-⁠elliden gowakda gizläp, iýjek çöregini, içjek suwuny ýetirip durupdy.  Ahap Abdyýara: «Ýurduň ähli çeşmelerine, jülgelerine aýlanyp çyk. Belki, atlary we gatyrlary açlykdan halas eder ýaly ot tapylar. Malymyz gyrlyp gutarmasyn» diýdi.  Olar kimiň haýsy tarapa gitjegini maslahatlaşdylar. Şeýlelikde, Ahap bir tarapa, Abdyýar başga tarapa gitdi.  Abdyýar ýolda barýarka, öňünden Ylýas çykdy. Abdyýar ony gören badyna tanap, dyza çökdi⁠-⁠de: «Ylýas, agam, senmi?»+ diýdi.  Ylýas: «Hawa, men. Bar, hojaýynyňa: „Ylýas gelipdir“ diýip aýt» diýdi.  Abdyýar: «Näme, meni* Ahabyň eline berip, öldürtjek bolýaňmy? Men näme günä etdim? 10  Ýehowa Hudaýyň diri şaýatdyr, patyşanyň seni gözläp, adam ibermedik halky ýa patyşalygy galmady. „Ylýas bärde ýok“ diýseler, Ahap şol halka we patyşalyga ant içirdi+. 11  Sen bolsa: „Bar, hojaýynyňa: „Ylýas gelipdir“ diýip aýt“ diýýäň. 12  Men ýanyňdan giden badyma, Ýehowanyň ruhy seni bir ýerlere äkider+. Men⁠-⁠ä baryp, Ahaba seniň gelendigiňi aýtsam, ol hem seni tapmasa, meni öldürer ahyryn. Men ýaşlygymdan bäri Ýehowa ýürekden gulluk edýärin*. 13  Agam, Izabel Ýehowanyň pygamberlerini öldürende, Ýehowanyň 100 pygamberini elli⁠-⁠elliden gowakda gizläp, çöregini, suwuny ýetirip duranymy+ saňa aýtmadylarmy? 14  Indi gidip, hojaýynyma: „Ylýas gelipdir“ diýsem, ol meni öldürer» diýdi. 15  Şonda Ylýas: «Gulluk edýän Serkerdebaşy Hudaýym Ýehowa diri şaýatdyr, şu gün Ahabyň ýanyna hökman bararyn» diýdi. 16  Abdyýar gidip, muny Ahaba habar berdi. Ahap Ylýasy garşy almaga çykdy. 17  Ahap Ylýasy gören badyna: «Ahyry geldiňmi, Ysraýylyň başyna betbagtçylyk getiren adam?!» diýdi. 18  Emma Ylýas: «Ysraýylyň başyna betbagtçylygy men däl⁠-⁠de, seniň bilen ataň öýi getirdi. Siz Ýehowanyň tabşyryklaryny bozup, Bagal butlaryna sežde etdiňiz+. 19  Tutuş ysraýyl halkyny Karmel dagyna+ ýygna. Izabeliň saçagyndan çörek iýýän Bagalyň 450 pygamberini we keramatly pürse*+ sežde edýän 400 pygamberi⁠-⁠de çagyr» diýdi. 20  Ahap tutuş Ysraýyl halkyna habar ýollap, pygamberleri Karmel dagyna ýygnady. 21  Ylýas halkyň öňüne çykyp: «Siz haçana çenli ikigöwünli bolup+, yraň atyp* ýörjek? Eger Ýehowa hak Hudaý bolsa, oňa sežde ediň+, Bagal Hudaý bolýan bolsa, onda oňa sežde ediň!» diýdi. Emma halk hiç zat jogap bermedi. 22  Soňra Ylýas adamlara: «Ýehowanyň pygamberlerinden diňe men galdym+, Bagalyň welin 450 pygamberi bar. 23  Bize iki öküzçe bersinler. Bagalyň pygamberleri öküzçeleriň birini saýlap böleklesin⁠-⁠de, odunlaryň üstünde goýsun, ýöne ot ýakmasyn. Menem beýleki öküzçäni bölekläp, odunlaryň üstünde goýaryn, ýöne ot ýakmaryn. 24  Soňra siz öz taňryňyzy çagyryň+, men bolsa Ýehowany çagyraýyn. Haýsy Hudaý gökden ot iberip jogap berse, şol hem hak Hudaýdyr»+ diýdi. Şonda tutuş halk muny makullady. 25  Ylýas Bagalyň pygamberlerine: «Siz köpçülik, şonuň üçin bir öküzçäni saýlaň⁠-⁠da, gurbanlygy ilki siz taýynlaň. Soňam öz taňryňyzy çagyryň, ýöne ot ýakmaň» diýdi. 26  Olar bir öküzçäni saýlap böleklediler⁠-⁠de, irdenden günortana çenli Bagaly çagyryp: «Eý Bagal, jogap ber!» diýip gygyryşdylar. Emma ne jogap boldy, ne⁠-⁠de bir ses çykdy+. Olar guran gurbanlyk ojagynyň* daşyndan yraň atyşyp aýlanýardylar. 27  Günortana golaý Ylýas olaryň üstünden gülüp: «Gatyrak gygyryň! Ol hudaý ahyryn!+ Belki, ol pikirlenip oturandyr ýa⁠-⁠da aýakýoluna çykandyr*, ýa uklap ýatandyr, biri baryp turuzmalydyr» diýdi. 28  Olar sesiniň ýetdiginden gygyryşyp, öz adatyna görä, pyçak we naýza bilen endam⁠-⁠janlaryny ýaralap, gara gan etdiler. 29  Günortandan soňam, agşamky galla sadakasynyň berilýän wagtyna çenli akylyndan azaşan adamlar ýaly, geň⁠-⁠taň* hereketleri etdiler. Emma hiç kim jogap bermedi, hiç hili ses çykmady, hiç zat üýtgemedi+. 30  Ahyry Ylýas bütin halka: «Ýanyma geliň» diýdi. Halk gelende, Ylýas Ýehowanyň ýumrulyp ýatan gurbanlyk ojagyny+ täzeden gurdy. 31  Ol Ýakubyň ogullaryndan dörän taýpalaryň sanyna görä 12 daş aldy. Ýehowa Ýakuba: «Seniň adyň Ysraýyl bolar»+ diýipdi. 32  Ylýas şol daşlardan Ýehowanyň adyna gurbanlyk ojagyny gurup+, daş⁠-⁠töweregini gazdy. Çukuryň giňligi şeýle uludy welin, oňa iki kersen* tohum ekip bolýardy. 33  Ylýas odunlary tertipleşdirip goýdy⁠-⁠da, öküzçäni bölekläp, odunlaryň üstünde goýdy+. Soňra ol: «Dört sany uly küýzäni suwdan dolduryp, ýakma gurbanlygyň hem⁠-⁠de odunlaryň üstüne guýuň» diýdi. 34  Ylýas ýene dört küýze suw getirip guýmagy tabşyrdy, olar ýene suw getirip guýdular. Ylýas üçünji gezek: «Hany, ýene bir guýuň» diýdi. Olar üçünji gezegem suw guýdular. 35  Suw gurbanlyk ojagynyň daş⁠-⁠töweregine akyp başlady. Ylýas çukuryň içini hem suwdan doldurdy. 36  Agşamky galla sadakasynyň berilýän wagty+ Ylýas pygamber gurbanlyk ojagynyň ýanyna baryp: «Ybraýymyň+, Yshagyň+, Ysraýylyň Hudaýy Ýehowa! Goý, şu gün hemmeler seniň Ysraýylda Hudaýdygyňy, meniň saňa gulluk edýändigimi, ähli zady seniň buýrugyň bilen edýändigimi bilsin+. 37  Eý Ýehowa, dilegimi eşidip, jogap ber! Ýehowa, goý, halk seniň hak Hudaýdygyňa düşünip, saňa dolansyn*»+ diýdi. 38  Şonda Ýehowa gökden ot inderip, ýakma gurbanlygyny+, odunlary, daşlary we topragy ýakyp kül etdi, hatda çukuryň içindäki suw hem gurady+. 39  Muny gören halk ýüzüni ýere berip: «Ýehowa hak Hudaýdyr, Ýehowa hak Hudaýdyr!» diýdi. 40  Ylýas: «Bagalyň pygamberlerini tutuň! Birini⁠-⁠de sypdyrmaň!» diýdi. Adamlar pygamberleri dessine tutdular. Ylýas bolsa olary Kişon çeşmesiniň+ boýuna eltip öldürdi+. 41  Soňra Ylýas Ahaba: «Git⁠-⁠de, iýip iç, güýçli ýagşyň sesi gelýär»+ diýdi. 42  Ahap iýip⁠-⁠içmäge gitdi. Ylýas bolsa Karmel dagynyň depesine çykyp, dyza çökdi⁠-⁠de, eglip, ýüzüni ýere berdi+. 43  Soňra ol hyzmatkärine: «Ýokarrak çykyp, deňze tarap seredip gör» diýdi. Hyzmatkär gidip seretdi⁠-⁠de: «Görünýän zad⁠-⁠a ýok» diýdi. Ylýas: «Bar, ýene görüp gaýt» diýdi. Şeýdip, ol hyzmatkärini ýedi gezek iberdi. 44  Hyzmatkär ýedinji gezek gidip seredende: «Hanha, deňizden eliň aýasy ýaly bir bölek bulut ýokaryk göterilip barýar» diýdi. Ylýas: «Bar, Ahaba: „Arabaňa mün⁠-⁠de, ýagyşda galmaz ýaly, basymrak ýola düş!“ diý» diýip tabşyrdy. 45  Şonda asmanyň ýüzüni gara bulut büredi, ýel turup, güýçli ýagyş ýagyp başlady+. Ahap arabasyna münüp, Ýizregele+ barýardy. 46  Ylýas bolsa bilini berk guşady⁠-⁠da*, tä Ýizregele çenli Ahabyň öňünden ylgap gitdi, sebäbi Ýehowa Ylýasa täsin güýç beripdi*.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: köşk dolandyryjysy.
Sözme⁠-⁠söz: juda gorkýan.
Sözme⁠-⁠söz: guluňy.
Sözme⁠-⁠söz: gorkup ýaşaýaryn.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: agsap.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: syýahat etmäge gidendir.
Ýa⁠-⁠da: pygamberler ýaly.
Sözme⁠-⁠söz: olaryň ýüregini özüňe öwürýändigiňi bilsin.
Ýa⁠-⁠da: donunyň etegini biline daňdy⁠-⁠da.
Sözme⁠-⁠söz: Ýehowanyň eli onuň üstündedi.