Markus 13:1—37

  • DÜNÝÄNIŇ SOŇY (1—37)

    • Uruşlar, ýertitremeler, açlyk (8)

    • Hoş habar wagyz ediler (10)

    • Uly betbagtçylyk (19)

    • Ynsan oglunyň gelmegi (26)

    • Injir agajy baradaky mysal (28—31)

    • Oýa bolmak (32—37)

13  Isa ybadathanadan çykyp gelýärkä, şägirtleriniň biri: «Mugallym, daşlaryň we binalaryň owadanlygyna seret!»+ diýdi.  Isa bolsa: «Siz binalaryň beýikligine haýran galýaňyzmy? Şu ýerde daş üstünde daş galmaz, ählisi ýumrular»+ diýdi.  Isa Zeýtun dagynda ýeke özi otyrka, Petrus, Ýakup, Ýahýa we Andreas ýanyna baryp:  «Aýdan zatlaryň haçan bolar? Ähli zadyň soňunyň gelendigini haýsy alamatdan bilse bolar?»+ diýip soradylar.  Isa olara şeýle gürrüň berdi: «Seresap boluň, sizi aldaýmasynlar+.  Köpler meniň adymdan gelip: „Men Mesih“ diýip, köp adamlary aldarlar.  Şeýle⁠-⁠de siz uruş seslerini we uruş baradaky habarlary eşidersiňiz. Howsala düşäýmäň, sebäbi şeýle zatlar bolmalydyr, ýöne entek dünýäniň soňy däldir+.  Millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar+. Käbir ýerlerde ýertitremeler we açlyk bolar+. Emma olar betbagtçylygyň* başlangyjydyr+.  Ägä boluň, adamlar sizi kazyýete elterler+ we sinagogalarda urarlar+. Meniň adym üçin sizi hökümdarlaryň, patyşalaryň öňüne alyp bararlar, şonda wagyz etmäge mümkinçilik bolar+. 10  Ýöne ilki bilen Patyşalyk baradaky hoş habar ähli milletlere wagyz ediler+. 11  Sizi häkimiýetleriň öňüne eltenlerinde, näme aýdaryn diýip alada etmäň. Näme diýmelidigini şol wagt bilersiňiz, sebäbi siz öz güýjüňiz bilen däl⁠-⁠de, mukaddes ruhuň kömegi bilen geplärsiňiz+. 12  Şeýle⁠-⁠de adamlar doganyny ölüme tabşyrarlar. Ata öz çagasyna, çagalar hem ene⁠-⁠atasyna garşy çykyp, olary öldürerler+. 13  Meniň şägirdim bolanyňyz üçin hemmeler sizi ýigrener+. Emma soňuna çenli+ çydan halas bolar+. 14  Siz weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň+ durmaly däl ýerde durandygyny göreniňizde (muny okaýan düşünjek bolsun), Ýahudadakylar daglara gaçsyn+. 15  Şonda jaýyň üçegindäki adam zadyny almak üçin öýüne girmesin. 16  Mellekdäki daýhan öýünde galan zatlaryny, ýagny donuny almak üçin yzyna dolanmasyn. 17  Şol günler göwreli we çaga emdirýän aýallaryň dat gününe!+ 18  Gaçmaly günüňiz gyş bolmaz ýaly doga ediň. 19  Şonda şeýle bir betbagtçylyk bolar+ welin, dünýä döräli bäri şeýle betbagtçylyk şu güne çenli ne bolandyr, ne⁠-⁠de bolar+. 20  Eger Ýehowa* şol günleri gysgaltmadyk bolsa, hiç kim halas bolmazdy. Ýöne saýlananlaryň hatyrasyna ol günler gysgaldyldy+. 21  Size „Serediň, Mesih bärde!“ ýa⁠-⁠da „Ol ýerde!“ diýseler ynanmaň+. 22  Sebäbi ýalan Mesihler we ýalan pygamberler dörär+. Olar saýlananlary⁠-⁠da aldamak üçin alamatlar we gudratlar görkezerler. 23  Şonuň üçin oýa boluň+. Size ähli zady öňünden duýdurýaryn. 24  Şol günlerdäki betbagtçylykdan soň, Günüň ýüzi garalar, Aý ýagtylyk bermez+, 25  gökden ýyldyzlar gaçar we asman jisimleri* titrär. 26  Olar Ynsan oglunyň+ asman bulutlarynyň içinden uly güýç we şöhrat bilen gelýänini görerler+. 27  Ol perişdelerini iberer. Olar ýeriň dört künjeginden*, ýeriň bir ujundan asmanyň beýleki ujuna çenli saýlananlary ýygnarlar+. 28  Injir agajyndan sapak ediniň: onuň şahalary pyntyklap, ýaprak çykaryp başlanda, tomsuň golaýlandygyny bilýärsiňiz+. 29  Şonuň ýaly siz hem şu zatlary göreniňizde, Ynsan oglunyň golaýdadygyny, gapynyň agzynda durandygyny biliň+. 30  Size hakykaty aýdýaryn, şu nesil dünýäden ötmänkä, ählisi berjaý bolar+. 31  Gök we ýer geçip gider+, ýöne meniň sözlerim ebedi galar+. 32  Şol güni ýa sagady hiç kim, gökdäki perişdeler⁠-⁠de, Ogul⁠-⁠da bilýän däldir, diňe Ata bilýändir+. 33  Hüşgär boluň, oýa boluň!+ Sebäbi bellenen wagty bilmeýärsiňiz+. 34  Muny öýüni goýup, başga ýurda giden adama meňzetse bolýar+. Ol gitmezden öň, gullaryna öýüni ynanyp, hersine iş tabşyrýar, garawulyna oýa bolmagy buýurýar+. 35  Oýa boluň, sebäbi hojaýynyň öýe haçan geljekdigini bilmeýärsiňiz+. Belki, ol Gün ýaşmanka, ýarygije, daňdan* ýa⁠-⁠da irden geler+. 36  Ol duýdansyz gelip, uklap ýatanyňyzy göräýmesin+. 37  Size aýdýanymy hemmelere aýdýaryn, oýa boluň!»+

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: burgularyň.
Sözme⁠-⁠söz: gögüň güýçleri.
Sözme⁠-⁠söz: ýelinden.
Sözme⁠-⁠söz: horaz gygyranda.