Birinji Musa 8:1—22

  • Suw peselip başlaýar (1—14)

    • Nuh kepderi uçurýar (8—12)

  • Gämiden çykylýar (15—19)

  • Hudaýyň ýer ýüzi hakda wadasy (20—22)

8  Soňra Hudaý Nuhy we onuň bilen gämä giren ýabany hem⁠-⁠de öý haýwanlary ýadyna saldy+. Hudaý ýer ýüzüne ýel öwüsdirdi welin, suw peselip başlady.  Gök gümmeziniň* ähli çeşmeleri we asmanyň bentleri baglandy. Guýup duran ýagyş diňdi+.  Suw kem⁠-⁠kemden çekilip başlady, 150 günden suw ep⁠-⁠esli azaldy.  Ýedinji aýyň 17⁠-⁠sine gämi Ararat daglaryna gelip durdy.  Onunjy aýa çenli suw gitdigiçe azalyp, onunjy aýyň birine daglaryň depesi göründi+.  Nuh 40 günden soň gäminiň penjiresini açyp+,  bir gargany uçurdy. Ýöne heniz gury ýer ýokdy. Garga uçup gitse⁠-⁠de, aýlanyp⁠-⁠aýlanyp, ýene yzyna gelerdi.  Soňra Nuh suwuň çekilenini⁠-⁠çekilmänini biljek bolup, bir kepderini uçurdy.  Kepderi gonara ýer tapman, yzyna geldi. Sebäbi bütin ýer ýüzüni entegem suw basyp durdy+. Nuh elini çykaryp, kepderini gämä saldy. 10  Ýedi günden kepderini ýene⁠-⁠de uçurdy. 11  Kepderi agşamara yzyna gaýdyp geldi, çüňkünde⁠-⁠de ýaňyja ýolnan zeýtun ýapragy bardy. Şonda Nuh suwuň çekilip ugrandygyna düşündi+. 12  Ol ýene⁠-⁠de ýedi gün garaşyp, kepderini uçurdy. Bu gezek kepderi yzyna gelmedi. 13  Nuhuň ömrüniň 601⁠-⁠nji ýylynda+, birinji aýyň birine suw ýer ýüzünden çekildi. Nuh gäminiň üçegini açyp görse, ýer gurap başlan eken. 14  Ikinji aýyň 27⁠-⁠sine ýer doly gurady. 15  Şonda Hudaý Nuha: 16  «Aýalyň, ogullaryň, gelinleriň bilen gämiden çyk+. 17  Ähli janly⁠-⁠jandarlary+, uçýan jandarlary, süýrenijileri we beýleki haýwanlary⁠-⁠da çykar. Goý, olar köpelip, sany artsyn, ýer ýüzüni doldursyn»+ diýdi. 18  Nuh aýalyny, ogullaryny+, gelinlerini alyp, gämiden çykdy. 19  Ähli janly⁠-⁠jandarlar, süýrenijiler, uçýan jandarlar, ýer ýüzündäki her dürli haýwanlar topar⁠-⁠topar bolup gämiden çykdylar+. 20  Soňra Nuh Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny*+ gurup, halal haýwanlaryň we halal guşlaryň+ birnäçesini ýakma gurbanlygy edip hödürledi+. 21  Ýehowa gurbanlyklaryň ýakymly ysyny halady*. Şonda Ýehowa içinden: «Gaýdyp adam sebäpli, topragy näletlemerin*+. Sebäbi ynsan ýüregi ýaşlygyndan erbetlige ýykgyndyr+. Indi ynsanlary hem haýwanlary hiç haçan beýdip ýok etmerin+. 22  Mundan beýläk ýer ýüzünde ekin⁠-⁠dikiniň, hasylyň, yssy⁠-⁠sowugyň, gyşyň⁠-⁠ýazyň, gije⁠-⁠gündiziň yzy üzülmez»+ diýdi.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Düýpsüz çuňlugyň.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: Gurbanlyklaryň ýakymly ysy Ýehowanyň gaharyny ýatyrdy.
Ýa⁠-⁠da: ýer ýüzüne betbagtçylyk indermerin.