Birinji Musa 19:1—38

  • Lutuň ýanyna perişdeler gelýär (1—11)

  • Luta we maşgalasyna şäherden çykmak tabşyrylýar (12—22)

  • Sodom bilen Gomorra weýran edilýär (23—29)

    • Lutuň aýaly duz sütünine öwrülýär (26)

  • Lut bilen gyzlary (30—38)

    • Mowap we ammon halkynyň döreýşi (37, 38)

19  Ýaňky iki perişde agşamara Sodoma bardy. Şol wagt Lut şäher derwezesiniň agzynda otyrdy. Lut olary gören badyna, ýerinden turup, öňlerinden çykdy⁠-⁠da, iki bükülip, tagzym etdi+.  Soňam olara: «Agalarym, ýörüň, öýe gideliň, aýagyňyzy ýuwarsyňyz. Bizde ýatyp gidiň, ertir irden ýola düşersiňiz» diýdi. Olar: «Ýok, alada galma, şäheriň meýdançasynda ýatarys» diýdiler.  Ýöne Lut ýalbaryp duransoň, olar razylaşdylar. Ol myhmanlar üçin petir* bişirip, uludan saçak ýazdy, olaram iýip içdiler.  Ýatjak bolup otyrkalar, Sodomdaky erkekleriň 7 ýaşdan 70 ýaşlysyna çenli Lutuň öýüniň daşyny gabady.  Olar Luta: «Agşam öýüňe gelen myhmanlar hany? Daşaryk çykarsana, olar bilen gowuja göwnümizi hoşlaly!*» diýip gygyryşdylar+.  Lut daşaryk çykyp, gapyny ýapdy⁠-⁠da:  «Doganlar, ýalbarýaryn, beýle azgynlyk etmäň.  Ynha, iki sany durmuşa çykmadyk gyzym bar. Şolary getireýin, näme etseňiz ediň. Öýüme* gelen myhmanlara bir degmäň»+ diýdi.  Olar bolsa: «Çekilsen⁠-⁠aý! Öz⁠-⁠ä bir gelmişek welin, bize akyl satjak bolýar! Indi seni edişimize bir seret!» diýip, Lutuň üstüne topulyp, gapyny döwjek boldular. 10  Şonda içerdäki adamlar* Luty çekip, öýe saldylar⁠-⁠da, gapyny ýapdylar. 11  Olar gapynyň agzynda duran adamlaryň uludan⁠-⁠kiçä barynyň gözüni gapdylar. Adamlar bolsa gapyny tapjak bolup, iki ýana urundylar. 12  Ýaňky iki adam Luta: «Şäherde başga dogan⁠-⁠garyndaşyň barmy? Giýewleriňi, ogul⁠-⁠gyzlaryňy, garaz, hemme garyndaşlaryňy al⁠-⁠da, şäherden çyk. 13  Biz şäheri weýran etjek bolýarys, şu halka garşy edilýän ahy⁠-⁠nala Ýehowa baryp ýetdi+. Şonuň üçin Ýehowa bizi şäheri weýran etmäge iberdi» diýdiler. 14  Lut gyzlaryna öýlenjek bolýan ýigitleriň* ýanyna baryp: «Hany, boluň, bärden tizräk gideliň, Ýehowa şäheri ýok etjek bolýar» diýdi. Olar bolsa Lut oýun edýändir öýtdüler+. 15  Jahan ýagtylyp ugranda, perişdeler: «Bol çaltrak! Şäherdäki azgyn adamlar bilen heläk bolmaz ýaly, aýalyňy, iki gyzyňy al⁠-⁠da, bärden git!»+ diýip, Luty gyssap başladylar. 16  Ýöne Lut eglendi. Şonda ýaňky adamlar Lutuň, aýalynyň we iki gyzynyň elinden tutup, şäherden çykardylar+. Sebäbi Ýehowa Luta rehim edipdi+. 17  Şäherden çykanlarynda, perişdeleriň biri: «Baryň, gaçyň, janyňyzy halas ediň! Yzyňyza seretmäň+, düzlük* gutarýança, hiç ýerde saklanaýmaň+. Daga gaçyň, ýogsam heläk bolarsyňyz!» diýdi. 18  Lut bolsa: «Ýehowa, ýalbarýaryn, daga gaç diýme! 19  Menden razy bolup, janymy halas etdiň+, uly ýagşylyk etdiň*. Ýöne daga gaçmaýyn, ol ýerde betbagtçylyga uçrap, heläk bolaryn öýdýärin+. 20  Ine şu golaýda kiçiräk şäher bar, şoňa gaçaýyn. Şol ýere gaçyp gizlensem bolmazmy? Ol bir kiçijik şäher⁠-⁠ä» diýdi. 21  Şonda ol: «Bolýar, goý, seniň diýeniň bolsun+. Şol şäheri ýok etmerin+. 22  Ýöne çaltrak gaç, ol ýere barýançaň, men hiç zat edip bilmerin»+ diýdi. Şonuň üçin şol şähere Sogar*+ diýilýär. 23  Gün doganda, Lut Sogara ýetdi. 24  Şonda Ýehowa Sodom we Gomorra şäherlerine ot bilen kükürt ýagdyrdy. Şeýlelikde, Ýehowa gökden ot bilen kükürt indirip+, 25  şol şäherleri, bütin ülkäni*, ilatyndan gök otuna çenli kül edip taşlady+. 26  Lutuň aýaly yzdan ýöräp gelýärdi. Ol yzyna seretdi welin, duz sütünine öwrüldi+. 27  Ybraýym ir bilen turup, Ýehowa bilen gepleşen ýerine gitdi+. 28  Ol Sodom bilen Gomorra we olaryň töweregine seredende, ini tikenekläp gitdi. Şol ýerde ojakdan çykýan ýaly, gara tüsse asmana göterilýärdi+. 29  Hudaý şol ülkedäki şäherleri ýok edende, Ybraýymyň haýyşyny ýatdan çykarmandy. Ol Lutuň ýaşaýan şäherlerini weýran etse⁠-⁠de, Luty halas etdi+. 30  Soňra Lut Sogarda+ ýaşamakdan gorkup, iki gyzy bilen daga gitdi+. Şeýdip, olar gowakda ýaşap başladylar. 31  Uly gyzy kiçisine: «Kakamyz⁠-⁠a garrapdyr. Ulus⁠-⁠iliň edişi ýaly maşgala guraly diýseg⁠-⁠ä, bärde bize öýlenjek adam ýok. 32  Gel, kakamyzy serhoş edip, onuň bilen ýataly. Çagamyz bolar, kakamyzyň hem ady ýitmez» diýdi. 33  Şol gije olar kakalaryna şerap içirip, serhoş etdiler. Uly gyzy baryp, onuň bilen ýatdy, ýöne Lut gyzynyň gelip gidenini hem bilmedi. 34  Ertesi uly gyzy kiçisine: «Geçen agşam⁠-⁠a kakam bilen men ýatdym. Gel, bu gije⁠-⁠de şerap içireli. Senem onuň bilen ýat. Şeýdip, kakamyzyň neslini dowam etdireris» diýdi. 35  Olar şol gije⁠-⁠de kakalaryny serhoş etdiler. Soňra kiçi gyzy baryp, onuň bilen ýatdy, ýöne Lut gyzynyň gelip gidenini hem bilmedi. 36  Şeýlelikde, Lutuň iki gyzam ondan göwreli boldy. 37  Uly gyzy bir ogul dogrup, adyna Mowap+ dakdy. Ondan mowap halky+ döredi. 38  Kiçi gyzynyň⁠-⁠da ogly bolup, adyna Benam dakdy. Ondan ammon halky+ döredi.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: hamyrmaýasyz çörek.
Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Sözme⁠-⁠söz: Öýümden pena gözläp.
Adam keşbine giren perişdeler göz öňünde tutulýar.
Ýa⁠-⁠da: giýewleriniň.
Iordan jülgesinden Sogara çenli aralyk göz öňünde tutulýar.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgiňi bildirdiň.
Manysy: Kiçijik.
Iordan jülgesinden Sogara çenli aralyk göz öňünde tutulýar.