Esasy materiala geçiň

Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin syýasy çärelere gatnaşmaýar?

Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin syýasy çärelere gatnaşmaýar?

 Ýehowanyň Şaýatlary hökümete we döwlet nyşanlaryna hormat goýýar. Biz adamlary kasam içýändigi, gimn aýdýandygy we baýdaga tagzym edýändigi üçin ýazgarmaýarys.

 Ýöne Ýehowanyň Şaýatlary şeýle çärelere gatnaşmaýarlar, sebäbi bu zatlar Mukaddes Kitabyň taglymatlaryna garşy gelýär. Biz adamlaryň garaýşyna hormat goýýarys, şonuň üçin olar hem biziň garaýşymyza hormat goýanda begenýäris.

Makalada şulara serederis:

 Mukaddes Kitapda syýasy çäreler hakda näme diýilýär?

 Biz iki sebäbe görä syýasy çärelere gatnaşmaýarys:

  •   Biz diňe Hudaýa sežde etmeli. Mukaddes Kitapda: «Ýehowa Hudaýyňa sežde etmeli, diňe oňa gulluk etmeli» diýilýär (Luka 4:8). Adam kasam içende we gimn aýdanda köplenç ähli zatdan öňürti ýurduna wepaly boljakdygyny söz berýär. Şonuň üçin Ýehowanyň Şaýatlary şeýle çärelere gatnaşmaýarlar.

     Şeýle-de Ýehowanyň Şaýatlary baýdaga tagzym etmegi butparazlyk hasaplaýarlar. Butparazlyk bolsa Mukaddes Kitapda ýazgarylýar (1 Korinfliler 10:14). Käbir taryhçylaryň aýtmagyna görä, döwlet baýdagy dini nyşan hasaplanýar. Taryhçy Karlton Heýs: «Baýdak milletparazlygyň baş nyşany bolup, oňa sežde edilýär» diýdi a. Danyýel Manniks atly adam bolsa şeýle sözleri aýtdy: «I asyrdaky mesihçiler Rim imperatoryna gurban getirmekden boýun gaçyrdylar. Şu günler muny baýdaga sežde etmekden boýun gaçyrmak bilen deňeşdirse bolýar» b.

    Ýehowanyň Şaýatlary baýdaga tagzym etmeseler-de, ony depelemeýärler, ýakmaýarlar we haraplamaýarlar. Gaýtam baýdaga we beýleki döwlet nyşanlaryna hormat goýýarlar.

  •   Hudaý adamlary ala tutmaýar (Resullar 10:34, 35). Mukaddes Kitapda Hudaýyň «bir adam arkaly ähli milletleri döredendigi» aýdylýar (Resullar 17:26). Şonuň üçin Ýehowanyň Şaýatlary bir milleti ýa-da taýpany başga bir milletden ýa taýpadan ýokary tutmaýar. Biz adamyň asly nireli bolsa-da, hemmelere hormat goýýarys (1 Petrus 2:17).

 Döwletiň kanuny syýasy çärelere gatnaşmagy talap edýän bolsa näme etmeli?

 Ýehowanyň Şaýatlary döwlete garşy çykmaýarlar. Biz Hudaýyň häkimiýetlere höküm sürmäge ýol berýändigini bilýäris (Rimliler 13:1—7). Şonuň üçin häkimiýetlere tabyn bolýarys (Luka 20:25).

 Eger hökümetiň kanuny Hudaýyň kanuna garşy gelse näme etmeli? Käbir ýagdaýlarda hökümete ýüz tutup, kanunlara düzediş girizmegi haýyş edip bolýar c. Ýöne şeýle mümkinçilik bolmasa, Ýehowanyň Şaýatlary «adamlara däl-de, Hökümdar Hudaýymyza gulak asmaly» diýen tabşyryga eýerýärler (Resullar 5:29).

 Ýehowanyň Şaýatlary belli bir syýasy garaýşy öňe sürýärmi?

 Ýok. Ýehowanyň Şaýatlary jemgyýetçilik we syýasy meselelerde hiç kimiň tarapyny tutmaýarlar. Biz kasam içmeýäris, baýdaga tagzym etmeýäris ýa-da döwlet gimnini aýtmaýarys. Ýöne şu zatlary syýasy garaýşymyzy öňe sürýändigimiz üçin däl-de, Mukaddes Kitabyň taglymatlaryna görä ýaşaýandygymyz üçin edýäris.

a Essays on Nationalism, sahypa 107, 108.

b The Way of the Gladiator, sahypa 212.