Luka 20:1—47

  • Isanyň ygtyýaryna şübhelenýärler (1—8)

  • Ganhor bagbanlar (9—19)

  • Hudaý we Patyşa (20—26)

  • Direliş hakda sorag (27—40)

  • Mesih Dawudyň oglumy? (41—44)

  • Kanunçylar babatda berlen duýduryş (45—47)

20  Bir gün Isa ybadathanada adamlara öwredip, hoş habary wagyz edip durka, uly ruhanylar, kanunçylar we ýaşulular gelip:  «Bize aýt, sen bulary kimiň güýji bilen edýärsiň? Kim saňa ygtyýar berdi?»+ diýip soradylar.  Isa şeýle diýdi: «Mende⁠-⁠de bir sorag bar. Şoňa jogap beriň:  „Ýahýa suwa çümdürmäge kim ygtyýar berdi? Hudaýmy ýa⁠-⁠da adamlar?*“»  Olar öz aralarynda şeýle diýişdiler: «Eger Hudaý* diýsek, „Onda näme üçin oňa ynanmadyňyz?“ diýer.  Eger adamlar diýsek, halk bizi daşlap öldürer, sebäbi olar Ýahýany pygamber hasaplaýarlar»+.  Şonda olar Ýahýanyň ygtyýary kimden alandygyny bilmeýäris diýdiler.  Isa olara: «Onda menem kimiň ygtyýary bilen edýändigimi aýtjak däl» diýdi.  Soňra Isa adamlara bir mysaly gürrüň berdi: «Bir adam melleginde üzüm ekip+, bagbanlara kärendesine berýär we uzak wagtlyk başga ýurda gidýär+. 10  Hasyl döwri bolsa biraz miwe almak üçin bagbanlaryň ýanyna guluny iberýär. Ýöne bagbanlar guly urup, hiç zat bermän goýberýärler+. 11  Ol başga bir guluny iberýär. Bagbanlar ony hem urup, kemsidip, hiç zat bermän goýberýärler. 12  Şonda ol üçünji guluny iberýär. Bagbanlar onuň endam⁠-⁠janyny ýaralap, kowup goýberýärler. 13  Soňra üzümçiligiň eýesi: „Indi näme etsemkäm? Gowy görýän oglumy ibereýin+. Olar oglumy⁠-⁠ha sylarlar“ diýýär. 14  Emma bagbanlar hojaýynyň ogluny görüp, biri⁠-⁠birine: „Ol üzümçiligiň mirasdüşeri. Geliň, ogluny öldüreliň, mirasy bize galar“ diýýärler. 15  Olar ogluny üzümçilikden çykaryp öldürýärler+. Indi üzümçiligiň eýesi bagbanlary näme eder? 16  Ol gelip, bagbanlary öldürer, üzümçiligi bolsa başgalara berer». Adamlar muny eşidip: «Beýle zat bolup bilmez» diýdiler. 17  Isa olara seredip: «Onda: „Ussalaryň zyňan daşy indi esasy daş* boldy“+ diýen sözler näme aňladýar? 18  Kim şol daşa büdrese, ýykylyp heläk bolar+. Daş kimiň üstüne gaçsa, ony mynjyradar» diýdi. 19  Kanunçylar we uly ruhanylar mysalyň özleri hakda aýdylandygyna düşünip, Isany şol wagt tussag etmek islediler, ýöne adamlardan gorkdular+. 20  Olar Isany sözünde tutmak üçin birnäçe adama hak tölediler+. Olar dogruçyl bolan bolup, Isa häkimiýete garşy bir zat diýdirip, hökümdara tabşyrjak boldular. 21  Olar Isa: «Mugallym, sen ýüz görmän, dogry zatlary aýdýarsyň. Hudaý barada hakykaty öwredýärsiň. 22  Aýtsana, patyşa* salgyt tölemek dogrumy ýa⁠-⁠da ýok?» diýdiler. 23  Isa olaryň mekirlik edýändigini bilip: 24  «Hany, maňa bir teňňe* görkeziň. Teňňede kimiň suraty, kimiň ady bar?» diýdi. Olar: «Patyşanyň*» diýip jogap berdiler. 25  Isa: «Onda patyşanyňkyny patyşa+, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň»+ diýdi. 26  Olar Isany sözünde tutup bilmediler, gaýtam beren jogabyna haýran galyp dymdylar. 27  Isanyň ýanyna direlişe ynanmaýan saddukeýler* gelip+: 28  «Mugallym, Musa pygamberiň aýtmagyna görä, bir adam perzentsiz dünýäden ötüp, yzynda aýaly galsa, dogany oňa öýlenip, neslini dowam etmeli+. 29  Ýedi dogan bardy. Olaryň birinjisi öýlenip, perzentsiz aradan çykdy. 30  Ikinji dogany bilen hem, 31  üçünji dogany bilen hem şeýle boldy. Şeýlelikde, ýedi doganyň ählisi ol aýala öýlenip, perzentsiz dünýäden ötdi. 32  Soňunda aýal hem aradan çykdy. 33  Doganlaryň ýedisi⁠-⁠de şol aýala öýlenipdi. Indi direlişde ol haýsysynyň aýaly bolar?» diýdiler. 34  Isa olara şeýle diýdi: «Şu dünýädäki* adamlar öýlenýärler, durmuşa çykýarlar. 35  Emma geljekki ýaşaýşa we direlişe mynasyp bolanlar ne öýlenerler, ne⁠-⁠de durmuşa çykarlar+. 36  Olar indi ölmezler, sebäbi perişdeler ýaly bolarlar. Olar direlip, Hudaýyň perzentleri bolarlar. 37  Aslynda, ölüleriň direljekdigi hakda Musa pygamber hem aýdypdy. Ol ýanyp duran ýandak baradaky wakany gürrüň berende, Ýehowa* „Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy“+ diýdi. 38  Ol ölüleriň däl, dirileriň Hudaýy. Sebäbi olaryň ählisi Hudaý üçin diridir»+. 39  Şonda käbir kanunçylar: «Mugallym, dogry aýtdyň» diýdiler. 40  Olar şondan soň sorag bermäge milt edip bilmediler. 41  Isa olara şeýle sorag berdi: «Adamlar näme üçin Mesihe Dawudyň ogly diýýärler?+ 42  Dawut Zebur kitabynda şeýle diýipdi: „Ýehowa* meniň Halypama: „Duşmanlaryňy aýagyňa basgançak edýänçäm, 43  sagymda otur“+ diýdi“. 44  Eger Dawut oňa Halypam diýen bolsa, ol nädip onuň ogly bolýar?» 45  Adamlar Isany diňläp durka, ol şägirtlerine: 46  «Kanunçylardan seresap boluň. Olar uzyn don geýip aýlanmagy gowy görýärler, bazarlarda adamlaryň hormat bilen salam bermeklerini isleýärler. Sinagogalarda öňdäki hatarlarda, myhmançylykda törde oturmagy halaýarlar+. 47  Olar dul aýallaryň öýlerini talaýarlar, göz üçin uzyn⁠-⁠uzyn doga⁠-⁠dileg edýärler. Olar has agyr jeza sezewar bolarlar» diýdi.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Gökden berildimi ýa⁠-⁠da adamlardan?
Sözme⁠-⁠söz: gökden.
Sözlüge serediň.
Rim imperatory Sezar.
Sözme⁠-⁠söz: dinar. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Rim imperatory Sezar.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: döwürdäki. Sözlüge serediň.