Esasy materiala geçiň

Ýehowanyň Şaýatlary halas bolmak üçin öýden-öýe wagyz edýärmi?

Ýehowanyň Şaýatlary halas bolmak üçin öýden-öýe wagyz edýärmi?

 Ýok. Biz öýden-öýe yhlasly wagyz edýäris, ýöne munuň bilen halas bolarys diýip pikir etmeýäris (Efesliler 2:8). Näme üçin?

 Oýlanyp görüň: Bir jomart adam aýdan wagtynda, çagyran ýerine gelen adamlara gymmatly sowgat berjekdigini wada berýär. Eger siz oňa ynansaňyz, aýdan ýerine gelersiňizmi? Elbetde gelersiňiz! Şeýle-de bu mümkinçilikden peýdalanar ýaly, siz dostlaryňyzy we maşgala agzalaryňyzy-da çagyrarsyňyz. Aslynda, siz bu sowgady şol adamyň aýdan wagty çagyran ýerine gelendigiňiz üçin alman, onuň bermek isleýändigi üçin alýarsyňyz.

 Şonuň ýaly, Ýehowanyň Şaýatlary Hudaýyň özüne gulak asýan adamlara ebedi ýaşaýyş berjekdigi baradaky wadasyna ynanýarlar (Rimliler 6:23). Ynanýan zatlarymyz barada adamlara gürrüň berip, biz olaryňam Hudaýyň wada eden ebedi ýaşaýşyny almagyny isleýäris. Emma biz wagyz edip halas bolarys diýip pikir etmeýäris (Rimliler 1:17; 3:28). Dogrudanam, hiç bir adam Hudaýyň şeýle ajaýyp sowgadyny öz güýji bilen gazanyp bilmese gerek. «Ol bizi dogry işlerimiz üçin däl, rehimdar bolany üçin halas etdi» (Titus 3:5).