Rimliler 1:1—32

  • Doganlyk salamy (1—7)

  • Pawlus Rime barmak isleýär (8—15)

  • Dogruçyl adam uzak ýaşar (16, 17)

  • Hudaýsyz adamlar bagyşlanmaz (18—32)

    • Hudaýyň häsiýetleri ýaradan zatlaryndan görünýär (20)

1  Size Isa Mesihiň guly Pawlus hat ýazýar. Mesih meni resul edip saýlap, Hudaýyň hoş habaryny wagyz etmäge iberdi+.  Hudaý hoş habaryň wagyz ediljekdigini pygamberler arkaly mukaddes kitaplarda wada beripdi.  Hoş habar Hudaýyň Ogly hakyndady. Ol Dawudyň neslinden gelmelidi+.  Ol mukaddes ruhuň güýji bilen direlende+, Hudaýyň Ogludygy+ belli boldy. Hawa, ol Halypamyz Isa Mesihdir.  Ähli milletler+ Isa iman edip, gulak asar ýaly we onuň adyny beýgelder ýaly, ol arkaly Hudaý ýagşylyk* edip, meni resul edip saýlady+.  Isa Mesihiň şägirdi bolmaga Hudaý sizi⁠-⁠de başga halklaryň arasyndan çagyrdy.  Men şu haty Rimdäki Hudaýyň söýýän adamlaryna we mukaddes bolmaga çagyrylanlara ýazýaryn. Atamyz Hudaý we Halypamyz Isa Mesih size ýagşylyk etsin hem parahatlyk bersin!  Ilki bilen, siziň üçin Isa Mesih arkaly Hudaýa minnetdarlyk aýdýaryn, sebäbi siziň imanyňyz hakda bütin dünýä eşitdi.  Men Hudaýyň Ogly baradaky hoş habary wagyz edip, ýürekden gulluk edýärin. Siziň üçin hemişe doga⁠-⁠dileg edýänimi+ Hudaý hem bilýändir. 10  Siziň ýanyňyza barmak üçin Hudaýa ýalbarýaryn. Eger Hudaý islese, siziň bilen görüşmegi umyt edýärin. 11  Sizi göresim gelýär, imanyňyzy berkidip, ruhlandyrasym* gelýär. 12  Şeýdip, biz imanymyz bilen biri⁠-⁠birimizi ruhlandyrarys+. 13  Doganlar, men ençeme gezek siziň ýanyňyza barmakçy boldum, ýöne baryp bilmedim. Men başga halklaryň arasyndaky ýaly, siziň hem araňyzda wagyz işiniň gowy netije berýändigini göresim gelýär. 14  Men ähli adamlaryň: grekleriň⁠-⁠de, başga halklaryň⁠-⁠da*, akyldarlaryň⁠-⁠da, akylsyzlaryň⁠-⁠da öňünde borçludyryn. 15  Şol sebäpli size⁠-⁠de, ýagny Rimde ýaşaýanlara⁠-⁠da hoş habary wagyz etmek isleýärin+. 16  Men hoş habary wagyz etmäge utanmaýaryn+. Hudaýyň güýji hoş habara iman edýän adamlaryň ählisini+, ilki ýehudylary+, soňra grekleri+ halas edýändir. 17  «Dogruçyl adam iman etse uzak ýaşar»+ diýlişi ýaly, Hudaý iman edýän adamlara hoş habar arkaly dogry kada⁠-⁠kanunlaryny öwredip, imanyny berkidýär+. 18  Hudaý zalym we erbet işleri edýänlere gökden gahar⁠-⁠gazabyny inderýär+. Olar adamlara Hudaý baradaky hakykaty bilmäge päsgel berýärler+. 19  Hudaý olara özüni tanatmak üçin ähli zady açyk⁠-⁠aýdyň görkezdi+. 20  Hudaý göze görünmese⁠-⁠de, ýaradan zatlaryndan+ gudratly güýjüni+ we häsiýetlerini+ görüp bolýar. Şonuň üçin hiç kim Hudaýy tanamaýaryn diýip, özüni aklap bilmez. 21  Olar Hudaýy tanasalar⁠-⁠da, ony sylamadylar, alkyş* aýtmadylar. Olar akylsyzdyr, hiç zada düşünýän däldir we ýürekleri gatandyr*+. 22  Olar akyllydyryn öýtseler⁠-⁠de, akylsyzdyrlar. 23  Olar baky Hudaýa alkyş aýtmagyň deregine, başy ölümli ynsanlaryň, guşlaryň, haýwanlaryň we süýrenijileriň heýkellerine alkyş aýdyp, sežde etdiler+. 24  Hudaý hem olara azgyn höweslerine görä ýaşamaga ýol berdi. Olaryň bedeni masgara bolar ýaly, haramlyga tabşyrdy. 25  Olar Hudaýyň açan hakykatyna däl⁠-⁠de, ýalan zatlara ynandylar. Ýaradyja däl⁠-⁠de, ýaradylan zatlara sežde edip*, hormat goýdular. Emma diňe Ýaradyjy ebedi alkyşa mynasypdyr. Omyn! 26  Şonuň üçinem Hudaý olary ýigrenji ahlaksyz höweslerine tabşyrdy+. Aýallar erkek adamlar bilen jynsy gatnaşyk etmegiň deregine, aýallar bilen ýatyp, tebigata garşy gelýän zady etdiler+. 27  Erkekler hem aýallar bilen jynsy gatnaşyk etmegiň deregine, erkekler bilen ýatyp+, tebigata garşy gelýän zady etdiler. Olar azgynlyk edendikleri üçin jezasyny alarlar+. 28  Olar Hudaý hakda dogry bilim almagy wajyp hasaplamadylar. Şonuň üçin hem Hudaý olary erbet pikirlere we azgynçylyga tabşyrdy+. 29  Olar diňe adalatsyzlyk+, zalymlyk, açgözlük*+ we erbetlik hakda pikir edýärler. Olar görip+, ganhor+, dawaçyl, ýalançy+, gaharjaň+, gybatçy, 30  töhmetçi+, Hudaýy ýigrenýän, ulumsy, tekepbir, öwünjeň, ýaman niýetli*, ene⁠-⁠ata gulak asmaýan+, 31  düşünjesiz+, beren sözünde durmaýan, dogan⁠-⁠garyndaşlaryny söýmeýän, rehimsiz adamlardyr. 32  Olar Hudaýyň şeýle adamlary ölüme mynasyp görýändigini gowy bilýärler+. Emma şonda⁠-⁠da erbet işlerinden el çekmän, gaýtam erbetlik edýänleri hem makullaýarlar.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: ruhy sowgat beresim.
Sözme⁠-⁠söz: warwarlaryň⁠-⁠da. Grekçe geplemeýän adamlar.
Ýa⁠-⁠da: minnetdarlyk.
Sözme⁠-⁠söz: garaňkylykdadyr.
Sözme⁠-⁠söz: mukaddes gullugy berjaý edip.
Ýa⁠-⁠da: gysgançlyk.
Ýa⁠-⁠da: erbet zatlary oýlap tapýan.