Esasy materiala geçiň

Isa nädip halas edýär?

Isa nädip halas edýär?

Mukaddes Kitabyň jogaby

Isa janyny gurban berip, hudaýhon adamlary halas etdi (Matta 20:28). Mukaddes Kitapda Isa pygambere «dünýäniň halasgäri» diýilýär (1 Ýahýa 4:14). Şeýle-de Mukaddes Kitapda: «Adamlary ondan başga hiç kim halas edip bilmez. Hudaý diňe ol arkaly halas eder» diýilýär (Resullar 4:12).

Isa özüne iman edýän her bir adam üçin «ölümi datdy» (Ýewreýler 2:9; Ýahýa 3:16). Şondan soň «Hudaý... ony direltdi» we ol perişde bolup, göge gaýdyp bardy (Resullar 3:15). Isa «özi arkaly Hudaýa ýakynlaşýanlary halas edip bilýändir. Sebäbi ol hemişe ýaşaýar we olar üçin Hudaýa ýalbarýar» (Ýewreýler 7:25).

Isa näme üçin Hudaýa biziň üçin ýalbarýar?

Biziň ählimiz günäli (Rimliler 3:23). Günä sebäpli biz Hudaýdan daşlaşyp, iň soňy ölýäris (Rimliler 6:23). Emma Isa gurban beren janyna iman edýänler üçin «aklawçy» boldy (1 Ýahýa 2:1, çykgyt). Isa Hudaýdan biziň doga-dileglerimizi eşitmegini we öz döken gany esasynda günälerimizi bagyşlamagyny ýalbarýar (Matta 1:21; Rimliler 8:34). Allatagala hem Isanyň ýalbaryşy ýaly edýär, sebäbi biz Hudaýy razy edip ýaşamaga jan edýäris. Hudaý Isany ýere adamlary «halas etmek üçin iberdi» (Ýahýa 3:17).

Halas bolmak üçin Isa iman etmek ýeterlikmi?

Biz Isa iman edip, halas bolup bilýäris, ýöne başga zadam etmeli (Resullar 16:30, 31). Mukaddes Kitapda: «Bedeniň ruhsuz öli bolşy ýaly, iman hem iş ýüzünde görkezilmese ölüdir» diýilýär (Ýakup 2:26). Halas bolmak üçin şulary etmeli.

  • Isa bilen Atasy Ýehowa Hudaýy gowy tanamaly (Ýahýa 17:3).

  • Olara iman etmeli (Ýahýa 12:44; 14:1).

  • Olaryň tabşyryklaryna gulak asyp ýaşamaly (Luka 6:46; 1 Ýahýa 2:17). Isa özüne «Halypam!» diýýänleriň däl-de, «diňe gökdäki Atasynyň islegini berjaý edýän» adamlaryň halas bolup biljekdigini aýtdy (Matta 7:21).

  • Başymyza kyn günler düşende, imanymyzy gowşatmaly däl. Isa pygamber: «Soňuna çenli çydan halas bolar» diýdi (Matta 24:13).