Rimliler 3:1—31

  • «Hudaý dogruçyldyr» (1—8)

  • Ýehudylaram, greklerem günäli (9—20)

  • Iman arkaly dogruçyl hasaplanmak (21—31)

    • Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular (23)

3  Onda ýehudy bolmagyň näme artykmaçlygy bar? Ýa⁠-⁠da sünnetlenmegiň näme peýdasy bar?  Olaryň köp zatda peýdasy bar. Sebäbi Hudaýyň mukaddes sözleri ilki ýehudylara ynanyldy+.  Ýehudylaryň käbiri Hudaýa iman etmeýärler. Olaryň iman etmeýändigi üçin başga adamlar hem Hudaýa ynanmaly dälmi?  Elbetde, ýok! Adam ýalançy bolup biler+, ýöne Hudaý dogruçyldyr+. Sebäbi: «Seniň sözleriň hakdyr, kazyýetde ýeňiş gazanarsyň» diýip ýazylgy+.  Biz erbetlik edenimizde, adamlar Hudaýyň dogruçyldygyna göz ýetirýärler. Onda Hudaýyň bize gaharlanmagy nädogrumy? (Men ynsan hökmünde aýdýaryn).  Ýok! Eger Hudaý nädogry iş etse, dünýäniň üstünden nädip höküm çykarsyn?+  Meniň ýalan sözüm Hudaýyň dogruçyldygyny görkezip, ony şöhratlandyrýan bolsa, onda näme üçin Hudaý meni günäkär hasaplap höküm çykarýar?  Onda käbir adamlaryň bize töhmet atyşy ýaly, bizem: «Geliň, ýagşylyk etmek üçin ýamanlyk edeliň» diýip bilmerismi? Aslynda, şeýle adamlara adalatly höküm çykarylar+.  Onda näme, ýehudylaryň başgalardan artykmaçlygy barmy? Ýok! Öň aýdyşymyz ýaly, ýehudylar hem, grekler hem günäli+. 10  Şol sebäpli: «Dogruçyl adam ýok, ýekejesi⁠-⁠de ýok+. 11  Ýekeje düşünjeli adam hem ýok, Hudaýy agtarýan hem ýok. 12  Ähli adamlar dogry ýoldan sowuldylar, olaryň hiç birinden peýda ýok. Ýagşylyk edýän adam ýok, ýekejesi⁠-⁠de ýok»+ diýip ýazylandyr. 13  «Olaryň bogazy açyk gabyr ýalydyr. Dili bilen ýalan sözleýärler»+. «Agzyndan çykýan sözleri alahöwreniň zäheri kimindir»+. 14  «Olaryň agzyndan gargyş we zäherli sözler çykýandyr»+. 15  «Aýaklary gan dökmäge howlugýar»+. 16  «Ýöreýän ýollary weýrançylykdan, heläkçilikden doludyr. 17  Olar parahatlyk ýoluny bilmeýärler»+. 18  «Olar Hudaýdan gorkmaýarlar»+. 19  Bilşimiz ýaly, Töwratda aýdylan zatlar Töwrat boýunça ýaşaýanlar üçindir. Şol sebäpli olar özlerini aklap bilmezler, sebäbi bütin dünýä Hudaýyň nazarynda günälidir we jeza berilmegine mynasypdyr+. 20  Adamlaryň hiç biri kanunyň talaplaryny berjaý edip, Hudaýyň öňünde dogruçyl bolup bilmez+. Sebäbi biz kanun arkaly günäniň nämedigine düşündik+. 21  Emma Töwratda we Pygamberler kitabynda aýdylmagyna görä+, indi kanuny berjaý etmeseň⁠-⁠de, Hudaýyň öňünde dogruçyl bolup bolýar+. 22  Hawa, Isa Mesihe iman edýän adamlaryň ählisi Hudaýyň öňünde dogruçyl bolup bilýärler. Sebäbi Hudaýyň nazarynda ähli adamlar deňdir+. 23  Adamlaryň ählisi günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular+. 24  Emma Hudaý Isa Mesihiň tölegi*+ arkaly adamlary azat edip, dogruçyl hasaplaýar. Bu Hudaýyň ýagşylyk+ edip, beren berekedidir*+. 25  Hudaý Oglunyň döken ganyna+ iman edýän adamlar bilen ýaraşmak üçin Isany gurban berdi+. Şeýdip, Hudaý dogruçyldygyny görkezdi we adamlaryň geçmişde eden günälerini sabyrlylyk bilen bagyşlady. 26  Hudaý häzirem Isa iman edýän adamy dogruçyl hasaplap+, özüniň adalatlydygyny görkezýär+. 27  Indi öwnüp bilerismi? Ýok, öwnüp bilmeris. Haýsy kanun öwünmäge päsgel berýär?+ Işleri talap edýän kanunmy? Ýok, imany talap edýän kanun öwünmäge päsgel berýär. 28  Sebäbi adam kanuny berjaý edýändigi üçin däl⁠-⁠de, iman edýändigi üçin dogruçyl hasaplanýar+. 29  Eýsem Hudaý diňe ýehudylaryň Hudaýymy?+ Ol başga halklaryň hem Hudaýy dälmi?+ Hawa, ol başga halklaryň hem Hudaýy+. 30  Hudaý birdir+, sünnetliler iman etse⁠-⁠de, sünnetsizler iman etse⁠-⁠de, olaryň ikisini⁠-⁠de dogruçyl hasaplaýandyr+. 31  Onda iman edýäris diýip kanuna eýermesegem bolýarmy?* Ýok, gaýtam kanuny berjaý edýäris+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: sowgadydyr.
Ýa⁠-⁠da: kanuny ýatyrýarysmy?