Titus 3:1—15

  • Tabyn bolmak hakda (1—3)

  • Ýagşy işleri ediň (4—8)

  • Ýalan taglymatlardan ýüz öwür (9—11)

  • Pawlusyň görkezmesi we hoşlaşyk sözleri (12—15)

3  Olara hökümetlere we häkimiýetlere tabyn bolup, gulak asmagy+, her bir oňat işe taýýar bolmagy ýatladyp dur.  Şeýle⁠-⁠de hiç kimi kemsitmezligi, uruşmazlygy, ähli adamlar bilen mylakatly+ we paýhasly*+ bolmagy ünde.  Bizem öň akylsyzdyk, gulak asmaýan, ýoldan azaşan adamdyk, dürli höwesleriň we keýpi⁠-⁠sapanyň guludyk, erbet işlere baş goşýardyk, göriplik edýärdik, biri⁠-⁠birimizi ýigrenýärdik, ýigrenji adamlardyk.  Halasgär Hudaýymyz bolsa adamlara ýagşylyk edip+, söýgüsini bildirdi.  Ol bizi dogry işlerimiz üçin däl+, rehimdar bolany üçin halas etdi+. Hudaý bizi arassalap*, ýaşaýşa getirdi+, mukaddes ruhy bilen täzeläp, halas etdi+.  Ol ruhuny bize Halasgärimiz Isa Mesih arkaly bolluk* bilen berdi+.  Ol muny ebedi ýaşaýyş umydyny+ miras bermek üçin etdi+. Biz Hudaýyň ýagşylygy bilen dogruçyl hasaplanyp+, şol umyda eýe bolarys.  Meniň sözlerim hakdyr. Hudaýa iman edýän adamlar ýagşy işleri etmek hakda pikirlener ýaly, sözlerimi gaýta⁠-⁠gaýta ýatladyp dur. Olar adamlar üçin gowudyr, peýdalydyr.  Akylsyz delilleri getirmekden, nesil yzarlamakdan*, Töwradyň üstünde uruşmakdan we dawa⁠-⁠jenjellerden uzakda dur. Sebäbi olar biderek hem peýdasyzdyr+. 10  Eger biri ýalan taglymatlary* öňe sürüp+, seniň birinji we ikinji gezek aýdan öwüt⁠-⁠ündewiňe*+ gulak asmasa, onuň bilen gatnaşma+. 11  Sebäbi ol hakykat ýolundan sowlup, günä edýändir we öz⁠-⁠özüne höküm çykarýandyr. 12  Men Artemasy ýa⁠-⁠da Tihikusy+ ýanyňa ibererin. Sen bolsa meniň ýanyma Nikapola geljek bol. Men gyşda şol ýerde bolmakçy. 13  Töwrady gowy bilýän Zenas bilen Apollosy ýola salanyňda, zada zar bolmaz ýaly oňa kömek et+. 14  Imandaşlarymyz hem gerek wagty kömek edip, ýagşy işlere yhlasly bolmagy öwrensinler+. Şonda olaryň edýän işleri netijesiz* bolmaz+. 15  Ýanymdakylaryň ählisi salam aýdýar. Bizi gowy görýän imandaşlarymyza meniň adymdan hem salam aýt. Goý, Hudaý siziň ähliňize ýagşylyk etsin!

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: ýumşak; eglişikli.
Sözme⁠-⁠söz: ýuwup.
Ýa⁠-⁠da: jomartlyk.
Ýa⁠-⁠da: nesil daragtyny öwrenmekden.
Ýa⁠-⁠da: sektalary. Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: duýduryşyňa.
Sözme⁠-⁠söz: miwesiz.