Esasy materiala geçiň

Mukaddes Kitapda günäden saplanylýan ýer barada agzalýarmy?

Mukaddes Kitapda günäden saplanylýan ýer barada agzalýarmy?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Ýok, agzalmaýar. Mukaddes Kitapda günäden saplanylýan, ýagny eden işiňe görä höküm çykarylýan ýer diýen taglymat duş gelmeýär a. Geliň, Mukaddes Kitapda günä we ölüm barada näme aýdylýandygy hem-de günäden saplanylýan ýer taglymatynyň oňa garşy gelýändigi barada bileliň.

  •   Günäden saplanmak üçin Isa Mesihiň döken ganyna iman etmeli. Mukaddes Kitapda: «Onuň (Hudaýyň) Ogly Isanyň gany bizi ähli günälerden saplaýandyr» we «(Isa) gany arkaly günälerimizden azat etdi» diýilýär (1 Ýahýa 1:7; Ylham 1:5). Isa pygamber «köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde bermek üçin geldi», ýagny günälerimiz üçin töleg töledi (Matta 20:28).

  •   Ölen adamlar hiç zady bilmeýär. Mukaddes Kitapda: «Ölüler hiç zady bilýän däldir» diýilýär (Nesihat 9:5). Diýmek, aradan çykan adamlar ne gynanýarlar, ne-de şatlanyp bilýärler.

  •   Adam ölenden soň, günäleri üçin oňa jeza berilmeýär. Mukaddes Kitapda: «Günäniň haky ölümdir» we «Ölen adam günäden azat bolýandyr» diýilýär (Rimliler 6:7, 23). Ölüm — bu eden etmişiň üçin doly we gutarnykly jeza almak.

a Günäden saplanylýan ýer taglymaty barada bir kitapda şeýle diýilýär: «Injiliň hoş habarynda bu taglymat duş gelmeýär» («Orpheus: A General History of Religions»). Katolikleriň täze ensiklopediýasynda bolsa: «Mukaddes Kitapda günäden saplanylýan ýeriň bardygyny görkezýän hiç hili maglumat ýok» diýilýär («New Catholic Encyclopedia», II neşiri, 11-nji tom, sah. 825).

b Şeýle-de «New Catholic Encyclopedia» (II neşiri, 11-nji tom, sah. 824) serediň.