Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

IKINJI BÖLÜM

Aladalar — «Biz dürli kynçylyklar sebäpli her tarapdan gysylýarys»

Aladalar — «Biz dürli kynçylyklar sebäpli her tarapdan gysylýarys»

«Ärim ikimiz 25 ýyl ýaşaşanymyzdan soň aýrylyşdyk. Çagalarym hakykatdan gitdi. Soňra özüm hem agyr kesele uçrap, göwnüçökgünlige düşdüm. Bu zatlar meni agyr ýagdaýa salyp, doly tapdan düşürdi. Men ýygnak duşuşyklaryna barmagymy bes etdim we ruhy taýdan gowşadym» (Jun).

ALADALAR hemmelerde, hatda Hudaýyň gullukçylarynda-da bolýar. Mezmurçy: «Içimdäki aladalar artdy» diýip ýazdy (Zebur 94:19). Isa-da soňky günlerde «ýaşaýşyň aladalary» sebäpli Ýehowa gulluk etmek has-da kynlaşar diýipdi (Luka 21:34). Eýsem, sen barada näme diýse bolar? Senem pul ýetmezçiligi, maşgaladaky kynçylyklar ýa-da ýarawsyzlyk sebäpli ejir çekýärmiň? Şeýle kynçylyklaryň hötdesinden gelmäge Ýehowa saňa nädip kömek eder?

«Muny öz güýjümiz bilen etmeýäris»

Biz kynçylyklary öz güýjümiz bilen ýeňip bilmeris. Pawlus resul: «Biz dürli kynçylyklar sebäpli her tarapdan gysylýarys... Biz aljyraňňy ýagdaýdadyrys... biz horluk çekýäris» diýip ýazdy. Emma ol «ýöne owranmaýarys», «çykalgasyz däldiris» we «ölen däldiris» diýip hem ýazdy. Kynçylyklary ýeňmäge näme kömek ederkä? Gudratygüýçli Ýehowa Hudaýyň berýän güýji kömek eder (2 Korinfliler 4:7—9).

Hudaýyň saňa geçmişde nädip güýç berendigini ýadyňa sal. Ruhlandyryjy nutugy diňläp, Ýehowanyň wepaly söýgüsi üçin minnetdarlyk bildiren wagtyň ýadyňa düşýärmi? Adamlara Jennet hakda gürrüň bereniňde, Ýehowanyň wadasyna bolan imanyň has-da berkemänmidi? Biz ýygnak duşuşyklaryna gelenimizde we imanymyz hakda başgalara gürrüň berenimizde, bu bize ýaşaýşyň aladalaryny ýeňmäge güýç berýär. Şeýle-de Ýehowa şatlyk bilen gulluk edip biler ýaly, kalbymyzda rahatlyk duýýarys.

«Rebbiň ýagşylygyny dadyp görüň!»

Dogrudan-da, käte bir wagtyň özünde köp zatlary etmeli bolýar. Meselem, Ýehowa biziň öňürti Patyşalygy agtarmagymyzy we ruhy işlere yhlasly gatnaşmagymyzy isleýär (Matta 6:33; Luka 13:24). Belki-de, yzarlamalar, ýarawsyzlyk ýa-da maşgaladaky kynçylyklar seniň güýjüňi alýandyr? Ýa-da ýygnaga sarp etmeli wagtyňy we güýjüňi dünýewi işe sarp edýänsiň? Şeýle ýagdaýda Ýehowa senden gaty köp zada garaşýandyr öýtmegiň mümkin.

Ýehowa biziň ýagdaýymyza düşünýär. Ol hiç haçan edip biljek zadymyzdan artyk zada garaşmaýar. Beden we duýgy taýdan güýç toplamak üçin wagt gerek bolýar. Ol muňa gaty gowy düşünýär (Zebur 103:13, 14).

Geliň, Ýehowanyň Ylýas pygamberiň nädip aladasyny edendigine seredeliň. Ylýas ruhdan düşüp, özüni gorka aldyranda, çöle gaçyp gidýär. Şonda Ýehowa pygamberine käýäp, ondan beren tabşyrygyny ýerine ýetirmegi talap etdimi? Ýok, talap etmedi. Ýehowa onuň ýanyna iki gezek perişdesini ýollady. Ol hem gelip, Ylýasy mähir bilen turuzdy we oňa iýer ýaly zat berdi. 40 gün geçdi, emma Ylýasy henizem aladalar we gorky basýardy. Ýehowa indi näme ederkä? Başda Ýehowa güýjüni görkezip, Ylýasy gorap biljekdigine ynandyrdy. Soňra ol «mylaýym, pessaý ses» bilen oňa göwünlik berdi. Iň soňunda bolsa, Ýehowa Özüne wepaly gulluk edýän müňlerçe adamyň bardygyny aýtdy. Ine, şondan soň Ylýas täze güýç bilen gullugyny dowam etdi (1 Patyşalar 19:1—19). Bu wakadan näme öwrense bolar? Ylýas aladalardan ýaňa ruhdan düşende, Ýehowa sabyr edip, oňa duýgudaşlyk bildirdi. Şondan bäri Ýehowa üýtgemedi, ol biziň hem aladamyzy edýär.

Ýehowa bermeli zatlaryň hakynda oýlananyňda, paýhasly bol. Häzirki edýän gullugyňy öňki eden gullugyň bilen deňeşdirme. Bir mysala seredeliň: birnäçe aýlap ýa-da ýyllap türgenleşmedik ylgawçy derrew uzak aralyga ylgamasa gerek. Gaýtam, başda ol öňünde kiçiräk maksatlary goýar we türgenleşdigiçe güýjüni hem çydamlylygyny ösdürer. Mesihçileri-de türgenlere meňzetse bolar. Olar öňünde aýdyň maksat goýýarlar (1 Korinfliler 9:24—27). Häzirlikçe öňüňde birje maksat goýup, oňa ýetmek üçin tagalla edip bilermiň? Meselem, sen ýygnak duşuşyklaryna barmagy maksat edinip bilersiň. Maksadyňa ýetip biler ýaly, Ýehowadan kömek sora. Şonda ruhy taýdan ösdügiňçe, Ýehowanyň «ýagşylygyny dadarsyň» (Zebur 34:8). Ýehowany söýýändigiňi görkezmek üçin edýän ujypsyzja zadyňy-da Onuň gymmat saýýandygyny unutma (Luka 21:1—4).

Ýehowa hiç haçan edip biljek zadymyzdan artyk zada garaşmaýar

«Maňa hut şeýle itergi gerekdi»

Jun Ýehowa dolanmak üçin näme etdi? Ol şeýle diýýär: «Men Ýehowa üznüksiz doga edip, kömek etmegini soraýardym. Şonda gelnim maňa şäherimizde geçiriljek kongres hakda aýtdy. Men kongresiň bir gününe barmagy ýüregime düwdüm. Ýehowanyň halkyna dolanmak, gör, nähili ajaýyp eken! Maňa hut şeýle itergi gerekdi. Häzir men ýene-de Ýehowa şatlyk bilen gulluk edýärin. Meniň durmuşym öňkä garanyňda has manyly boldy. Indi men dogan-uýalaryň gerekdigine we olaryň kömegine mätäçdigime aýdyň düşündim. Yzyma dolanmagy gaýra goýmandygyma diýseň begenýärin».