Zebur 94:1—23

  • Ar alýan Hudaýym

    • «Erbetler haçana çenli döwran sürer?» (3)

    • Ýahyň terbiýesi bagtly edýär (12)

    • Hudaý halkyny taşlaýan däldir (14)

    • Kanunyň adyndan adalatsyzlyk edilýär (20)

94  Eý Ýehowa, sen ar alýan Hudaý!+Ar alýan Hudaýym, güýjüňi görkez!   Ýer ýüzüniň Kazysy, aýaga gal!+ Gopbamsylaryň almytyny ber+.   Erbetler haçana çenli döwran sürer?Eý Ýehowa, haçana çenli?+   Olar agzyny dolduryp, boş gepleýär.Günäkärler hondanbärsi bolýar.   Halkyňy ezýärler+,Eý Ýehowa, mirasyňy harlaýarlar.   Olar dul aýallary, gelmişekleri öldürýärler,Ýetim çagalaryň ganyna galýarlar.   Olar: «Ýah görmeýär+.Ýakubyň Hudaýy ünsem bermeýär» diýýärler+.   Eý akmaklar, düşüniň!Eý akylsyzlar, haçan akylyňyza aýlanarsyňyz?+   Gulagy ýaradan eşitmezmi? Göze şekil beren görmezmi?+ 10  Milletlere terbiýe berýän käýemezmi?+ Ol halklara bilim berýän Hudaýdyr+. 11  Ýehowa ynsanlaryň pikirini bilýär,Olaryň oý⁠-⁠pikiriniň bary biderekdir+. 12  Eý Ýah, seniň terbiýeleýän ynsanyň nähili bagtly!+Sen oňa kanunlaryňy öwredýärsiň+. 13  Erbetler çukura* düşýänçä,Bendäňe dertli gününde rahatlyk berýärsiň+. 14  Sebäbi Ýehowa halkyny taşlamaýar+,Mirasyndan ýüz öwürmeýär+. 15  Indi adalatly höküm çykarylar,Päk ýürekli ynsanlar ony berjaý ederler. 16  Kim meniň üçin erbetler bilen söweşer? Kim meniň üçin günäkärleriň garşysyna çykar? 17  Ýehowa kömek etmedik bolsady,Men bireýýäm ýagty jahandan öterdim*+. 18  «Aýagym taýdy» diýen wagtym, Eý Ýehowa, wepaly söýgiň* bilen goldadyň+. 19  Meni gaýgy⁠-⁠alada basanda,Sen göwünlik berdiň, janym aram tapdy+. 20  Kanunyň adyndan adalatsyzlyk edýän+,Zalym kazylar bilen ylalaşyk baglaşarmyň? 21  Olar dogruçyllara topulýarlar+,Bigünä ynsana ölüm jezasyny berýärler+. 22  Ýehowa meniň galam bolar,Hudaýym meniň arkadagymdyr+. 23  Zalymlaryň erbetligi öz başyna iner+, Zalym işleri olary ýok eder. Ýehowa Hudaýymyz olary gyrar*+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: duzaga.
Sözme⁠-⁠söz: dymyp ýatardym.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: dymdyrar.