Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ezekiýel pygamber Iýerusalimiň daşyny gabap ýatdy

Pygamberlerden görelde alyň

Pygamberlerden görelde alyň

BIZIŇ gadymy döwürdäki pygamberler bilen näme meňzeşligimiz bar? «Ýazgylara düşünmek» (rus.) diýen kitapda «pygamber» sözi: «Hudaýyň islegini we niýetini aýan edýän... Hudaýyň habaryny yglan edýän adam» diýip düşündirilýär. Pygamberler Ýehowanyň wekili hökmünde diňe bir pygamberlik etmän, eýsem, adamlara Hudaýyň taglymatlaryny öwredip, tabşyryklaryny we hökümini hem yglan edýärdiler. Şu günler biz pygamberlik edip bilmesek-de, Mukaddes Ýazgylardaky habary wagyz edip, adamlara Hudaýyň sözlerini ýetirýäris (Mat. 24:14).

Biz adamlara Ýehowa Hudaý we onuň adamzat üçin niýeti barada wagyz etmegi uly hormat hasaplaýarys! Biz bu işi «asmanda uçup ýören... perişde» bilen bile ýerine ýetirýäris (Ylh. 14:6). Ýöne käbir kynçylyklar sebäpli şol hormatly işi ünsden düşürmegimiz mümkin. Eýsem, biz nähili kynçylyklara duş gelýäris? Biz käte gaty ýadaýarys, ruhdan düşýäris we özümizi dereksiz duýýan wagtlarymyz bolýar. Geçmişde Hudaýa wepaly gulluk eden pygamberlerem şeýle duýgulary başdan geçirdiler. Emma olar ýan bermediler. Ýehowa-da olara tabşyran ýumuşlaryny ýerine ýetirmäge kömek etdi. Geliň, käbir pygamberleriň mysalyna seredip, olardan nädip görelde alyp bolýandygyny bileliň.

OLAR GÜÝJÜNI GAÝGYRMADYLAR

Käte biz gündelik işlerimizden gaty ýadap, wagza gitmäge-de höwesimiz bolmaýar. Elbetde, bizem Isa we onuň resullary ýaly dynç almaga wagt tapmaly (Mar. 6:31). Emma Ezekiýel pygamber barada oýlanyp göreliň. Ol Iýerusalimden Babyla (Wawilon) sürgün edilen ysraýyllylaryň arasynda ýaşaýarka, Hudaý oňa wajyp ýumuş tabşyrdy. Ezekiýel pygamber bir kerpiji alyp, oňa Iýerusalimiň suratyny çekmelidi. Şeýle-de şol çeken şäheriniň daşyny gabap, 390 günläp çep tarapyna we 40 günläp sag tarapyna gyşaryp ýatmalydy. Ýehowa oňa: «Ine, Men seni tanap bilen baglaryn, sen gabaw günleriňi tamamlaýançaň, bir gapdalyňdan beýleki gapdalyňa öwrülip bilmersiň» diýdi (Ezek. 4:1—8). Bu ýagdaý, gürrüňsiz, ysraýyllylaryň ünsüni çeken bolmaly. Ezekiýel pygamber bir ýyldan gowrak wagtlap janyna agram salýan kyn ýumşy ýerine ýetirdi. Eýsem, bu ýumşy ýerine ýetirmäge oňa näme kömek etdikä?

Ezekiýel özüniň näme üçin pygamber edip iberlendigine gowy düşünýärdi. Ýehowa ony ysraýyllylaryň ýanyna iberende: «Bu pitneçi halk seni islese diňlesin, islemese diňlemesin, ýöne olar öz aralarynda bir pygamberiň bardygyny bilsinler» diýdi (Ezek. 2:5). Ezekiýel pygamber tabşyrylan ýumşuň maksadyny unutman, ony höwes bilen ýerine ýetirdi. Ol göçme manyda Iýerusalim şäheriniň daşyny gabady. Bir adam gelip, Ezekiýele we onuň ildeşlerine: «Şäher basylyp alyndy» diýip habar berende, ysraýyllylar öz aralarynda pygamberiň bardygyna göz ýetirdiler (Ezek. 33:21, 33). Şeýdip, Ezekiýel hakyky pygamberdigini subut etdi.

Şu günler biz adamlara Şeýtanyň zalym dünýäsiniň ýok ediljekdigini duýdurýarys. Biz käte ýadasak-da, Hudaýyň Sözüni wagyz etmek, ikilenç ideg etmek we Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek üçin güýjümizi gaýgyrmaýarys. Soňky günler baradaky wagyz edýän pygamberliklerimiz gözümiziň alnynda ýerine ýetýär. Şonuň üçin biz adamlara «Hudaýyň islegini we niýetini aýan edýändigimize» diýseň begenýäris.

OLAR LAPYKEÇLIGE DÖZ GELDILER

Ýehowanyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen, biz güýjümizi gaýgyrman wagyz edýäris. Emma aýdýan habarymyza adamlaryň gowy seslenmeýändigini görenimizde ruhdan düşmegimiz ahmal. Şonda Ýermeýa pygamberiň mysalyny ýada salsak gowy bolar. Ol Hudaýyň habaryny yglan edende, ysraýyllylar ýaňsylap, onuň üstünden gülýärdiler we kemsidýärdiler. Hatda bir gezek Ýermeýa pygamber: «Indi Ol hakda dil ýarmaryn, Onuň adyndan geplemerin» diýdi. Hawa, Ýermeýa-da biziň ýaly adamdy. Muňa garamazdan, ol Hudaýyň habaryny wagyz etmegini dowam etdi. Näme üçin? Ýermeýa pygamber: «Onuň sözi süýeklerime ornaşyp, ýüregime ot berdi. Ony içimde saklamakdan irdim, mundan artyk çydap bilmeýärin» diýdi (Ýer. 20:7—9).

Eger bizem wagyz edýän habarymyza adamlaryň gowy seslenmeýändigi üçin ruhdan düşýän bolsak, şol habaryň ähmiýetlidigi barada oýlanyp, lapykeçligi ýeňip bileris. Şonda Hudaýyň Sözi «süýeklerimize ornaşyp, ýüregimize ot berer». Mukaddes Ýazgylary her gün okasak, içimizdäki şol ot has-da tutaşar.

OLAR ÝARAMAZ DUÝGULARYNY ÝEŇDILER

Käbir mesihçiler tabşyrylýan ýumşa gowy düşünmän, özlerini oňaýsyz duýmagy mümkin. Hoşeýa pygamber bilen hem şeýle boldy. Ýehowa oňa: «Git-de, zynagär gyza öýlen. Ondan nikasyz çagalar bolsun» diýdi (Hoş. 1:2). Eger sen durmuş gurmakçy bolsaň, Hudaý hem saňa bozuk aýala öýlen diýse, özüňi nähili duýardyň? Hoşeýa pygamber Ýehowanyň şol tabşyrygyny ýerine ýetirdi. Ol Gomer atly aýala öýlendi we ondan ogly boldy. Soňra onuň aýalynyň başga-da bir gyzy we ogly boldy. Gomeriň soňky iki çagasy zynadan doguldy. Ýehowa Hoşeýa pygambere aýalynyň birnäçe adam bilen zyna etjekdigini we soňra äriniň ýanyna dolanjakdygyny aýdypdy. Sen Hoşeýa pygamberiň ýerine bolan bolsaň, aýalyňy kabul edermidiň? Ýehowa Hoşeýa pygambere, ine, şony etmegi-de tabşyrdy! Hoşeýa aýalyny yzyna kabul etdi. Ol hatda ony belli bir baha satyn aldy (Hoş. 2:7; 3:1—5).

Hoşeýa pygamber Hudaýyň bu tabşyrygyny ýerine ýetirmek nämä gerekkä diýip oýlanan bolmagy ahmal. Muňa garamazdan, ol Hudaýa wepaly bolup, tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirdi. Hoşeýa pygamberiň durmuşynda bolan wakalar ysraýyl halky Ýehowa dönüklik edende Hudaýa nähili agyr degendigine düşünmäge kömek edýär. Emma käbir akýürekli ysraýyllylar ýene-de Ýehowa dolandylar.

Şu günler Hudaý biziň hiç birimize «zynagär aýala öýlen» diýmeýär. Emma biz Hudaýyň tabşyran ýumşuny Hoşeýanyň höwes bilen ýerine ýetirmeginden näme öwrenip bileris? Birinjiden, Patyşalyk baradaky hoş habary «köpçüligiň öňünde we öýden-öýe» wagyz etmäge çekinsek-de, bu tabşyrygy höwes bilen ýerine ýetirip bileris (Res. iş. 20:20). Belki-de, wagyz gullugynyň käbir görnüşlerine gatnaşmak size aňsat düşýän däldir. Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçýän adamlaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylary öwrenmegi gowy görýändigini, ýöne özüniň hiç wagt öýden-öýe gidip wagyz etmejekdigini aýdýarlar. Olar öň başarmaryn diýip pikir etse-de, soňra öýden-öýe wagyz edip başlaýarlar. Biz mundan näme öwrenip bileris?

Hoşeýa pygamberiň mysalyndan ýene-de bir wajyp zady öwrenip bileris. Ol bu kyn ýumşy ýerine ýetirmekden boýun gaçyryp hem bilerdi. Aslynda, Hoşeýa pygamber Ýehowanyň oňa nähili tabşyryk berendigini ýazmadyk bolsa, başgalar bu barada bilerdimi? Käte bizde-de wagyz etmäge mümkinçilik dörese, ondan peýdalanýandygymyzy ýa peýdalanmaýandygymyzy başgalar bilmeýär. ABŞ-da mekdebiň ýokary klasynda okaýan Anna atly uýa hem şeýle ýagdaýa düşdi. Onuň mugallymy okuwçylara belli bir tema boýunça ýa-da käbir çekeleşikli meselelerde öz garaýyşlaryny ýazyp, makala taýýarlamagy tabşyrýar. Soňra okuwçylar delil getirip, öz ynanýan zatlaryny beýlekilere düşündirmelidi. Anna uýa wagyz etmek mümkinçiliginden peýdalanman hem bilerdi. Emma ol bu mümkinçiligi oňa Hudaýyň berendigine düşünýär. Anna uýa klasdaşlarynyň oňa nähili garajakdygy barada oýlanyp, Ýehowa doga edýär we bu mümkinçiligi elden gidirmezligi ýüregine düwýär. Şeýdip, ol «Ewolýusiýa: degerli subutnamalara seredeliň» atly makala ýazýar.

Ýaşlar pygamberlerden görelde alyp, Ýaradyjymyz Ýehowa barada batyrgaýlyk bilen wagyz edýärler

Anna uýa taýýarlan makalasyny klasda okap berende, ewolýusiýa taglymatyna berk ynanýan bir gyz oňa sorag baryny ýagdyrýar. Şonda Anna dini ynançlary barada gowy şaýatlyk edýär. Mugallym haýran galyp, iň gowy makalany taýýarlandygy üçin, oňa sylag berýär. Şondan soň Anna özüne garşy çykan gyz bilen ýaradylyş barada ençeme gezek gürrüňdeş bolýar. Anna uýa Ýehowanyň beren «tabşyrygyny» ýerine ýetirip: «Indi men hoş habary çekinmän wagyz edýärin» diýýär.

Biz pygamber bolmasak-da, Ezekiýel, Ýermeýa we Hoşeýa ýaly jan aýaman gulluk eden pygamberleriň göreldesine eýerip, Ýehowanyň islegini üstünlikli ýerine ýetirip bileris. Eýsem, maşgala okuwynda ýa-da şahsy okuwda başga-da pygamberler barada okap, olardan nädip görelde alyp biljekdigimiz hakda oýlansak gowy bolmazmy?