Hyzkyl 33:1—33

  • Garawulyň jogapkärçiligi (1—20)

  • Iýerusalim basylyp alyndy (21, 22)

  • Harabaçylykda ýaşaýanlar üçin habar (23—29)

  • Halk habara gulak asmaýar (30—33)

    • Hyzkylyň sözleri söýgi aýdymy ýaly (32)

    • «Aralarynda pygamberiň bolandygyny bilerler» (33)

33  Ýehowa meniň bilen gepleşdi:  «Ynsan ogly, halkyň ogullaryna+ şeýle diý:„Aýdaly, men bir ýurda duşmanlary iberýärin+. Şol ýurduň bütin ilaty bir adamy garawul edip belleýär.  Ol duşmanlaryň gelýändigini görýär⁠-⁠de, surnaý çalyp, halka duýduryş berýär+.  Eger kimdir biri surnaýyň sesini eşitse⁠-⁠de, duýduryşa gulak asman+, duşman elinden heläk bolsa, onuň gany öz boýnuna bolar+.  Ol surnaýyň sesini eşitse⁠-⁠de, duýduryşa gulak asmady. Onuň gany öz boýnuna bolar. Eger ol duýduryşa gulak asan bolsady, janyny halas ederdi.  Emma garawul duşmanlaryň gelýändigini görüp⁠-⁠de, surnaý çalmasa+, halka duýduryş bermese, duşman gelip biriniň janyny alsa, ol adam öz günäsi üçin öler. Emma garawul onuň ganyna galar“*+.  Ynsan ogly, seni Ysraýyl öýüne garawul edip belleýärin. Agzymdan çykan her bir sözi diňläp, meniň adymdan halka duýdurmalysyň+.  Men erbetlik edýäne: „Erbet adam, sen hökman ölersiň!“+ diýsem, senem gidip, oňa aýtmasaň, erbet ýolundan döner ýaly duýdurmasaň, ol erbet adam eden günäsi üçin öler+. Sen bolsa onuň ganyna galarsyň*.  Sen erbet adama erbet işlerinden el çekmegi duýdursaň⁠-⁠da, egri ýoldan ýörese, ol eden günäsi üçin öler+. Sen bolsa öz janyňy halas edersiň+. 10  Ynsan ogly, ysraýyl halkyna şeýle diý: „Siz: „Eden etmişlerimiz we günälerimiz agyr ýük kimin halys çökerdi. Biz heläk bolup barýarys+. Indi biz nädip halas bolmaly?“ diýýärsiňiz“+. 11  Olara Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Men diri şaýatdyryn! Men erbet adamyň ölümine begenmeýärin+. Gaýtam erbet ýolundan dönüp+, uzak ýaşamagyny isleýärin+. Dönüň, erbet ýollaryňyzdan dönüň!+ Eý ysraýyl halky, biwagt dünýäden ötmek nämä gerek?“+ 12  Ynsan ogly, halkyň ogullaryna duýdur: „Hudaýhon adam Hudaýa garşy gitse, öňki halal işleri janyny halas etmez+. Erbet adam erbetlikden el çekse, öňki erbetligi sebäpli janyndan mahrum bolmaz+. Hudaýhon adam günä işlere baş goşsa, öňki halal işleri janyny halas etmez+. 13  Men hudaýhon adama: „Sen ýaşarsyň“ diýsem, emma ol halal işlerine daýanyp, erbetlik* etse+, onuň halal işleriniň hiç biri ýatlanmaz. Ol eden günäsi üçin öler+. 14  Men erbet adama: „Sen hökman ölersiň!“ diýsem, emma ol günä işlerinden el çekse, adalatly we halal ýaşasa+, 15  ogurlan we girewine alan zatlaryny yzyna berse+, ýaşaýyş berýän kanunlary ýerine ýetirse, erbetlikden el çekse, ol ölmez, uzak ýaşar+. 16  Onuň eden günäleriniň hiç biri ýatlanmaz+. Adalatly we halal ýaşaýandygy üçin uzak ömür sürer“+. 17  Emma halk adalatsyzlyk edip⁠-⁠de: „Ýehowa adalatsyzlyk edýär“ diýýär. 18  Eger hudaýhon adam halal ýaşamagyny goýup, haram işe baş goşsa, ol hökman öler+. 19  Erbet adam ýaman ýolundan dänip, adalatly we halal ýaşap başlasa, uzak ömür sürer+. 20  Emma siz: „Ýehowa adalatsyzlyk edýär“ diýýärsiňiz+. Eý ysraýyl halky, men her biriňizi ýörän ýollaryňyza görä höküm ederin». 21  Sürgün edilenimize 12 ýyl bolanda, şol ýylyň onunjy aýynyň bäşine Iýerusalimden gaçyp gutulan bir adam meniň ýanyma gelip+: «Şäher basylyp alyndy!»+ diýdi. 22  Ol adam gelmezinden öň, agşam maňa Ýehowanyň ruhy* inip, dilim açyldy. Ertesi irden bolsa, ol adam ýanyma geldi. Dilim açylansoň, men gepläp başladym+. 23  Şonda Ýehowa maňa şeýle diýdi: 24  «Ynsan ogly, harabaçylykda ýaşaýan halk+ Ysraýyl ýurdy hakda: „Ybraýymyň ýeke özi bolsa⁠-⁠da, bütin ýurdy miras aldy+. Biz bolsa köpçülik, şonuň üçin tutuş ýurt bize miras galdy“ diýişýär. 25  Olara Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Siz eti gany bilen iýýärsiňiz+, nejis butlara* bil baglaýarsyňyz* we bigünä gany dökýärsiňiz+. Şeýle işleri edibem, ýurdy miras alarsyňyzmy? 26  Siz gylyjyňyza daýanýarsyňyz+, haram işleri* edýärsiňiz, goňşyňyzyň aýaly bilen ýatýarsyňyz+. Şeýle işleri edibem, ýurdy miras alarsyňyzmy?“+ 27  Olara Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Men diri şaýatdyryn! Harabaçylykda ýaşaýan halk gylyçdan geçiriler, düzlükde ýaşaýanlar ýabany haýwanlara şam bolar, galalarda we gowaklarda ýaşaýanlar mergiden gyrlar+. 28  Men ýurdy çöl⁠-⁠beýewanlyga öwrerin+, tekepbirliginiň we gedemliginiň soňy geler. Ysraýyl daglarynda hiç kim ýaşamaz+, ol ýerden hiç kim geçmez. 29  Ýigrenji işleri edendikleri sebäpli+ ýurdy harabaçylyga öwrerin+, şonda meniň Ýehowadygymy bilerler“. 30  Ynsan ogly, ýurduň diwarlaryna ýaplanyp, gapylarynyň agzynda duran adamlar sen hakda gürrüň edýärler+. Olar biri⁠-⁠birine we doganlaryna: „Ýörüň, Ýehowanyň habaryny diňlemäge gideliň!“ diýýärler. 31  Olar hemişekisi ýaly jem bolup, meniň halkym ýaly öňüňde oturarlar. Olar aýdan sözleriňi diňlärler, emma ýerine ýetirmezler+. Olaryň dili saňa ýaranjaňlyk edýär, ýürekleri bolsa haram gazanjy küýseýär. 32  Sen olar üçin kirişli saz guralyny çalýan sazanda we söýgi aýdymyny aýdýan mahmal owazly bagşy ýalysyň. Olar sözüňi diňlärler, emma berjaý etmezler. 33  Aýdan sözlerim amala aşanda (olar hökman amala aşar), aralarynda pygamberiň bolandygyny bilerler»+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: onuň gany üçin garawuldan hasap soraryn.
Ýa⁠-⁠da: Onuň gany üçin senden hasap soraryn.
Ýa⁠-⁠da: adalatsyzlyk.
Sözme⁠-⁠söz: eli.
Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.
Sözme⁠-⁠söz: gözüňizi dikýärsiňiz.
Sözme⁠-⁠söz: däp⁠-⁠dessurlary.