Hyzkyl 2:1—10

  • Hyzkyl pygamber saýlanýar (1—10)

    • «Olar seni diňlesin, diňlemesin» (5)

    • Agyly golýazma (9, 10)

2  Ol maňa: «Ynsan ogly*, ýeriňden tur, seniň bilen gürleşjekdim»+ diýdi.  Ol şu sözleri aýdanda, Hudaýyň ruhy maňa inip, ýerimden turuzdy+. Men gepleýäniň sesini eşitdim.  Ol maňa şeýle diýdi: «Ynsan ogly, seni ysraýyl halkynyň, gozgalaň turzan kesir halklaryň*+ ýanyna iberýärin+. Şu güne çenli olar we olaryň ata⁠-⁠babalary maňa garşy günä edip gelýärler+.  Seni özdiýenli we doňýürek+ halkyň ýanyna iberýärin. Olara: „Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar“ diý.  Olar seni diňlesin, diňlemesin (sebäbi olar gozgalaňçy halk)+, barybir, aralarynda pygamberiň bolandygyny bilerler+.  Ynsan ogly, sen olardan, haýbatly sözlerinden gorkma+. Daşyňy tikenekler, ýandaklar gurşap alsa⁠-⁠da*+, içýanlaryň arasynda ýaşasaň⁠-⁠da, gorkma. Olaryň haýbatly sözlerinden+, ýüz⁠-⁠gözünden heder etme+. Sebäbi olar gozgalaňçy halkdyr.  Seni diňleseler⁠-⁠de, diňlemeseler⁠-⁠de, sözlerimi hökman ýetir. Sebäbi olar gozgalaňçy halkdyr+.  Ynsan ogly, aýdýanlarymy diňle. Olar ýaly gozgalaňçy bolaýma. Agzyňy aç, berjek zadymy iý»+.  Bir seretsem, biri maňa elini uzadyp durdy+, elinde golýazma+ bardy. 10  Ol golýazmany açanda, onuň iki tarapy hem ýazgydan doly eken+. Golýazmada agy aýdymy, dady⁠-⁠perýat we ahy⁠-⁠nala sözleri ýazylandy+.

Çykgytlar

«Ynsan ogly» diýen jümle Hyzkyl kitabynda 93 gezek duş gelýär. Şu ýerde ilkinji gezek agzalýar.
Ysraýyl we ýahuda halklary göz öňünde tutulýan bolmaly.
Başga manysy: Halk boýnuýogyn bolsa⁠-⁠da, seni eleme⁠-⁠deşik etse⁠-⁠de.