Esasy materiala geçiň

Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin Pasha baýramyny bellemeýär?

Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin Pasha baýramyny bellemeýär?

Giňden ýaýran nädogry düşünje

 Ýalan: Ýehowanyň Şaýatlary Isa pygambere ynanmaýandygy üçin Pasha baýramyny bellemeýär.

 Hakykat: Biz Isa Mesihi Halasgärimiz hökmünde kabul edip, onuň «yzyna doly eýermäge» jan edýäris (1 Petrus 2:21; Luka 2:11).

 Ýalan: Siz Isanyň ölümden direlendigine ynanmaýarsyňyz.

 Hakykat: Biz Isanyň ölümden direlendigine ynanýarys we ony imanymyzyň esasy bölegi hasaplap, bu barada wagyz edýäris (1 Korinfliler 15:3, 4, 12—15).

 Ýalan: Siz çagalaryňyzy Pasha baýramçylygynda şatlanmakdan mahrum edýärsiňiz.

 Hakykat: Biz çagalarymyzy söýýäris we olara tälim berip, bagtly bolmagy üçin elimizden gelenini edýäris (Titus 2:4).

Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin Pasha baýramyny bellemeýär?

  •   Pasha baýramy Mukaddes Kitaba esaslanmaýar.

  •   Isa pygamber direlen gününi däl-de, ölen gününi bellemegi tabşyrdy. Biz ýewreý kalendary boýunça her ýyl Isanyň ölüminiň Ýatlama agşamyny belleýäris (Luka 22:19, 20).

  •   Pasha baýramynda edilýän däpleriň gadymy hasyl baýramyndan gelip çykandygy üçin, biz bu baýramçylygyň Hudaýa ýaramaýandygyna ynanýarys. Hudaý özüne ýürekden wepaly bolmagymyzy isleýär. Ol butparazlykdan gelip çykan zatlar arkaly özüne sežde etmekligi ýazgarýar (2 Musa 20:5; 1 Patyşalar 18:21).

 Biz Pasha baýramyny bellemezlik babatda gelen kararymyzyň Mukaddes Kitaba esaslanýandygyna ynanýarys. Sebäbi onda ynsan adatlaryna köre-körlük bilen ynanmagyň deregine, «akyldarlyga ýapyşyp, akylyňy ýitirmezligi» maslahat berilýär (Nakyllar 3:21; Matta 15:3). Mümkinçilik dörände biz adamlara Pasha baýramy babatda garaýşymyzy düşündirsek-de, bu meselede olaryň gelýän kararyna hormat goýýarys (1 Petrus 3:15).