Esasy materiala geçiň

Mukaddes Kitapda çaga aýyrtmak barada näme diýilýär?

Mukaddes Kitapda çaga aýyrtmak barada näme diýilýär?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Mukaddes Kitapda «çaga aýyrtmak» diýen jümle ulanylmasa-da, ondaky aýatlardan Hudaý üçin adamlaryň, hatda dogulmadyk çagalaryňam janynyň gymmatdygyny bilse bolýar.

 Adamlara ýaşaýşy Hudaý berdi (1 Musa 9:6; Zebur 36:9). Ol ähli adamlaryň, hatda enäniň göwresindäki çaganyňam ýaşaýşyny gymmat saýýar. Şonuň üçin çaga aýyrtmak adam öldürmek bilen deň hasaplanýar.

 Hudaý Töwratda şeýle kanun berdi: «Iki adam urşup durka, olaryň biri tötänlikde göwreli aýaly ursa, ol hem wagtyndan öň dogursa, ýöne özüne-de, çagasyna-da hiç zat bolmasa, onda günäkär adam kazylaryň öňünde aýalyň äriniň aýdan puluny tölesin. Ýöne aýal ýa-da çagasy ölse, onda jan ýerine jan alyp, ganhory hem öldüriň» (2 Musa 21:22, 23) a.

 Hudaýyň göz öňünde çaga haçan jan girýär?

 Ene göwreli bolanda Hudaý çagany eýýäm diri adam hasaplaýar. Mukaddes Kitapda Hudaýyň entek dogulmadyk çaganyňam ýaşaýşyny gymmat saýýandygy köp aýdylýar. Mukaddes Kitapdaky käbir aýatlar Hudaýyň dünýä inen çaga bilen dünýä inmedik çagany deň hasaplaýandygyny görkezýär.

  •   Dawut pygamber Hudaý barada şeýle sözleri ýazdy: «Ejemiň içinde düwünçekkäm, meni görüpdiň» (Zebur 139:16). Dawut entek dogulmanka, Hudaýyň ony dünýä inen çaga ýaly hasaplandygyny aýdýar.

  •   Hudaý Ýermeýany hem entek dogulmanka, pygamber edip saýlapdy. Hudaý oňa şeýle diýdi: «Saňa ejeň göwresinde şekil bermänkäm, men seni tanaýardym. Heniz dünýä inmänkäň, seni mukaddes iş üçin saýladym. Seni halklara pygamber edip belledim» (Ýermeýa 1:5).

  •   Luka lukman hem dünýä inen we dünýä inmedik çagalar hakda ýazanda grek dilinde şol bir sözi ulandy (Luka 1:41; 2:12, 16).

 Hudaý çaga aýyrdan adamy bagyşlaýarmy?

 Çaga aýyrtmagyň günädigini bilmän, çaga aýyrdan adamlary Hudaý bagyşlaýar. Ynsaby arassa bolar ýaly, olary günäkärläp ýörmeýär. «Ýehowa rehimdar, mähirli... Gündogaryň günbatardan uzak bolşy ýaly, günälerimizi şonça-da daşlaşdyrýar» b (Zebur 103:8—12). Ýehowa çaga aýyrdan adamlary eden günäsine ýürekden ökünip, toba etse bagyşlaýar (Zebur 86:5).

 Enäniň ýa-da çaganyň janyna howp abansa çaga aýyrtsa bolýarmy?

 Enä ýa-da çaga ölüm howpy abanyp biler öýdüp, çagany aýyrtmak Hudaýyň göz öňünde dogry hasaplanmaýar.

 Eger ikisinden biriniň janyny halas etmeli bolsa näme etmeli? Şeýle ýagdaýda her kimiň özi karara gelmeli.

a Käbir terjimelerde şu kanunda çaganyň däl-de, esasan, enäniň ýaşaýşy wajyp hasaplanýar. Ýewreý ýazgylarynda bolsa şu kanunda enäniňem, çaganyňam ýaşaýşynyň gymmatdygy aýdylýar.

b Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, Allatagalanyň ady Ýehowa (Zebur 83:18).