Zebur 36:1—12

  • Hudaýyň wepaly söýgüsi meniň üçin gymmatly!

    • Erbet adam Hudaýdan gorkmaýar (1)

    • Hudaý — ýaşaýşyň Gözbaşy (9)

    • «Seniň nuruň bize şöhle saçýar» (9)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Ýehowanyň guly Dawudyň aýdymy. 36  Erbet adamyň ýüreginde günä höküm sürýär,Ol Hudaýdan gorkmaýar+.   Ol özüne gowy adamdyryn öýdýär,Ýöne eden günäsini bilmeýär, ýigrenmeýär+.   Agzyndan zäherli, hileli sözler çykýar,Ýagşylyk etmegiň nämedigini bilmeýär.   Ýatan ýerinde duzak gurmagyň pikirini edýär, Ýamanlykdan ýüz öwürmeýär,Egri ýoldan ýöreýär.   Ýehowa, seniň söýgiň* asmana+,Wepalylygyň bulutlara ýetýär.   Adalatyň beýik daglar kimindir+,Hökümleriň giň umman ýalydyr+. Eý Ýehowa, ynsany⁠-⁠da, haýwany⁠-⁠da goraýan sensiň!+   Ýa Allam, wepaly söýgiň meniň üçin gymmatlydyr!+ Ynsan ogullary ganatlaryň astynda pena tapýarlar+.   Saçagyňdaky näz⁠-⁠nygmatdan doýarlar+,Eşretli çeşmäňden içip ganarlar+.   Ýaşaýşyň Gözbaşy sensiň+,Seniň nuruň bize şöhle saçýar*+. 10  Özüňi tanaýanlara wepaly bol*+,Akýürekli adamlara adalatly bol+. 11  Gopbamsylar meni depelemesin,Erbetleriň eli maňa ýetmesin. 12  Günäkärler büdräp ýykyldy,Ýatan ýerinden galyp bilmedi+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgiň.
Ýa⁠-⁠da: nuruňdan nur görýäris.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgiňi bildir.