Esasy materiala geçiň

Hudaý belli bir ýerde ýaşaýarmy?

Hudaý belli bir ýerde ýaşaýarmy?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Hawa, Hudaý belli bir ýerde, ýagny gökde ýaşaýar. Geliň, Mukaddes Kitapdan käbir aýatlara seredeliň.

 Süleýman patyşa Hudaýa doga edende: «Sen Öz gökdäki mesgeniňde ony eşit» diýdi (1 Patyşalar 8:43).

 Isa pygamber öz şägirtlerine «gökdäki Atasyna» ýüzlenip doga etmegi öwretdi (Matta 6:9).

 Isa pygamber direleninden soň, «göge... girip... biziň üçin Hudaýyň huzurynda peýda boldy» (Ýewreýler 9:24).

 Bu aýatlar Ýehowa Hudaýyň, hakykatdanam, bardygyny we her ýerde däl-de, diňe gökde ýaşaýandygyny görkezýär.