1 Patyşalar 8:1—66

  • Äht sandygy ybadathanada (1—13)

  • Süleýmanyň halka aýdan sözi (14—21)

  • Ybadathananyň açylyş dabarasynda Süleýmanyň dogasy (22—53)

  • Süleýman halka ak pata berýär (54—61)

  • Gurbanlyklar we açylyş dabarasy (62—66)

8  Süleýman+ ysraýyl ýaşulularyny, taýpa baştutanlaryny we tirebaşylaryny ýygnady+. Olar Ýehowanyň äht sandygyny Dawudyň şäheri+ Siondan+ alyp gaýtmak üçin Süleýman patyşanyň ýanyna, Iýerusalime geldiler.  Bütin ysraýyl halky ýedinji aý, ýagny etanym* aýynda Çatma baýramyny bellemek+ üçin Süleýman patyşanyň huzuryna ýygnandy.  Ysraýylyň ähli ýaşululary gelende, ruhanylar äht sandygyny göterdiler+.  Ruhanylar bilen lewiler Ýehowanyň äht sandygyny, ýygnak çadyryny*+ we çadyryň içindäki mukaddes gap⁠-⁠gaçlary alyp gaýtdylar.  Süleýman patyşa we tutuş ysraýyl jemagaty äht sandygynyň öňünde durdy. Olar birgiden goýunlary we öküzleri gurbanlyk berdiler+.  Soňra ruhanylar Ýehowanyň äht sandygyny ybadathananyň içki otagyna, ýagny iň mukaddes otaga eltip, öz ýerinde+, keruplaryň+ ganatlarynyň aşagynda goýdular.  Keruplaryň ganatlary äht sandygynyň üstüne ýaýylyp, sandyga we taýaklaryna kölege salýardy+.  Taýaklar+ uzyn bolansoň, olaryň ujy içki otagyň öňündäki mukaddes otagdanam görnüp durdy, ýöne daşardan görünmeýärdi. Olar henizem şeýle dur.  Äht sandygynyň içinde Kanun ýazylgy iki daşdan+ başga zat ýokdy. Musa Horepde şol iki daşy sandyga salypdy+. Ysraýyllar Müsür ýurdundan çykyp gelýärkä+, Ýehowa olar bilen äht baglaşypdy+. 10  Ruhanylar mukaddes ýerden çykanda, Ýehowanyň öýüniň içini bulut+ gurşady+. 11  Bulutdan ýaňa ruhanylar hyzmatyny ýerine ýetirip bilmediler, sebäbi Ýehowanyň öýi Ýehowanyň şöhratyndan+ dolupdy. 12  Şonda Süleýman: «Ýehowa, sen tüm⁠-⁠garaňkylykda+ ýaşajakdygyňy aýdypdyň. 13  Men saňa baky mekanyň boljak+ şöhratly öý gurdum» diýdi. 14  Patyşa yzyna öwrülip, tutuş ysraýyl jemagatyna ak pata berdi. Şol wagt ysraýyllar aýak üstünde durdy+. 15  Süleýman şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şöhrat bolsun! Ol kakam Dawuda beren wadasyny berjaý etdi*. 16  Hudaý: „Ysraýyl halkymy Müsürden çykaran günümden bäri adymy beýgeltjek öý+ gurmak üçin ysraýyl taýpalarynyň hiç bir şäherini saýlamadym. Emma Dawudy ysraýyl halkyma baştutan edip saýladym“ diýipdi. 17  Kakam Dawudam Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň adyny göterýän öý gurmak isleýärdi+. 18  Emma Ýehowa: „Sen meniň adyma öý gurmak isleýäň, gowy niýetiň bar. 19  Ýöne öýi sen gurmarsyň. Adymy göterjek öýi seniň ogluň* gurar“+ diýdi. 20  Ýehowa beren sözünde durdy, men kakam Dawudyň mirasdüşeri boldum, Ýehowanyň wada berişi ýaly, Ysraýyl tagtyna geçdim. Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň adyna öýem gurdum+. 21  Äht sandygyny hem getirip goýdum. Sandygyň içinde Ýehowanyň ata⁠-⁠babalarymyzy Müsür ýurdundan çykaranda baglaşan ähti+ bar». 22  Süleýman Ýehowanyň gurbanlyk ojagynyň* hem⁠-⁠de tutuş ysraýyl jemagatynyň öňünde durup, elini göge galdyrdy⁠-⁠da+, 23  şeýle diýdi: «Eý Ysraýyl Hudaýy Ýehowa, ýerde⁠-⁠gökde seniň deý Hudaý ýokdur!+ Sen özüňe bütin ýürekden gulluk edýän bendeleriňe ýagşylyk edip*+, ähtiňi berjaý edýäň+. 24  Kakam Dawuda beren sözüňde⁠-⁠de durduň, wadaňy berjaý etdiň*+. 25  Eý Ysraýyl Hudaýy Ýehowa, indi guluň Dawuda: „Ogullaryň ünsli bolup, maňa sen ýaly wepaly gulluk etseler, Ysraýyl tagtynda hemişe seniň nesliň oturar“+ diýen wadaňy berjaý et. 26  Ysraýyl Hudaýy, haýyş edýärin, kakam Dawuda beren sözüňi ýerine ýetir. 27  Heý⁠-⁠de, Hudaý ýer ýüzünde ýaşarmy?+ Sen göklere, hatda ägirt uly asmana⁠-⁠da sygaňok ahyryn+. Meniň guran öýüm nädip sygdyrsyn?!+ 28  Eý Ýehowa Hudaýym, doga⁠-⁠dilegimi eşidip, menden razy bol, dady⁠-⁠perýadyma gulak asyp, haýyşymy bitir. 29  Goý, gözleriň gije⁠-⁠gündiz şu öýe seredip dursun, öýüňe bakyp doga edýän guluň dilegini eşit+. Sen: „Şu öý adymy göterer“+ diýipdiň. 30  Guluň dogasyny eşidip, razy bol. Ysraýyl halkyň öýüňe seredip dileg etse, olara jogap ber. Gökdäki mekanyňdan+ eşidip, olaryň günäsini geç+. 31  Bir adamy başga birine garşy günä etmekde aýyplap, ant içirseler, ol hem gargyşa galyp*, seniň öýüňdäki gurbanlyk ojagynyň öňüne gelse+, 32  gökden eşit⁠-⁠de, gullaryň işine seredip, adyl höküm çykar. Päliýaman adamyň günäsini paş edip, etmişine görä almytyny ber, bigünäni bolsa aklap, dogruçyllygy üçin sylagla+. 33  Ysraýyl halkyň saňa garşy günä edeni üçin, duşmandan ýeňilse+, soňam saňa ýüz tutup, adyňy şöhratlandyrsa+, senden rehim⁠-⁠şepagat diläp, öýüňde ýalbaryp doga etse+, 34  olary gökden eşit⁠-⁠de, halkyň günäsini geç, ata⁠-⁠babalaryna beren ýurduňa gaýtaryp getir+. 35  Olar saňa garşy günä edeni+ üçin, gök ýapylyp, ýagmyr ýagmadyk mahaly+, öýüňe seredip doga etseler, adyňy şöhratlandyrsalar, beren temmiňi kabul edip*, günälerine toba etseler+, 36  olary gökden eşit⁠-⁠de, gullaryň, ysraýyl halkyň günäsini geç. Olara öwüt⁠-⁠nesihat berip+, dogry ýola sal, ýöremeli ýoluny görkez, mülk edip beren ýurduňa ýagmyr ýagdyr+. 37  Eger ýurda açlyk düşse+ ýa mergi keseli dörese, howurly ýel öwüsse, ekinler heň bilen çüýrese+, çekirtge ýagyp, bar zady ýalmap ýuwutsa, ýa⁠-⁠da bir şähere duşman çozsa, nähili bela⁠-⁠beter, nähili kesel bolsa⁠-⁠da+, 38  bir adam ýa⁠-⁠da tutuş ysraýyl halky öýüňe tarap elini uzadyp, senden rehim⁠-⁠şepagat dilese+ (her kimiň öz ýürek derdi bardyr)+, 39  gökdäki mekanyňdan eşit⁠-⁠de+, olaryň günäsini geçip+, kömek et. Her kese eden işine görä hakyny ber+, sebäbi sen adamyň ýüregini görýäň, hawa, adamyň ýüregini diňe sen bilýäň+. 40  Goý, halk ata⁠-⁠babalarymyza beren ýurduňda bütin ömrüne saňa çuňňur hormat goýsun*. 41  Başga milletli adam uzak ýerden seniň adyň üçin gelip+, 42  öýüňe seredip doga etse (sebäbi olar hem beýik adyň+, güýç⁠-⁠kuwwatly goluň hakda eşiderler), 43  gökdäki mekanyňdan+ eşidip, başga milletli adamyň ähli haýyşyny bitir. Şonda ysraýyl halkyň ýaly, bütin ýer ýüzüniň halklary adyňy tanap, senden gorkar+ we guran öýümiň seniň adyňy göterýändigini biler. 44  Eger halkyňy duşman bilen söweşmäge iberseň+, olar hem saýlan şäheriňe+ we adyň üçin guran öýüme seredip+, Ýehowa Hudaýyna doga etse+, 45  gökden olaryň doga⁠-⁠dilegini eşidip, razy bol we duşmanlaryny ýeňmäge kömek et. 46  Eger halk saňa garşy günä etse (sebäbi günä etmeýän adam ýok)+, senem gaharlanyp, olary duşmanlaryň eline berseň, duşmanlar olary ýakyn ýa daş ýurda ýesirlige äkitse+, 47  olar hem ýesir düşen ýurdunda akylyna aýlanyp+, saňa ýüz tutsa+, ýesirlikde senden rehim⁠-⁠şepagat diläp+: „Biz günä etdik, dogry ýoldan sowlup, erbetlik etdik“+ diýip ýalbarsalar, 48  duşmanlaryň ýurdunda ýesirlikdekä, bütin ýüregi, bütin jany* bilen saňa dolansalar+, ata⁠-⁠babalaryna beren ýurduňa, saýlan şäheriňe we adyň üçin guran öýüme tarap seredip doga etseler+, 49  gökdäki mekanyňdan+ doga⁠-⁠dileglerini eşidip, olardan razy bol, dadyna ýetiş. 50  Halkyň saňa garşy eden günälerini, etmişlerini bagyşla. Ýesir alan duşmanlaryň olara haýpy geler ýaly, ýüreklerini ýumşat+. 51  Sebäbi olar seniň öz halkyň, mirasyň+. Olary gyzgyn tamdyrdan*, Müsürden çykardyň+. 52  Guluň ýa ysraýyl halkyň senden rehim⁠-⁠şepagat dilän wagty olary ünsli diňläp+, dogalaryna jogap ber+. 53  Älemiň Hökümdary Ýehowa, sen ata⁠-⁠babalarymyzy Müsürden çykardyň. Guluň Musa aýdyşyň ýaly, olary ähli halklaryň arasyndan mirasyň edip saýladyň»+. 54  Süleýman Ýehowanyň gurbanlyk ojagynyň öňünde dyza çöküp, elini göge galdyryp+, Ýehowa doga⁠-⁠dileg edip boldy⁠-⁠da, ýerinden turdy. 55  Soňra duran ýerinde tutuş ysraýyl jemagatyna ak pata berip, batly ses bilen şeýle diýdi: 56  «Ýehowa şöhrat! Ol wada berişi ýaly, ysraýyl halkyna parahatlyk* berdi+. Guly Musa arkaly aýdan gowy wadalarynyň ýekejesi⁠-⁠de ýerine ýetmän galmady+. 57  Goý, Ýehowa Hudaý ata⁠-⁠babalarymyzy goldaýşy ýaly+, bizi hem goldasyn, hiç wagt taşlamasyn, terk etmesin+. 58  Goý, Hudaý ýüregimizde öz ýolundan ýöremäge höwes döretsin+. Şonda ata⁠-⁠babalarymyza beren tabşyryklaryny, kanunlaryny we hökümlerini ýürekden berjaý ederis. 59  Ýehowa Hudaýyma ýalbaryp eden dilegimi Ýehowa hiç haçan unutmasyn*, guluny we ysraýyl halkyny her gün goldasyn. 60  Şonda ýer ýüzüniň ähli halklary Ýehowanyň hak Hudaýdygyny+, ondan başga Hudaýyň ýokdugyny+ biler. 61  Ýehowa Hudaýymyza bütin ýüregiňiz bilen gulluk edip+, kanunlaryny we tabşyryklaryny häzirkiňiz ýaly berjaý ediň». 62  Soňra patyşa we tutuş ysraýyl halky Ýehowanyň huzurynda köp gurbanlyklary berdi+. 63  Süleýman 22 000 öküzi, 120 000 goýny Ýehowa parahatlyk gurbanlygy edip hödürledi+. Süleýman patyşa we ähli ysraýyllar Ýehowanyň öýüniň açylyş dabarasyny geçirdi+. 64  Şol gün patyşa Ýehowanyň öýündäki howlynyň ortasyny mukaddes etdi. Ol ýakma gurbanlyklary, galla sadakalary we parahatlyk gurbanlyklaryň ýagyny howlynyň ortasynda ýakmaly boldy. Sebäbi Ýehowanyň huzuryndaky misden ýasalan gurbanlyk ojagy+ kiçi bolansoň, ýakma gurbanlyklary, galla sadakalary we parahatlyk gurbanlyklaryň ýagy+ sygmady. 65  Süleýman tutuş ysraýyl halky bilen baýram etdi+. Lebo⁠-⁠hamatdan* tä Müsür jülgesine+ çenli aralykda ýaşaýan adamlaryň hemmesi gelipdi. Olar Ýehowa Hudaýyň huzurynda 7 gün, soňra ýene 7 gün, jemi 14 günläp baýram etdiler. 66  Ertesi gün Süleýman halky öýli⁠-⁠öýüne iberdi. Olar Ýehowanyň guly Dawuda we ysraýyl halkyna eden ýagşylyklaryna+ begenip, ýürekden şatlanyp, patyşa alkyş okap, öýlerine gaýtdylar.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: dili bilen aýdanyny eli bilen etdi.
Sözme⁠-⁠söz: biliňden önen ogluň.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgiňi bildirip.
Ýa⁠-⁠da: diliň bilen aýdanyňy eliň bilen etdiň.
Adam ýalandan ant içse ýa⁠-⁠da içen antyny bozsa, gargyşa galýardy.
Ýa⁠-⁠da: olary peseldendigiňe düşünip.
Sözme⁠-⁠söz: senden gorksun.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: demir eredýän peçden.
Ýa⁠-⁠da: parahat ýurt.
Sözme⁠-⁠söz: Hudaýyň gije⁠-⁠gündiz ýanynda bolsun.
Ýa⁠-⁠da: Hamatyň girelgesinden.