Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

4-NJI SORAG

Men ýalňyşymy düzetmek üçin näme edip bilerin?

Men ýalňyşymy düzetmek üçin näme edip bilerin?

MUNY BILMEK NÄME ÜÇIN WAJYP?

Sen ýalňyşyňy boýun almagy öwrenseň, jogapkär we ynamdar adam bolup ýetişersiň.

SEN NÄME EDERDIŇ?

Şeýle ýagdaýy göz öňüne getir: Tim dostlary bilen top oýnap ýörkä, goňşularynyň aýnasyny döwýär.

Eger sen Timiň ýerine bolsaň näme ederdiň?

SAKLAN WE OÝLAN!

SENDE ÜÇ ÇYKALGA BAR:

  1. 1 Ökjäni götermeli.

  2. 2 Günäni başga biriniň üstüne atmaly.

  3. 3 Ähli zady boýun alyp, goňşyňa aýnanyň puluny tölejekdigiňi aýtmaly.

Elbetde, seniň 1-nji usuly saýlasyň geler. Ýöne aýna döwseň-de ýa-da başga bir zat etseň-de, ýalňyşyňy boýun almagyň köp peýdasy bar.

ÝALŇYŞYŇY BOÝUN ALMAGYŇ ÜÇ SEBÄBI

  1. Bu dogry ädim.

    Ýewreýler 13:18-de: «Ähli zatda özümizi dogruçyl alyp barmak isleýäris» diýilýär.

  2. Köplenç ýalňyşyny boýun alýan adamy aňsatlyk bilen bagyşlaýarlar.

    Süleýmanyň tymsallary 28:13-de: «Günälerini ýaşyrýan üstünlik gazanmaz; günälerini boýun alyp, oňa ökünýänlere bolsa rehim ediler» diýilýär.

  3. Iň esasy zat bolsa, Hudaýy begendirýärsiň.

    Süleýmanyň tymsallary 3:32-de: «Azgyn adam Rebbe ýigrenjidir; Rebbiň ýaranlygy bolsa gönüler bilendir» diýilýär.

20 ýaşly Karina ulagy ýokary tizlikde sürendigi üçin jerime tölemeli bolýar. Ol muny kakasyndan gizlese-de, barybir üsti açylýar. Karina şeýle gürrüň berýär: «Bir ýyl geçensoň kakam jerime tölän kagyzymy gördi. Bu maňa köp zyýan getirdi».

Mundan näme öwrense bolýar? Karina şeýle diýýär: «Etmişiňi gizleseň, ýagdaýy has-da kynlaşdyrýan ekeniň. Sen iru-giç onuň erbet netijesini görýärsiň».

ÝALŇYŞYŇDAN SAPAK EDIN

Injilde: «Biziň ählimiz köp ýalňyşýarys» diýilýär (Ýakup 3:2). Görşümiz ýaly, ýalňyşyny, esasan-da, dessine boýun alýan adam kiçigöwünlidigini we jogapkärdigini görkezýär.

Indiki ädim — goýberen ýalňyşyňdan sapak edinmeli. Wera şeýle diýýär: «Men goýberen ýalňyşlygymdan sapak edinmäge çalyşýaryn. Bu maňa öz üstümde işlemäge we gelejekde şeýle ýagdaýa düşenimde, baş alyp çykmaga kömek eder». Gel, senem ýalňyşanyňda näme edip biljekdigiňe seredeli.

Aýdaly, sen doganyň welosipedini sürüp, bir ýerini döwdüň. Şonda sen näme edersiň?

  • Doganyň muny bilmez öýdüp, oňa hiç zat aýtmaýarsyň.

  • Oňa ähli zady bolşy ýaly gürrüň berýärsiň.

  • Gürrüň berseň-de, başga birini günäkärleýärsiň.

Gowy taýýarlyk görmändigiň üçin synagdan ýykylýarsyň. Şonda sen näme edersiň?

  • «Soraglar kyn eken» diýýärsiň.

  • Gowy taýýarlyk görmändigiňi boýun alýarsyň.

  • «Mugallym muny bilgeşleýin etdi» diýýärsiň.

Öňki eden ýalňyşlyklaryň barada hemişe oýlanyp ýörmek edil ulagda barýarkaň diňe yzyňa sereden ýalydyr

Indi ýokarda getirilen mysallar barada oýlanyp, özüňi 1) doganyň we 2) mugallymyň ýerine goýup gör. Eger sen ýalňyşyňy boyun alsaň, doganyň we mugallymyň muňa nähili garar? Tersine, etmişiňi gizleseň, olar sen barada näme pikir eder?

Indi bolsa geçen ýylyň dowamynda eden ýalňyşyň barada oýlan we aşakda getirilen soraglara jogap ber.

Nähili ýalňyşlyk goýberdiň? Şonda sen näme etdiň?

  • Gizledim.

  • Başga birini günäkärledim.

  • Etmişimi boýun aldym.

Eger sen ýalňyşyňy boýun almadyk bolsaň, özüňi nähili duýupdyň?

  • Gowy. Hiç kimem bilmedi.

  • Gaty erbet boldum. Dogrumy aýdaýmaly ekenim.

Şonda näme eden bolsaň gowy bolardy?

Sen eden ýalňyşyňdan nähili sapak edindiň?

NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?

Näme üçin käbir adamlar eden ýalňyşlyklaryny boýun almaýarlar?

Hemişe ýalňyşyňy gizleýän bolsaň, adamlar sen hakda näme pikir eder? Eger boýun alýan bolsaň, onda olar näme diýer? (Luka 16:10).