Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

151-NJI AÝDYM

Ol çagyrar

Ol çagyrar

(Eýýup 14:13—15)

  1. 1. Durmuş örän gysga misli ümür,

    Üzülýär ömür bagy.

    Şeýle bir tiz geçip gidýär ömür,

    Diňe gam-gussa, agy.

    Ölen adamlar ýene ýaşarmy?

    Ýehowa wada berýär:

    GAÝTALAMA:

    «Çagyrsam eziz balamy,

    Dessine jogap berer.

    Ellerimiň işini

    Ýene göresim geler.

    Şübhelenmäň, iman ediň,

    Ölümi ýok ederin.

    Oglumy hem gyzymy

    Hiç haçan unutmaryn».

  2. 2. Wepaly dosty ötse dünýäden,

    Hudaý salar ýadyna.

    Azat eder ölümden, günäden

    Wagty gelen badyna.

    Hemmeler gowşar ýakynlaryna,

    Ýeterler umydyna.

    GAÝTALAMA:

    «Çagyrsam eziz balamy,

    Dessine jogap berer.

    Ellerimiň işini

    Ýene göresim geler.

    Şübhelenmäň, iman ediň,

    Ölümi ýok ederin.

    Oglumy hem gyzymy

    Hiç haçan unutmaryn».