Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

JW LIBRARY

«Bellikler» funksiýasyny ulanmak. Android

«Bellikler» funksiýasyny ulanmak. Android

Okan ýeriňi tapmak üçin kitabyň arasyna bellik goýşuň ýaly, «JW Library» programmasynda hem bellik goýup bolýar. Her edebiýat üçin on sany bellik bar.

Bellik goýmak üçin aşakdaky görkezmelere eýeriň.

 Täze bellik goýmak

Siz makalada, bapda, aýratyn bir abzasa ýa-da aýada bellik goýup bilersiňiz.

Makalada ýa-da bapda bellik etmek üçin Bellikler düwmesine basyň. Şonda birnäçe bellik şekilini görersiňiz. Okaýan babyňy ýa-da makalaňy bellik etmek üçin, şolaryň birine basyň.

Aýratyn bir abzasy ýa-da aýady bellik etmek üçin, ilki bilen, tekstiň üstüne basyň, soňra ekranyň ýüzüne çykan Bellikler düwmesine basyň.

 Belligiňi tapmak

Edebiýatda goýan belligiňizi tapmak üçin, şol edebiýaty açyň. Soňra Bellikler düwmesine basyp, gerekli belligiňizi saýlaň.

 Belligiňi üýtgetmek

Goýan belligiňizi aýryp ýa-da çalşyp bolýar.

Munuň üçin, Bellikler düwmesine basyň, soňra aýyrmak isleýän belligiňiziň sag burçundaky üç nokada basyň. Aýyr diýen söze basyň.

Goýan belligiňizi çalyşmak üçin, Bellikler düwmesine basyň, soňra çalyşmak isleýän belligiňiziň sag burçundaky üç nokada basyň. Çalyş diýen söze basyň. Şonda öňki bellik aýrylyp, häzirki okaýan ýeriňiz bellik ediler. Bu size okaýan edebiýatyňyzyň, meselem, Mukaddes Kitaby her gün okanyňyzda onuň niresinde galanyňyzy bilmäge kömek eder.

Şu funksiýalar 2014-nji ýylyň maýynda çykan «JW Library» 1.2 wersiýasyna goşuldy. Ol Android 2.3 ýa-da ondan soňky wersiýalarynda işleýär. Eger siz şu funksiýalary görmeýän bolsaňyz, «JW Library» programmany ulanyň. Android» diýen makalanyň içindäki «Täze funksiýalar» diýen bölümde berilýän görkezmä eýeriň.