Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

JW LIBRARY

«JW Library» programmany ulanyň. Android

«JW Library» programmany ulanyň. Android

«JW Library» programmasynda hoş gördük! Bu programma Mukaddes Kitaby okamak we öwrenmek üçin çykaryldy. Siz programmanyň esasy fuksiýalaryny menýudan tapyp bilersiňiz. Menýuny açmak üçin, ekranyň çep gyrasyna basyp, saga süýşüriň ýa⁠-⁠da ekranyň çep burçunda ýerleşýän üç çyzyga (Menýu düwmesine) basyň.

 Mukaddes Kitap

Mukaddes Kitap bölüminden ony okap we terjimelerini gurnap bilersiňiz. Mukaddes Kitabyň bir kitabyny saýlaň, soňra babyny saýlap, okap bilersiňiz. Okanyňyzda, çykgytlary, parallel aýatlary we başga terjimeleri Öwrenmek diýen goşmaça panelden görüp bilersiňiz.

Başga aýatlary görmek üçin menýuny açyň we Mukaddes Kitaby saýlasaňyz, ýene⁠-⁠de kitaplaryň tertibini görersiňiz.

 Edebiýatlar

Edebiýatlar bölüminde olaryň okalýan, audio we wideo görnüşini görersiňiz. Edebiýaty saýlaň, soňra okamak üçin makalany saýlaň. Okanyňyzda, getirilen aýatlary görüp bilersiňiz. Aýady saýlanyňyzda, ony Öwrenmek diýen goşmaça panelden görersiňiz. Şu paneldäki aýadyň üstüne bassaňyz, ony Mukaddes Kitapdan görüp bilersiňiz.

Başga edebiýatlary görmek üçin menýuny açyň we Edebiýatlar bölümini saýlanyňyzda, ýene⁠-⁠de edebiýatlaryň sanawuny görersiňiz.

 Her günki aýat

Menýuny açsaňyz, Her günki aýat bölüminden şu günki aýady görersiňiz.

 Onlaýn

Menýunyň Onlaýn bölüminde biziň resmi web saýtlarymyza girip bilersiňiz.

 Täze funksiýalar

Enjamyňyzda «JW Library» programmanyň iň soňky wersiýasynyň gurnalandygyna göz ýetiriň.

Şeýle⁠-⁠de enjamyňyzda Androidyň iň soňky wersiýasyny gurnasaňyz gowy bolar. Köpräk bilmek üçin aşakdaky salga girip bilersiňiz. https://support.google.com/nexus/answer/4457705?hl=ru.

«JW Library» programmasyny awtomatik usul bilen täzelenip durar ýaly etseňiz has amatly bolýar. Siz bu funksiýany enjamyňyzyň sazlamalar bölüminden tapyp bilersiňiz. Köpräk bilmek üçin aşakdaky salga giriň. https://support.google.com/googleplay/answer/113412?hl=ru.