Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

5-NJI BÖLÜM

Nuhuň tupany. Kim gulak asdy, kim asmady?

Nuhuň tupany. Kim gulak asdy, kim asmady?

Nuh pygamberiň günlerinde köp adamlar erbet işleri etdiler. Gelip çykyş 6:5

Adam ata bilen How enäniň çagalary doguldy we ýer ýüzünde adamlar köpeldi. Wagtyň geçmegi bilen käbir perişdeler Şeýtanyň pitnesine goşuldy.

Olar aýallara öýlenmek üçin ynsan keşbine girdiler. Şol aýallar äpet, güýçli we zalym adamlary dogurdylar.

Dünýä zalym adamlardan doldy. Mukaddes Ýazgylarda: «Bütin dünýädäki adamzadyň betpälliginiň juda çökderdigini, olaryň kalbyndaky oý-pikirleriniň we niýetleriniň hemişe pislikden doludygyny gördi» diýilýär.

Nuh pygamber Hudaýa gulak asyp, gämi gurdy. Gelip çykyş 6:13, 14, 18, 19, 22

Nuh pygamber gowy adamdy. Ýehowa Nuh pygambere erbet adamlary tupanda ýok etjekdigini aýtdy.

Şeýle-de Hudaý Nuha uly gämi ýasamagy we öz maşgalasyny hem-de dürli haýwanlary oňa salmagy tabşyrdy.

Nuh adamlara tizden Tupanyň boljakdygyny duýdurdy, ýöne olar diňlemediler. Käbir adamlar Nuh pygamberiň üstünden güldüler, käbirleri bolsa ony ýigrendiler.

Gämi taýyn bolanda, Nuh haýwanlary onuň içine salýar.