Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 7-NJI BÖLÜM

Isa pygamber kimdi?

Isa pygamber kimdi?

Ýehowa Isa pygamberi ýer ýüzüne iberdi. 1 Ýahýa 4:9

Eger biz Ýehowa ýaranmak islesek, onuň Ogluna hem gulak asmaly. Ýehowa ony Adam atany ýaratmazyndan öň gökde güýçli perişde edip ýaratdy.

Wagtyň geçmegi bilen, Ýehowa bu Ogluny Beýtullahamda päk gyz Merýemden doglar ýaly ugratdy. Çaganyň adyna Isa dakýarlar (Ýahýa 6:38).

Isa ýer ýüzünde ýaşanda Hudaýyň kämil häsiýetlerini görkezdi. Ol mähirli, aladaçyl adamdy we onuň bilen arkaýyn gürleşip bolýardy. Ol mertlik bilen adamlara Ýehowa barada hakykaty öwredýärdi.

 Isa pygamber ýagşylyk etse-de, adamlar ony ýigrendi. 1 Petrus 2:21—24

Dini ýolbaşçylar Isany ýigrenýärdiler, sebäbi ol olaryň ýalan taglymatlaryny we erbet işlerini paş edýärdi.

Isa syrkawlary sagaltdy we ölüleri direltdi.

Rimliler dini ýolbaşçylara ynanyp, Isany urdular we öldürdiler.