Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EÝÝUP 33—37

Hakyky dost peýdaly maslahat berýär

Hakyky dost peýdaly maslahat berýär

Elihu Eýýup pygamber bilen gepleşip, oňa maslahat berende aýdan sözleri we özüni alyp barşy Elipazyňkydan, Bildadyňkydan we Soparyňkydan düýpgöter tapawutlanýardy. Ol özüniň hakyky dostdugyny, peýdaly maslahat berýän we görelde almaga mynasyp adamdygyny görkezýär.

PEÝDALY MASLAHAT BERMÄGE KÖMEK EDÝÄN HÄSIÝETLER

ELIHU GÖRELDE GALDYRDY

32:4—7, 11, 12; 33:1

 

  • SABYRLYLYK

  • ALADAÇYL

  • SYPAÝYÇYLYK

 
  • Elihu özünden uly adamlar gepläp bolýança sabyrly garaşýar.

  • Ol ünsli diňläp, ýüze çykan kynçylyga gowy düşünenden soň maslahat berýär.

  • Ol Eýýubyň adyny tutup, edil dosty ýaly gepleşýär.

 

33:6, 7, 32

 

  • PESGÖWÜNLILIK

  • GÖWNAÇYKLYK WE MÄHIRLILIK

  • ADAMYŇ DUÝGUSYNA DÜŞÜNMEK

 
  • Elihu pesgöwünli we mähirlidi hem-de özüniň bikämildigine düşünýärdi.

  • Ol Eýýubyň ejir çekýändigine gaty gynanýar.

 

33:24, 25; 35:2, 5

 

  • PAÝHASLYLYK

  • MYLAKATLYLYK

  • HUDAÝYŇKY ÝALY GARAÝYŞDA BOLMAK

 
  • Elihu ýumşaklyk bilen Eýýubyň nädogry garaýyşdadygyny aýdýar.

  • Ol Eýýuba öz gözünde dogry bolmagyň wajyp däldigine göz ýetirmäge kömek edýär.

  • Elihunyň beren peýdaly maslahatlary Eýýuby Ýehowanyň başga-da görkezmelerini kabul etmäge taýýarlaýar.