Eýýup 32:1—22

  • Ýaş Alyhuw gürrüňe goşulýar (1—22)

    • Eýýuba we dostlaryna gahary gelýär (2, 3)

    • Hormat bilen garaşýar (6, 7)

    • «Akyldarlyk diňe ýaşulularda bolmaýar» (9)

    • Gepläp içini sowatmakçydygyny aýdýar (18—20)

32  Şeýlelikde, olaryň üçüsem jogap bermediler, sebäbi Eýýup özüniňkini dogry hasaplaýardy+.  Emma Ram neslinden buzlardan+ Berekeniň ogly Alyhuwyň gany gyzdy. Eýýubyň Hudaýy däl⁠-⁠de, özüni dogry hasaplaýandygyny görüp, gazap donuny geýdi+.  Ol Eýýubyň üç dostuna⁠-⁠da gaharlandy. Sebäbi olar Eýýuba jogap berip bilmediler, Hudaýy günäkärlediler+.  Alyhuw ýaşkiçidi, şonuň üçin Eýýubyň sözüni bölmän, garaşyp oturdy+.  Üç dostunyň aýdara zat tapmaýandygyny görüp, Alyhuwyň gahary has⁠-⁠da tutaşdy.  Soňra buzlardan Berekeniň ogly Alyhuw söze başlady: «Men ýaş, siziň ýaşyňyz bir çene ýetdi+. Size hormat goýup, sesimi çykarmadym+,Bilenlerimi aýtmaga ýürek etmedim.   Men: „Goý, ýaşulular geplesin,Garrylar nesihat bersin“ diýdim.   Emma ynsana düşünje berýän+ mukaddes ruhdur,Gudratygüýçlüniň demidir.   Akyldarlyk diňe ýaşulularda bolmaýar,Düşünje diňe garrylarda bolmaýar+. 10  Şonuň üçin: „Meni diňläň!Menem bilenimi aýdaýyn“ diýdim. 11  Men siziň aýtjak sözleriňize garaşdym;Siziň pikirlenip aýdan sözleriňize gulak asdym+. 12  Men sizi ünsli diňledim,Hiç biriňiz Eýýubyň günäsini ýüzüne basyp bilmediňiz.Onuň delillerine jogap berip bilmediňiz. 13  Şonuň üçin: „Biz köpi gören adamlar!Adam däl⁠-⁠de, Hudaý Eýýubyň ýalňyşyny görkezer“ diýmäň. 14  Men siziň delilleriňizi getirmerin,Eýýup maňa garşy bir sözem aýtmady. 15  Siz aljyrap, aýdara söz tapmadyňyz,Sesiňize suw sepilen ýaly boldy. 16  Garaşdym, siz dymdyňyz,Geplemän durduňyz, jogap bermediňiz. 17  Indi men gepläýin, jogap bereýin;Bilenimi aýdaýyn. 18  Aýdara sözüm köp,Mukaddes ruh meni gepledýär. 19  Şerapdan doly, agzy baglyTäze meşik kimin ýaryljak bolýaryn+. 20  Rugsat beriň, gepläp içimi sowadaýyn! Dilim bilen jogap bereýin. 21  Hiç kimi ala tutmaryn+,Hiç kime ýaranjaňlyk etmerin. 22  Men ýaranjaňlyk etmegi başarmaýaryn,Eger eden bolsam, Ýaradan meni dessine ýok ederdi.

Çykgytlar