Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

52-NJI AÝDYM

Ömrüňizi Ýehowa bagyş ediň

Ömrüňizi Ýehowa bagyş ediň

(Ýewreýler 10:7, 9)

  1. 1. Ýehowa Hudaý ýaratdy

    Giň älem-jahany.

    Gudraty bilen döretdi

    Ýeri hem asmany.

    Ýehowa ýaşaýyş berdi

    Ýaradan zadyna.

    Alkyş aýdyň Beýik Hudaýa,

    Şöhrat bolsun adyna.

  2. 2. Isa hakykaty söýüp,

    Çümdürildi suwa.

    «Islegiňi etjek» diýip,

    Söz berdi Ýehowa.

    Derýadan çykan badyna,

    Saýlan Ogly boldy.

    «Atam, islegiň bolsun!» diýip,

    Mydam wepaly boldy.

  3. 3. Eý mähriban Hudaýymyz,

    Ýygnandyk öýüňe.

    Bagyş etdik ömrümizi,

    Seniňki biz diňe.

    Eziz Ogluňy iberip,

    Bizi halas etdiň.

    Ýaşasak-da, ölsek-de indi,

    Berjaý bolsun islegiň.