Luka 9:1—62

  • Wagyz babatda görkezme (1—6)

  • Hirodes Isa geň galýar (7—9)

  • Isa 5 000 adamy doýurýar (10—17)

  • Petrus Isanyň Mesihdigini aýdýar (18—20)

  • Isanyň öljekdigi aýdylýar (21, 22)

  • Hakyky şägirtler (23—27)

  • Isanyň daş keşbi üýtgeýär (28—36)

  • Jynly oglan sagalýar (37—43a)

  • Isanyň öljekdigi ýene⁠-⁠de aýdylýar (43b—45)

  • Şägirtler dawalaşýar (46—48)

  • Bize garşy çykmadyk biziň tarapymyzda (49, 50)

  • Samariýada Isany kabul etmeýärler (51—56)

  • Isanyň yzyna düşmek (57—62)

9  Isa 12 resulyny ýanyna çagyryp, jynlary kowup çykarmaga+, syrkawlary sagaltmaga güýç we ygtyýar berdi+.  Şeýle⁠-⁠de olary Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etmäge we syrkawlary sagaltmaga iberip:  «Ýanyňyz bilen hiç zat almaň: ne hasa, ne iýmit, ne torba, ne pul*, ne⁠-⁠de eşik+.  Haýsy öýe barsaňyz, gaýdýançaňyz, şol ýerde boluň+.  Adamlar sizi kabul etmese, şäherden çykyp barýarkaňyz, duýduryş hökmünde aýagyňyzyň tozanyny kakyň»+ diýdi.  Şondan soň olar oba⁠-⁠oba aýlanyp, ähli ýerlerde hoş habary wagyz etdiler we syrkawlary sagaltdylar+.  Welaýat häkimi* Hirodes* hem bolýan zatlary eşidip, örän aljyrady, sebäbi adamlaryň käbiri Ýahýa direlipdir diýýärdiler+.  Käbirleri Ylýas pygamber gelipdir, başgalar bolsa öňki pygamberleriň biri direlipdir diýişýärdiler+.  Hirodes: «Men Ýahýanyň kellesini kesdim+. Onda halk kimiň gürrüňini edýärkä?» diýip, Isany görmek isleýärdi+. 10  Resullar gaýdyp gelenlerinde, eden işlerini Isa gürrüň berdiler+. Şonda Isa hiç kime bildirmän olar bilen Beýtsaýda şäherine gitdi+. 11  Märeke muny bilip, Isanyň yzyna düşdi. Emma Isa adamlary mähirli garşylap, Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň berdi, syrkawlary sagaltdy+. 12  Gün ýaşyp barýarka, 12 resul Isanyň ýanyna gelip: «Bäri çola, märekäni iber, töwerekdäki obalara gidip, ýatara ýer tapsynlar, iýere zat satyn alsynlar»+ diýdiler. 13  Isa resullaryna: «Olara siz iýere zat beriň»+ diýdi. Olar: «Bizde diňe bäş çörek bilen iki balyk bar. Adamlara çöregi biz satyn alalymy?» diýdiler. 14  Ol ýere 5 000⁠-⁠e golaý erkek adam ýygnanypdy. Isa şägirtlerine: «Adamlary elli⁠-⁠elliden toparlara bölüp oturdyň» diýdi. 15  Olar hem Isanyň aýdyşy ýaly etdiler. 16  Isa bäş çörek bilen iki balygy aldy⁠-⁠da, göge bakyp doga etdi*. Soňra olary bölüşdirip, şägirtlerine berdi, olar hem märekä paýladylar. 17  Adamlar iýip doýdular. Artyp galan zatlary ýygnanlarynda, 12 sebet doldy+. 18  Bir gün Isa ýeke özi doga edip otyrka, ýanyna şägirtleri geldiler. Isa olardan: «Adamlar maňa kim diýýär?»+ diýip sorady. 19  Olar hem: «Käbiri suwa çümdürýän Ýahýa, käbiri Ylýas, käbiri bolsa öňki pygamberleriň biri direlipdir diýýärler»+ diýip jogap berdiler. 20  Isa olara: «Siz maňa kim diýýärsiňiz?» diýdi. Şonda Petrus: «Sen Hudaýyň iberen Mesihi»+ diýip jogap berdi. 21  Isa muny hiç kime aýtmazlygy berk tabşyryp+: 22  «Ynsan ogly ýaşulularyň, uly ruhanylaryň we kanunçylaryň elinden köp ejir çeker, ondan ýüz öwrerler, öldürerler+, ýöne ol üçünji gün direler»+ diýdi. 23  Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Kim meniň yzyma eýermek islese, özünden geçsin⁠-⁠de+, jebir pürsüni* alyp, her gün yzyma düşsün+. 24  Kim janyny* halas etmek islese, ony ýitirer. Meniň ugrumda janyny ýitiren ony halas eder+. 25  Adam dünýäniň bar mal⁠-⁠mülküni edinse⁠-⁠de, janyny ýitirse ýa⁠-⁠da özüne zyýan ýetirse näme peýdasy bar?+ 26  Kim meniň şägirdimdigine, sözlerime ynanýandygyna utansa, Ynsan ogly⁠-⁠da şan⁠-⁠şöhraty, Atasynyň we mukaddes perişdeleriň şan⁠-⁠şöhraty bilen gelende, oňa şägirdim diýmäge utanar+. 27  Size hakykaty aýdýaryn, şu ýerde duranlaryň käbiri Hudaýyň Patyşalygyny görmän ölmez»+. 28  Isanyň şu sözleri aýdanyna takmynan sekiz gün geçdi. Şonda Isa Petrus, Ýahýa we Ýakup bilen doga etmäge daga çykdy+. 29  Doga edip durka, onuň ýüz keşbi üýtgedi, egin⁠-⁠eşigi ap⁠-⁠ak boldy. 30  Birdenkä iki adam peýda bolup, Isa bilen gepleşip başlady. Olar Musa bilen Ylýasdy. 31  Olar nur kimin şöhle saçýardy hem⁠-⁠de Isanyň şu dünýäden gitjekdigi barada we Iýerusalimde bolmaly zatlar hakda gürrüň edýärdiler+. 32  Petrusy, Ýahýany we Ýakuby agyr uky basýardy, ýöne olar ukusyndan açylyp, Isanyň şöhratyny+ hem⁠-⁠de ýanynda duran iki adamy gördüler. 33  Olar Isanyň ýanyndan gidip barýarkalar, Petrus: «Mugallym, bäri gowy ekeni. Rugsat berseň, üç çadyr guraly: birini saňa, birini Musa, birini Ylýasa» diýdi. Emma Petrus näme diýýändigine düşünmeýärdi. 34  Petrus heniz gepläp durka, olaryň daşyny bulut gurşady. Şägirtler muňa juda gorkdular. 35  Şonda bulutdan: «Ine meniň Oglum, meniň saýlanym+. Ogluma gulak asyň!»+ diýen ses eşidildi+. 36  Olar sesi eşidende, Isanyň ýanynda hiç kim ýokdy. Şägirtleri bolsa gören zatlaryny şol wagt hiç kime aýtmadylar+. 37  Ertesi gün olar dagdan düşenlerinde, Isanyň öňünden uly märeke çykdy+. 38  Märekäniň arasyndan bir adam gygyryp: «Mugallym, ýalbarýaryn, ogluma kömek et! Ol meniň ýalňyz perzendim+. 39  Jyn oglumyň tutgaýyny tutduranda, ony gygyrdyp, güýçli sandyradýar. Oglumyň agzyny köpürjikledýär, ony halys ysgyndan gaçyrýar, diňe şondan soň oglumdan el çekýär. 40  Onuň içinden jyny çykarmagy şägirtleriňe haýyş etdim, ýöne başarmadylar» diýdi. 41  Isa: «Eý imansyz we azgyn nesil!+ Men haçana çenli siziň bilen bolmaly? Haçana çenli size çydamaly? Ogluňy ýanyma getir»+ diýdi. 42  Oglan Isanyň ýanyna baranda, jyn ony ýere pylçap urdy we tutgaýyny tutdurdy. Isa jyna käýedi⁠-⁠de, oglany sagaldyp, kakasyna tabşyrdy. 43  Adamlar Hudaýyň gudratyny görüp, haýran galdylar. Olar geň galyşyp durka, Isa şägirtlerine: 44  «Meni ünsli diňläp, sözlerimi ýadyňyzda saklaň: Ynsan ogly duşmanlaryň eline berler»+ diýdi. 45  Emma şägirtleri onuň aýdanlaryna düşünmediler, sebäbi sözleriň manysy olara açylmandy. Isadan soramaga⁠-⁠da çekinýärdiler. 46  Şägirtler öz aralarynda kimiň uludygy barada jedelleşýärdiler+. 47  Isa olaryň ýüregindäkini bilip, bir çagany çagyrdy⁠-⁠da, ýanynda durzup: 48  «Meniň hatyrama kim şeýle çagany kabul etse, meni kabul edýändir. Meni kabul edýän bolsa diňe meni däl, meni Ibereni⁠-⁠de kabul edýändir+. Araňyzda kim özüni peseltse, ol beýik bolar»+ diýdi. 49  Ýahýa: «Mugallym, bir adam seniň adyň bilen jynlary çykarýan ekeni. Biz oňa gadagan etjek bolduk, sebäbi ol yzymyza düşenok»+ diýdi. 50  Isa olara: «Oňa degmäň, size garşy çykmadyk adam siziň tarapyňyzdadyr» diýdi. 51  Isanyň göge galmaly wagty golaýlanda+, Iýerusalime gitmegi ýüregine düwdi. 52  Ol käbir şägirtlerini öňünden iberdi. Olar hem Isa gerekli zatlary taýýarlamak üçin Samariýanyň bir obasyna gitdiler. 53  Emma samariýalylar Isany kabul etmediler+, sebäbi ol Iýerusalime gitmegi ýüregine düwüpdi. 54  Ýakup bilen Ýahýa+ muny görüp: «Halypam, gökden ot ýagdyryp, olary ýok edelimi?»+ diýdiler. 55  Isa olara seredip, ikisine⁠-⁠de käýedi. 56  Soňra Isa şägirtleri bilen başga oba gitdi. 57  Ýolda barýarkalar, bir adam Isa: «Sen nirä gitseň, seniň bilen giderin» diýdi. 58  Isa: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bar, ýöne Ynsan oglunyň başyny goýara⁠-⁠da ýeri ýok»+ diýdi. 59  Isa başga birine: «Meniň yzyma düş» diýdi. Ol bolsa: «Halypam, maňa öňürti kakamy jaýlamaga rugsat ber»+ diýdi. 60  Isa: «Goý, ölüleri ölüler+ jaýlasyn! Sen bolsa gidip, Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz et»+ diýdi. 61  Başga biri gelip: «Halypam, seniň yzyňa eýererin, ýöne ilki öýdäkiler bilen hoşlaşaýyn» diýdi. 62  Isa: «Azaly eline alyp, yzyna seredýän adam+ Hudaýyň Patyşalygyna girmäge mynasyp däldir»+ diýdi.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: kümüş.
Sözme⁠-⁠söz: tetrarhy.
Ýagny Hirodes Antipas. Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: pata berdi.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.